Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Aziýa oýunlarynyň açylmagynyň öň ýanynda eýesiz itleri öldürdiler


Aşgabat, eýesiz it
Aşgabat, eýesiz it

15-nji sentýabr agşamy, ýerli wagt bilen gije sagat 12-lerde, tumarynda it şekillendirilen V Aziýa oýunlarynyň açyljak günüiň öň ýanynda, Aşgabat şäheriniň 30-njy mikroraýonynda eýesiz jandarlary tutmak we öldürmek çäresi geçirildi.

Azatlygyň ýerli çeşmesiniň maglumatyna görä, Aşgabat şäheriniň jemagat hojalygynyň öýsüz jandarlary awlaýan işgärleri bu ýerebir awtobusda geldiler we janawerleri armatur simleri bilen urup öldürdiler.

Çeşmäniň sözlerine görä, haýwanlary awlamaga gelen adamlar bir awtobusy doldurýardy we olar tutuş 30-njy mikroraýona ýaýrap, eýesiz it-pişikleri gözlediler. “30-njy mikroraýondaky eýesiz itleriň ählisini urup öldürdiler” diýip, çeşmäniň maglumatynda aýdylýar.

Türkmen paýtagtynda nobatdaky it öldürmek çäresi Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçirlýän 5-nji Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň öň ýanyna gabat geldi.

Şu arada türkmen metbugaty türkmenistanly türgenleriň eýýäm ýaryşlara başlap, altyn we kümüş medallary gazanandyklaryny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleriniň paýtagtda eýesiz jandarlary öldürmek we ýok etmek ugrunda edýan tagallalary, hususan-da itleriň we pişikleriň zäherlenip öldürilişi, demir ýa taýak bilen öldürilişi barada jandarlary goraýan aktiwistler yzygiderli habar berýärler.

Golaýda Aşgabatda ýaşaýan aktiwist Galina Kuçerenko Türkmen döwlet uniwersitetiniň täze gurlan Himiýa fakultetiniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýän günlerinde eýesiz jandarlary öldürmäge gelen adamlaryň öňünden çykyp, olary wideoýazgy etdi we bu habar dessine sosial ulgamlarda peýda boldy.

Ýurt içinden gowuşýan habarlara görä, öýsüz jandarlary awlamak işi Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk bilen baglylykda barha giň gerime eýe boldy. Şeýle-de ýaşaýjylar paýtagtda we onuň töwereginde, şäher abadanlaşdyrmak proýektleriniň çäginde, müňlerçe adamyň jaýynyň ýykylandygyny, netijede ozal birleriniň iti, pişigi bolan janawerleriň köpüsiniň eýesiz, öýsüz galandygyny gürrüň berýärler.

Munuň üstesine, ýurtdaky ykdysady krizis hem eýesiz, öýünden mahrum bolan jandarlaryň köpelmegine getirdi diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri Azatlyk radiosyna aýtdy.

Ýerli synçylaryň gürrüň bermeklerine görä, türkmen häkimiýetleri ýurtda guralýan dabaraly çäreler, prezidentiň ol ýa-da beýleki regiona edýän saparlary bilen baglylykda, eýesiz jandarlary yzygiderli ýok edýärler.

Mysal üçin, geçen ýylyň tomsunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna saparynyň öň ýanynda ýerli häkimiýetleriň welaýatdaky öýsüz-öwzarsyz haýwanlary atyp öldürilýändigi barada habarlar gelip gowuşdy.

Türkmenistanly graždan aktiwisti Nataliýa Şabuntsyň tassyklamagyna görä, öýsüz haýwanlary öldürmek Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden soň S.Nyýazow döwründäkiden has beterleşdi.

“Bilýäňizmi? ...hemme zat öňküsindenem beterleşip, wagşy görnüşde gaýtadan başlandy. Dört aýagynyň üstünde ýöreýän jandarlar awlanyp başlandy. Indi haýwansöýerler ýa-da haýwan eýeleri ýurtda geçirilýän her baýramçylyk dabarasyna gorky bilen garaşýarlar. Sebäbi her baýramçylykda ýa-da ýurda myhman gelende (haýwanlar) köpçülikleýin ýok edilýärler. Öň bu çäre kiçi çäkde amala aşyrylan bolsa, häzir ýagdaý düzgüne öwrüldi” diýip, Şabunts Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

XS
SM
MD
LG