Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-2017-niň transport gadaganlyklary ýas däplerine düzediş girizýär


Aşgabatda ýapylan ýollaryň kartasy. Surat ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň feýsbuk sahypasyndan alyndy.
Aşgabatda ýapylan ýollaryň kartasy. Surat ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň feýsbuk sahypasyndan alyndy.

Aşgabatda geçirilýän Aziýa oýunlary bilen baglylykda şäher köçeleriniň bir toparynda transport hereketi üçin ýapylanyna indi on günden gowrak wagt boldy we Mir (Parahat) mikroraýonlarynyň ýaşaýjylary ‘maşyn sesi ýok, arkaýyn ýatyp bolýar, çagalar daşarda arkaýyn oýnaýar, maşyndan esewan bolmak aladasy ýok, Arkadag sag bolsun’ diýip degişýärler.

Ýöne soňky on gündeöýünde näsagy bolup, “Tiz kömek” çagyryp bilmedik ýa merhumy soňky ýoluna ugratmakda kynçylyk çeken raýatlaryň ýadyna oýun-degişme düşmeýär.

Şu aralykda ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň feýsbuk sahypasynda Aziýa oýunlary sebäpli ýapylan köçeleriň shemasy çap edildi, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bolsa Mir mikroraýonlaryna “Tiz kömek”, ýangyn söndüriji gulluklarynyň maşynlarynyň hem gelip bilmeýändigini habar berýär.

Emma resmi türkmen metbugatynda ýapyk köçeler, olaryň haçan açyljagy ýa-da jemgyýetçilik transportynyň gatnawyna girizilen üýtgeşmeler barada hiç bir maglumat berilmeýär diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berdi.

Ynamdar çeşmäniň maglumatyna görä, Aşgabatda halkara sport çäreleriniň geçirilýän desgalarynyň töweregindeki köçeler – öňki Lenin, häzirki S.Türkmenbaşy, öňki Moskowskiý, häzirki “10 ýyl Abadançylyk”, öňki Hudaýberdiýew, häzirki Atamyrat Nyýazow, öňki Podwoýskiý, häzirki Berkarar köçelerinde umuman transport gatnawy doly kesildi.

Ýöne soňky iki-üç günde, sport çäreleriniň başlanan gününiň ertesinden başlap, S.Türkmenbaşy şaýolundan demirgazykdan günorta tarapa täze awtobuslar yzygiderli geçýär, olaryň arasyndaky interwal bolsa 250, 300 metr diýip, ýerli çeşme habar berdi.

“Özem bu awtobuslar gije-gündiziň dowamyndahereket edýär, ýöne olaryň içinde adam görünmeýär, üstesine olar awtobus duralgalarynda durman, çala ýuwaşap, durjak ýaly edip, gelşi ýaly geçip gidýärler” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Onuň sözlerine bu ýagdaý esasan Türkmenbaşy we Berkarar köçelerinde göze ilýär. Aziýa oýunlary bilen gelen ýene bir täzelik bolsa, transport hereketine rugsat berlen köçelerde göze ilýän başga bir ýagdaý bilen bagly.

“Öňki Mir, häzirki Andalyp köçesinde, Ankara köçesinde gatnaýan awtobuslar bar, emma ozalky tanyş nomerler ýok. Geň ýeri, ähli awtobusyň depesine (orta hasap bilen 60 awtobus) 88 nomeri ýazylan, emma olaryň gidýän ugurlary başga-başga ugurlar. Muny bilmek üçin diňe sürüjiden soramaly. Olaryň Köşä gidýäni-de, demirýol wokzalyna gidýäni-de, Hitrowka gidýäni-de bar, emma hemmesiniň nomeri 88” diýip, ýerli çeşme aýtdy.

Şol bir wagtda sürüjiler hemme awtobusa 88-lik nomeriniň ýazylmagynyň sebäbini düşündirip bilmeýärler we özlerine diňe gatnaw kartasynyň berlendigini, şol esasda hem işleýändiklerini aýdýarlar.

“Bu ýagdaý adamlary gara-köseň edýär, olar öz gitjek ýerlerine gitmek üçin haýsy 88-e münmelidigini biljek bolup, başagaý bolýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, Aşgabadyň Mir -1, Mir -2/1, Mir-2/2 mikroraýonlaryna indi hiç hili awtoulagyň goýberilmeýändigine 15 güne golaý wagt boldy. Bu üç mikroraýonyň Ýunus Emre, Ýaşlar köçelerinde we içinden geçýän 30-a golaý atsyz köçede hiç hili transport gatnawy ýok.

“Bu ýagdaý adamlaryň durmuşyna örän ýaramaz täsir edýär” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar aýdýar. Ýokarda agzalan üç mikroraýona we Mir-3, Mir-4 mikroraýonlarynda ýaşaýan adamlara Mir-1 mikroraýonynda ýerleşýän 1-nji Saglyk öýi we şol ýerdäki “Tiz kömek” bölümi hyzmat edýär. Emma ol ýere, 46-03-03-e telefon etseň, indi 15 gün bäri “Biz siziň çakylygyňyzy tehniki sebäplere görä kabul edip bilmeýäris” diýip jogap berýärler.

Mir mikroraýonlar toplumynda transport hereketine girizilen gadaganlyk bu ýerde ýogalan adamlaryň jaýlanmagynda hem uly kynçylyk döredýär diýip, ýerli çeşmeler gürrüň berdi. Olaryň tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda adat bolşuna görä, adam ýogalanda golaýdaky metjidiň awtobusynda ýaşulular gelip, merhumyň jynazasyny çykýarlar.

Emma transport hereketine girizilen gadaganlyk bu däbe düzediş girizdi we metjitde indi merhumyň garyndaşlaryna “Ýekebara molla tapyň, ýasa gelenler bilen jynaza okaň, ýaşuly adamlaryň bu yssyda pyýada barmaga ýagdaýy ýok” diýip jogap berýärler.

“Şeýle-de merhumy gapydan maşynly ugradyp hem bolanok, iň golaýy Andalyp köçesi, şoňa çenli adamlar ony 1,5 – 2 km aralyga eginlerinde göterip gitmeli bolýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli ýaşaýjy Azatlyk radiosyna aýtdy.

XS
SM
MD
LG