Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar baglarynyň tölegleri gymmatlasa-da, berilýän hyzmatyň 'hili üýtgemedi'


Türkmenistandaky çagalar baglarynyň birinde terbiýeçi zenan we çagalar
Türkmenistandaky çagalar baglarynyň birinde terbiýeçi zenan we çagalar

Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleriniň duýdansyz 8 esse ýokarlandyrylmagynyň, Aşgabatdaky ene-atalaryň köpüsiniň arasynda nägilelikleriň döremegine sebäp bolandygy barada Azatlyk Radiosyna maglumatlar gelip gowuşýar.

Ýatladyp geçsek, geçen hepde Türkmenistanda çagalar baglarynyň aýlyk tölegleriniň 10 manatdan birden 80 manada çykarylandygy mälim boldy. Ýurtda ortaça aýlyk hakynyň 600 manada barabardygyny nazara alanymyzda, bu täzeligiň käbir ene-atalaryň arasynda nägilelikleriň döremegine sebäp bolandygy habar berildi.

Geçen hepde Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Daşoguz welaýat häkimliginiň we welaýat bilim bölüminiň işgärleri käbir ene-atalaryň tölegleriň ýokarlandyrylmagyna garşylyk görkezip, 10-njy oktýabrda şäher merkezinde nägilelik ýörişini geçirendigini tassykladylar.

Eýse, çagalar baglarynyň tölegleriniň duýdansyz 800 prosent ýokarlandyrylmagyna paýtagtly ene-atalar nähili garaýar? Şeýle-de, tölegler artdyrylandan soň, çagalar baglarynda berilýän hyzmatyň hili ýokarlandyryldymy?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amnmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Çagalar baglarynyň tölegleri gymmatlasa-da, berilýän hyzmatyň hili üýtgemedi
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:40 0:00

XS
SM
MD
LG