Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Maryda günde ortaça 30 adam ölýär, şypahanalar karantin zolaklaryna öwrülýär. Gribe garşy dermanlar gytalýar


Türkmen gonamçylygynda düşürilen wideodan alnan surat. Iýul, 2020.
Türkmen gonamçylygynda düşürilen wideodan alnan surat. Iýul, 2020.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň hasaba alynmandygyny aýdýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marynyň keselhanalarynda günde ortaça 30 adamyň ölýändigini, welaýatdaky şypahanalaryň karantin zolaklaryna öwrülýändigini habar berýärler. Maryda, Lebapda we Aşgabatda adaty grip dümewine garşy dermanlar gytalýar.

"Marydaky ähli ýokanç keseller hassahanalary näsaglardan doly. Her gün 30 çemesi adam ölýär. Muhat obasynda 4 adamdan ybarat bir maşgala öldi. Türkmengala etrabynda bir lukman agyr ýagdaýda ýatyr. Ol hirurg" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 27-nji iýulda gürrüň berdi.

Şeýle-de, Maryda sagaldyş şypahanalary karantin zolaklaryna öwrülýär. Azatlygyň habarçysy bu barada 24-25-nji iýulda welaýatyň ähli saglygy goraýyş edaralarynda geçirilen ýygnaklarda yglan edilendigini aýtdy.

"Bu ýygnaklarda ähli lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň, hatda ýaşy 50-den aşan saglyk işgärleriniň karantin zolaklaryna gitmelidigini aýtdylar. Lukmanlaryň käbiri muňa gaharlandy. Olar bu işgärleriň wirusa ýaşlardan has çalt ýolugyp biljekdigini düşündirmäge synanyşdylar, ýöne ýolbaşçylar olary diňlemedi" diýip, habarçy ýygnaga gatnaşan saglyk işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, ýygnaga gatnaşan welaýat resmileri işinden çekilýändigi barada arza ýazan saglyk işgärlerine garşy "watan dönügi" diýen aýyplama esasynda iş gozgaljakdygyny hem duýdurdylar.

Habarçy saglyk işgärleriniň ençemesiniň karantin zolaklaryna gitmäge gorkýandygyny belleýär. "Lukmanlar öz aralarynda söweşe ýaragsyz iberilýändiklerini aýdýarlar. Olar ýörite eşikleri hem öz hasaplaryna satyn almaly bolýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Marynyň saglyk işgärleriniň sözüne görä, mundan ozal welaýatdaky ähli hassahanalaryň ýolbaşçylary her gün ýygnak geçirýärdiler. Indi şol ýygnaklar hem ýatyrylyp, ähli gepleşikler telefon arkaly amal edilýär.

"Gysgaça aýdanyňda, ähli ýolbaşçylar janyndan gorkýarlar. Ýokanç keseller hassahanasynda käbir lukmanlar näsaglaryň golaýyna barmaýar. Olar wirusyň ýokuşmagyndan gorkýarlar" diýip, saglyk işgärleriniň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz bir aýalyň COVID-19 keseliniň alamatlaryna mahsus näsaglykdan ýogalandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol saglyk işgärleriniň merhumyň jesedini hossarlaryna bermän, göni gonamçylyga ibermeli edendigini hem belledi.

"Merhumyň hossarlary jesedi morgdan dessine gonamçylyga alyp gitdiler we jaýladylar. Eger bizde koronawirus ýok bolsa, onda näme üçin hoşlaşmak üçin jesedi öýe getirmek gadagan edilýär? diýip, merhumyň hossarlary soraýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky beýleki bir habarçysy COVID-19 keseliniň alamatlaryna mahsus näsaglykdan ýene bir adamyň ýogalandygyny habar berýär. "50 ýaşyndaky köşili bu adam 26-njy iýulda aradan çykdy we 27-nji iýulda jaýlandy" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň bardygyny ret edip, bu kesel bilen keselleýänleriň we ölenleriň resmi sany barada maglumat çap etmeýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň degişli resmilerden kommentariý almak synanyşyklary hem netije bermeýär.

Şol bir wagtda, Azatlygyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş edaralaryndaky çeşmeleri hassahanalarda näsaglarda we işgärlerde geçirlen testleriň keseliň bardygyny tassyklaýandygy barada yzygiderli habar berýärler.

Türkmenistanda adamlaryň COVID-19 keselinden ölýändigi barada "ACCA" neşiri hem habar berýär. Neşiriň öz Türkmenistandaky çeşmelerine salgylanyp, 24-nji iýulda çap eden habaryna görä, martyň ortalaryndan bäri Balkanabat şäherinde 1300-den gowrak adam koronawirusdan heläk boldy. Neşir bu maglumatlary Google kartasy arkaly barlandygyny belleýar.

"Google kartalarynyň taryhynda 2018-nji ýylyň 31-nji maýyndan 2020-nji ýylyň 25-nji martyna çenli Balkanabatda 524 adamyň ölendigini görmek bolýar. Kartada täze mazarlaryň sanynyň artýandygy görkezilýär. Bu aralykda, 2020-nji ýylyň 25-nji martyndan 16-njy apreline çenli 317 sany täze mazar peýda boldy. Görnüşi ýaly, bu döwürde her gün ortaça 14 adam ölüpdir" diýip, neşir ýazýar.

Geçen hepde Azatlyk Radiosy Aşgabadyň etegindäki gonamçylykda onlarça täze mazaryň dörändigini, adamlaryň yzly-yzyna jaýlanýandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary dermanhanalarda adaty grip dümewi üçin niýetlenen dermanlaryň we sanjym iňňeleriniň gytçylygynyň emele gelendigini habar berýärler.

Lebabyň dermanhanalarynda "Ergoferon", "Azyumik" we "Arbidol" ýaly dermanlar ýetmezçilik edýär. Şol bir wagtda, habarçy bu dermanlaryň "gara bazarlarda" ençeme esse gymmat bahadan satylýandygyny aýdýar.

"Bu bazarlarda "Ergoferon" dermany 250 manatdan we "Arbidol" dermany 500 manatdan satylýar. Ön dermanhanalarda bu dermanlaryň her birini 35 manatdan satyn alyp bolýardy. "Azýumik" dermany hem 30 manatdan 190 manada gymmatlady" diýip, lebaply habarçy 27-nji iýulda beren maglumatynda aýtdy.

Bu dermanlaryň näme sebäpden dermanhanalarda satylmaýandygy we "gara bazarda" näçe diýseň tapdyrýandygy barada resmiler tarapyndan düşündiriş berilmeýär. Ýöne Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan käbir dermanhana işgärleri gytçylygyň emeldarlar tarapyndan emeli döredilendigini aýdýarlar.

"Dermanlaryň "gara bazar" söwdasyny edýän raýatlara hiç kim kanuny çäre görmeýär. Kimdir biri bu dermanlar arkaly köp gazanç edýär" diýip, bir dermanhana işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Aşgabatdaky habarçymyz lukmanlaryň ilata berýän maslahatlarynyň yzýany, adaty grip dümewine garşy dermanlaryň gytçylygynyň emele gelip başlandygyny aýdýar.

"Lukmanlar ilata koronawirusdan goranmak üçin Russiýadan getirilen "Ergoferon" we "Arbidol" dermanlaryny içmegi maslahat berýärler" diýip, habarçy 27-nji iýulda gürrüň berdi.

Belläp geçsek, bu dermanlaryň adamlary koronawirusdan goraýandygyny subut edýän we ony halkara derejesinde ykrar edýän ylmy iş göze ilmeýär.

Bu habarlaryň arasynda, Aşgabadyň häkimiýetleri edara-kärhanalarda ýygnaklary geçirip, işgärlere "howadaky wirusdan" goranmak üçin ýandak ýaly ösümlikleriň güllerini demläp içmegi maslahat berýärler.

"Ýygnaklarda işgärlere howada 15-20% wirusyň bardygy aýdyldy. Işgärlere wirusa garşy otlary demläp içmegi we düýe süýdüni içmegi maslahat berdiler. Belki, olar şeýdip dermanhanalarda derman ýok diýmek isleýändirler" diýip, býujet işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Şeýle-de, habarçy her gün agşam awtoulagdaky polisiýa işgärleriniň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň köçelerine aýlanyp, ses gataldyjylar arkaly ilata duýduryş berýändigini hem belleýär.

"Olar hiç kimiň köçä çykmaly däldigini, ähli adamyň öýde galmalydygyny duýdurýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýtmaýan mahaly, hökümete ýakyn neşir türkmen brendleriniň gorag maskaly täze egin-eşikleri köpçülige hödürländigini habar berýär.

"Orient.tm" neşiriniň 26-njy iýulda çap eden habarynda "Nusaý", "Bürgüt" we "Gala" ýaly brendleriň çykaran egin-eşikleriniň hem-de maskalarynyň diňe erkekler üçin niýetlenendigi hem bellenilýär.

Bu aralykda, 26-njy iýulda Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri pandemiýa başlaly bäri ýurtda koronawirus ýokaşmagynyň mümkinçiligi barada ilkinji gezek yglan etdiler.

"Bu ýurda rehimsiz wirusyň girendigini aýdyp bolar" diýip, resmi KCNA habar agentligi Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unuň aýdan sözlerine salgylandy.

Şu günki gün dünýäde adada ýerleşýän ýa-da iňňän kiçi bolmadyk döwletleriň arasynda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdan ýeke-täk ýurt Türkmenistan bolup galýar. Türkmen režiminiň awtoritarizm derejesi dünýäde Demirgazyk Koreýa bilen deňeşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG