Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grozny öň we häzir

Diana Markosian çeçen paýtagty Groznynyň täze görnüşini dokumentleşdirmek üçin Çeçenistana sapar etdi. Aşakdaky suratlarda şäherde, 1994-96-njy ýyllarda bolan 1-nji Çeçen urşy döwründe köçeleriň we jaýlaryň tozana bürenip, pytrap duranyny we onda düýpli abatlaýyş işleri geçirilenden soň, häzirki wagtda täze görnüşe eýe bolanyny görse bolýar.

Rus güýçleri Grozny şäherine artilleriýa toplary, tanklar we howa zarbalary bilen hüjüm eden mahaly çeçen paýtagtynda 80 müňden gowrak adam heläk boldy. Häzirki gün olaryň hiç hili ýadygärligi ýok. Şäheriň Kreml tarapdary çeçen lideri Ramzan Kadyrow tarapyndan rekonstruksiýa edilmegi, uruşda pida bolanlary taryhdan ýok etdi.

XS
SM
MD
LG