Çarşenbe güni on müňlerçe musulman yslamyň mukaddes Mekke şäherinde haj zyýaratyna başlady. Olar Muhammet pygamberiň mundan 14 asyr ozal geçdi diýlip hasaplanýan ýoluny geçýärler. Zyýaratçylar ol ýerde doga okap, dynjyny alyp, penşenbe güni hem Arafat dagyna çykarlar. Şu ýylky haj zyýaratyna 2 milliona golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Musulmanlar haj zyýaratyna başladylar

1
Her ýyl dünýäniň millionlarça musulman dindarlary mukaddes Mekke şäherine haj zyýaratyny amala aşyrýarlar.

2
Musulmanlaryň köpüsi ilki bilen Saud Arabystanynyň Abdulaziz patyşa adyndaky Halkara aeroportuna barýarlar. (AFP PHOTO/AMER HILABI)

3
Haj zyýaratyna baran musulmanlar Mekke şäherindäki uly metjitde, 22-nji oktýabr. (AFP PHOTO/FAYEZ NURELDINE)

4
Haj zyýaratyndan öň, Pakistanyň Faýzalabad şäheriniň eteginde adamlar düýelerini mal bazaryna äkidip barýarlar. Baýramda sygyr, düýe, goýun we geçi gurban kesilýär. (REUTERS/Fayyaz Hussain)