Köpçüligiň öňündäki jezanyň ýerine ýetirilýän wagtynda eýranly zenan öz ogluny öldüren adamy ölümden alyp galdy. Pidanyň garyndaşlary dardan asmak jezasyna höküm edilen boýny tanaply duran adamyň aýagynyň aşagyndan diregi ýykmaga çagyryldy, emma pidanyň ejesi diregi ýykmagyň ýerine jeza höküm edilene şarpyk çaldy we ony bagyşlady. Bu waka Eýranyň ýarym resmi ISNA habar agentliginiň suratçysy Araş Hamooşi tarapyndan surata düşürildi.
Jezanyň öň ýanyndaky günä geçiş

1
Ölüm jezasyna höküm edilen ady Balal diýip tutulan adamyň boýnuna tanap atylýar. Ol ýedi ýyl mundan öň Abdylla atly öz ýaşdaşyny pyçaklap öldürmekde günäli tapylyp, ölüm jezasyna höküm edildi. Şol döwürde jenaýatkäriň we onuň pidasynyň ikisi-de 17 ýaşyndady.

2
Planlaşdyrylan jezadan bir gün öň, Balalyň ejesi oglunyň günäsiniň geçilmegine umydy elden berendigini aýtdy.

3
Mazandaran welaýatynyň Noor şäheriniň ýaşaýjylary planlaşdyrylan ölüm jezasyny görmek üçin ýygnandylar.

4
Pida bolan oglanyň maşgalasynyň planlaşdyrylan jezalandyryş çärisine gatnaşyp, dardan asylyp öldürilmek jezasyna höküm edilen adamyň aýagynyň aşagyndan diregi aýyrmagyna garaşylýar. Bu çäre şerigat tarapyndan "ar alyş" hökmünde makullanýar.