BACK TO TOP

Eýranyň gerimi giňeýär

Glenn Kates tarapyndan taýýarlandy

Eýran özüniň ýadro programmasy bilen baglylykda Günbatar ýurtlary bilen ylalaşyga gelmek mümkinçiliginiň bosagasynda dur. Şol bir wagtda Tähran ýagdaýlary öz haýryna ulanmagy başaryp, Ýakyn Gündogar sebitinde özüniň täsirini güýçlendirdi. Emma munuň netijesinde Tähranyň bäsdeşi Riýadh bilen dargtynly ýagdaýlar hem ýüze çykdy.

Siriýa: Gumanitar heläkçiligiň fonunda Assadyň halas edilmegi

Adamlar Damaskyň günortasyndaky al-Ýarmouk lagerinde BMG-niň Hemaýat beriji edarasynyň (UNRWA) paýlaşýan azygyna garaşýarlar. 31-nji ýanwar, 2014 ý. (Reuters/UNRWA

2011-nji ýylyň tomsunda Siriýanyň lideri Başar al-Assadyň häkimiýeti alty aý mundan ozal başlanan gozgalaň netijesinde gaty gowşapdy. Ekspertler režimiň soňky günlerini ýaşaýandygyny çaklapdylar.

Emma Eýran Assadyň (Şaýy musulmanlarynyň Alewi azlygynyň agdyklyk edýän) režiminiň synmak mümkinçiliigni özüne howp abandyryp biljekdigini çaklady. Eýran Liwanyň kuwwatly Hizballah toparynyň ýolbaşçylygyndaky öz harbylaryny çagyryp, gozgalaňy basyp ýatyrmaga hemaýat bermegini tabşdyrdy.

Dört ýyl dowam eden aýylganç graždançylyk urşunda 220,000 töweregi adam öldi. Eýranyň goldamagyndaky Assadyň güýçleri parahat ilatyň arasyndaky ýitgileriň aglabasyna jogapkärdir. Şol bir wagtda, gyrgynçylygyň dowamynda sebitde sünnileriň "Yslam döwleti" atly we "Al-Kaýda" hereketiniň goldamagyndaky "Nusra Fronty" alty jeňçileriň toparlary döredi. Olar häzir uly territoriýalara gözegçilik edýärler.

Şaýy harbylary boýunça ekspert Philip Smythiň hasabatyna görä, Siriýadaky Konflikt Eýrana "region we dünýä boýunça şaýylaryň wekili hökmünde orta çykmaga hemaýat berdi".

Yrak: Eýranyň generallary nämälimlikde orta çykyp, Yrakda peýda boldular.

Eýranyň Rewolýusiýa sakçylarynyň komandiri Kassem Soleýmani (sagda) "Yslam döwleti" toparyna garşy alnyp barylýan harby operasiýanyň dowamynda. Yragyň Tal Ksaiba şäheri. 8-nji mart, 2015 ý. (Reuters)

2011-nji ýylda ABŞ esgerleriniň çekilmegi bilen premýer-ministri Nuri al-Maliki - Eýranyň täsiriniň artmagy bilen - sünni syýasatçylaryny çetleşdirip başlady. 2008-nji ýylda "Al-Kaýdany" basyp ýatyrmaga ABŞ hemaýat beren ýurduň günbataryndaky sünni toparlary häzirki ýagdaýlara nägileligini bildirdiler.

Haçanda "Yragyň Yslam döwleti we Lewant" ("Yslam döwleti" diýlip bilinýän) toparynyň söweşijileri Siriýadaky ýerlerinden ýurduň serhetlerine golaýlanda, sünnüler olary gowy garşylapdylar.

ABŞ-nyň tälim beren hökümet güýçleriniň netijesiz bolandygy sebäpli, häzirki pursat hökümet şaýy ýaraglylaryna bil baglaýar. Eýranyň öňdebaryjy Kuds goşunlarynyň kommandiri, general Kassem Suleýmani häzir açyk bir görnüşde Yragyň harby we ýaragly toparlaryna maslahat berýär.

Häzirki pursat şaýy ýaraglylarynyň sünnüleriň aglaba bolup ýaşaýan sebitlerini täzeden ele geçirjekdigi ýaly bolup görünýär. Olar şaýy söweşijilerini gyran "Yslam döwleti" toparyndan ar alyş hökmünde, basyp alan ýerlerinde adam hukuklaryny berk depeleýärler.

Ýemen: Eýrandan gelen ýaraglar bilen amala aşyrylan agdarylyşyk.

Huthi garşy protestçiler Huthileri goldaýan polisiýanyň howa ot açmagy netijesinde gaçýarlar. Taiz. 23-nji mart, 2015 ý. (Reuters)

2011-nji ýyla çenli Abdullah Salehiň hökümeti ýurduň günortasyndaky şaýy musulmanlarynyň Zaidi sektasyna degişli Huthi söweşijileriniň jeňçi hereketlerini zalymlyk bilen basyp ýatyryp gelipdi. Emma 2012-nji ýylyň başlarynda - Arap bahary sebäpli - Saleh häkimiýeti özüniň wise-prezidentine geçirdi.

Üç ýyldan soň, mirasdüşer Abd Rabbu Mansur Haidi Huthi jeňçileriniň ilerlemegi sebäpli ýurdy terk etdi.

Tähran Huthi hereketini goldap, munuň kadaly şertlerde dörän bir gozgalaň bolandygyny aýtdy. Emma Eýran jeňçileri ýarag bilen üpjün edýändigi baradaky öňe sürmeleri red edip gelýärdi. Şol bir wagtda 2013-nji ýylda jeňçilere Eýran ýaraglaryny daşap barýan bir gäminiň ele salynmagy bu ret etmeleri puja çykarypdy. Sanaanyň basyp alynmagy bilen, ýurduň de facto ministrleri Eýrana sapara barypdy. Şeýle-de iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda gündelik 14 sany howa reýsi ýola goýulypdy.

Eýranyň täsiriniň artmagy bilen, Saud Arabaystany iň azyndan 10 sany sünni döwletden - Morokkodan Pakistana çenli - koalisiýany düzüp, Huthi jeňçilerine garşy howa kampaniýasyna başlady. Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Eýranyň sebitde öz "häkimiýetini ornaşdyrmak synanyşygynyň" kabul ederliksiz bolandygyny we muny Eýranyň görmelidigini aýtdy. Müsür özüniň gury ýer goşunlaryny ugratmak mümkinçiligini hem aradan aýyrmaýandygyny mälim etdi.

Bu aralykda ýurduň gündogaryndaky sünnüler Huthileriň häkimiýetini ret edip, sebitdäki "Al-Kaýda" goşulyp başladylar.

Huthileriň resmi şygary 1979-njy ýyldaky Eýran Rewolýusiýasyndan alyndy. Onda: "Alla beýikdir. Amerika ölüm. Ysraýyla ölüm. Ýewreýlere Allanyň näleti siňsin. Yslam ýeňer."

Liwan: Liwanyň harbylary ugrundaky täze söweş

Liwanyň Hizballah tarapdarlary şaýylaryň Aşyra baýramçylygynda ýöriş geçirýärler. Beýrut. 4-nji noýabr, 2014 ý. (Reuters)

Liwanyň hristiýanlary, şaýy musulmanlary we sünni musulmanlaryndan ybarat ýurda Tähranyň goldamagynadky Hizballah topary uzak wagtdan bäri häkimiýeti öz elinde saklaýar.

Käbir çaklamalara görä, Hizballah Siriýadan Liwana girmekçi bolan sünni söweşejelerini yza tesdiripdirler.

Günbatar Liwanyň harbylaryny ýarag bilen üpjün edip Hizballaha garşy deňagramlylygy sazlamak ugrunda tagalla edýär. Emma Tähran esasy howpy Siriýa bilen serhetde söweşän "Nusra Fronty" we "Yslam döwleti" toparlaryndan görýär. Netijede Tähran Liwanyň harbylaryny hem goldady.. Ýakynda Eýran saudlaryň 3 milliard dollar hemaýatyna garşylyk edip, Liwany täze ýaraglar bilen üpjün etdi. .

Iordan derýasynyň günbatar kenary we Gaza: Hamas bilen ýakyn gatnaşyklar

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi (sagda) Hamas toparynyň lideri Ismail Haniýeh bilen Tähranda gepleşikleir geçirýär. 12-nji fewral, 2012 ý.

Üç ýyl mundan ozal Gaza zolagyna gözegçilik edýän Hamas söweşijiler topary bilen Eýranyň gatnaşyklary öwerlikli däldi. Hamas Eýran tarapyndan goldanylýan Assada garşy çykýan söweşijileri goldapdy.

Emma Müsürde "Musulman dogançylygy" hereketini çalyşan hökümet Hamas toparyna garşy çykdy. Eýran palestinlylary öz hataryna çekmekçi bolýan sünni söweşiji toparlaryndan heder edýär. Hizballahyň araçylyk etmeginde Eýran bilen Hamasyň Siriýa meselesi boýunça öz garaýyşlaryna bir çetde goýandygyny aýtsa bolar.

Şol bir wagtda, Ysraýyl ýadro ýaragyna eýe Eýrany howp hökmünde häsiýetlendirýär. Premýer-ministri Benýamin Netanýahu Günbatar bilen Tähranyň arasyndaky ýadro gepleşiklerini inkär edip gelýär.

Ysraýylyň Siriýa bilen serhedinde hem ýokary derejeli Eýran harbylarynyň hereket edýändigi çaklanylýar. Ýanwarda Ysraýylyň Siriýada amala aşyran howa hüjüminde Rewolýusiýa sakçylarynyň generaly Mohammad Ali Allah-Dadi öldürilipdi.

Bahreýn: Protest hereketleri we Hizballah howpy

Manamada hökümete garşy protestçiler ýöriş geçirýärer. 22-nji fewral, 2011 ý. (AFP)

Dört ýyl mundan ozal, Saud Arabystany Bahreýna öz goşunlaryny ugradyp, şaýylaryň parahatçylykly protestini basyp ýatyrypdy. Bu şalykda aglaba şaýylar ýaşasa-da, ol sünnüler tarapyndan dolandyrylýar. Bahreýn resmileri we Riýadh bu protestleri Eýran bilen baglanyşdyrmak isleseler-de, onuň öz erkine çykandygyny aýtmaga esas berýän hasabatlar bar.

Golaýda peýda bolan Saraýa al-Mukhtar hökümete garşt topar Eýrana degişli käbir nyşanalary ulanýar. Hizballahyň liderli Hassan Nasrallah bu toparyň islemedigi üçin, oňa entek ýarag ugratmandygyny mälim etdi.

Onuň "Bahreýne dünýäniň beýleki ýurtlaryna ýaly ýaraglary we söweşijileri ugradyp bolýar" diýen sözleri Al Monitor neşirinde getirildi.

Owgansytan: Sermaýalar şübheli garşylandy

9/11 hüjümlerinden soň ABŞ-nyň Owganystana girmegi bilen, ýurtda Eýranyň täsiri çäklendirildi. 2011-nji ýylda Waşington öz esgerlerini çekip başlanda, Eýranyň öz pozisiýalaryny berkidip başlajakdygyny aýtmaga esas bardy.

Tähran Eýran bilen serhetleşýän Owgansytanyň günbatar sebitlerine köp maýa ýatyryp başlady.

2009-2014-nji ýyllar aralygynda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary10 esse ýokarlanyp, ol 2014-nji ýylda $5 milliarda ýetdi.

Emma sermaýalar elmydama gujak açyp garşylanmady. Şaýylaryň aglaba bolup ýaşaýan Bamiýan welaýatynda Aýatollah ruhollah Khomeiniň adyny göterjek keselhanany açmak baradaky planlar "ýiti garşylyk " bilen garşylandy.