Eýranyň resmileri BMG-niň howandarlygynda geçirilýän Neşä garşy göreş gününe gabatlap, 26-njy iýunda 100 tonna golaý neşe maddalaryny ýakdylar.
Tähranda neşe ýakyldy

1
Polisiýa ýakyljak neşe serişdelerini taýýarlaýar

2
Owganystanyň neşe serişdeleri, aglaba, Eýranyň üsti bilen Ýewropa aşýar. Neşe serişdeleriniň ýakylmazyndan öň, Eýranyň polisiýa başlygy çykyş edip, Ýewropa ýurtlaryny neşe gaçakçylygna garşy ýeterlik hemaýat bermeýänlikde aýyplady.

3
Polisiýanyň işgäriniň arkasynda neşe maddalary ýakylýar

4
Eýran resmileriniň maglumatyna görä, ýurda her ýyl Owganystandan 2,500 tonna golaý neşe maddalary getirilýär. Olaryň 500 tonna golaýy polisiýa tarapyndan ele salynýar, 1,300 tonnasy ýurduň üstünden geçip gidýär.