Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

​“Yslam döwleti” Yragyň medeni mirasyna el urýar

Yragyň hökümeti “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň ýurduň taryhy mirasyna edýän soňky hüjüminde gadymy Assiriýanyň şäheri Nimrudyň taryhy gymmatlyklaryny ýok edip başlandygyny aýdýar. “YD”-nyň söweşijileri heýkelleriň we guburlaryň ählisiniň butparazlyga degişlidigini aýdyp, olaryň ýok edilmelidigini öňe sürýär.

Syýahatçylyk we gadymy miras boýunça ministrligi söweşijileriň ýumurmak işlerini 5-nji martda günorta namazyndan soň başlandyklaryny habar berdi. Ministrlik 3300 ýyl mundan ozal Tigr derýasynyň kenarynda düýbi tutulan taryhy şäheriň ýumrulmagynyň möçberinden entek habarsyzdygyny aýtdy. Kalhu adyny göteren bu şäher Assiriýa eýýamynyň gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýar.

Geçen hepdede “Yslam dňwleti” wideo ýaýradyp, Mosulyň muzeýinde Assiriýa eýýamyne degişli gadymy eserleriniň ýekedaban bilen ýumrulyşyny görkezdi. Şol gymmatlyklaryň käbiriniň nusga bolan bolmagy çak edilýär.

BMG-niň baş medeni agenligi UNESCO Nimrudyň habar berilýän ýumrulyşy “uruş jenaýatçylygyna” barabardygyny aýtdy. UNESCO-nyň Yrak boýunça müdiriýetiniň ýolbaşçysy Aksel Plathe “Yragyň mirasyna edilen ýene bir hüjümi ýazgardy. Arheologlar we medeni gymmatlyklar boýunça bilermenler Yrakda taryhy ýadygärlikleriň ýumrulmagyny 2001-nji ýylda Owganystanda “Talybanyň” Bamýan Buddalaryny ýok etmegine deňedi.

Şu foto sergidäki haýsy gymmatlyklaryň “Yslam döwletiniň” hüjüminden soň abat galandygy entek belli däl.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG