Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýdan gyrgynçylygy

2014-nji ýylyň 20-nji fewralynyň daňdany, şol wagta çenli bolan zorlukly protestlerde iň ganly, ýagny 28 adamyň öldürilen gününden iki gün soňam, Kiýewiň ýewropaçy protest hereketleri dartgynlylygyna galýardy. Emma 20-nji fewral mundan hem ganly boldy. Muny nämäniň başladandygy ýa-da bu barada kimiň buýruk berendigi heniz hem nämälimdigine saklanyp galýar. Emma şol günüň ahyryna çenli Kiýewiň merkezinde 50-den gowrak demonstrant atylyp öldürildi. Täze ukrain hökümetindäki köp resmiler, ýagny Ýewromaýdan protestleriniň liderleri bu gyrgynçylygyň diňe öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň göniden-göni buýrugy esasynda amala aşyp biljekdigini aýdýarlar. Ýanukowiç protestde öldürilenleriň sany 100-e ýetende ýurdy terk etdi.

XS
SM
MD
LG