2014-nji ýylda Ukraina graždan konfliktine batdy, Gazany täze zorluk sarsdyrdy we "Yslam döwleti" atly söweşiji topar Yragyň hem Siriýanyň uly böleklerini basyp aldy. Suratlar ýylyň käbir wakalaryny gürrüň berýär.
2014: Ýylyň şekilleri

1
Ukrainanyň Ýewropa bilen integrasiýasyny goldaýan demonstrantlar Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda Täze Ýyly garşylaýarlar.

2
Çikagodaky Miçigan kölüniň doňan pursady.

3
Siriýanyň Aleppo şäherinde hökümet güýçleriniň amala aşyrýan howa zarbasyndan gaçyp barýan bir adam.

4
Bosniýa-Herzegowinanyň Tuzla şäherinde protestçiler işsizlige garşy demonstrasiýa geçirýän pursady polisiýa bilen çaknyşdylar. Birnäçe gün dowam eden bidüzgünçiliklerde binalar hem oda berildi.