AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize - Picture This archive gel.
Region görnüşleri #14

1
Adamlar Moskwada Sankt-Peterburgdaky metro partlamalarynyň pidalaryny hatyralamak üçin toplanýarlar. 3-nji aprelde bolan partlamada 14 adam öldi. Oppozisiýa häkimiýetleri ýygnanyşygy gurnamakda, oňa gatnaşýan adamlara pul tölemekde we geçen aýda korrupsiýa garşy bolan protestlerden ünsi sowmakda aýyplady. (Reuters/Maxim Shemetov)

2
Peşawardaky owgan bosgunlary meýletin ýurda dolanmak üçin hasaba durýarlar. Pakistan. (epa/Arshad Arbab)

3
Güman edilýän himiýa hüjüminde ölen çaganyň jesedini göterip gelýän adam. Pitneçileriň elindäki Idlib welaýaty, Han Şýýhun, Siriýada. 4-nji aprelde azyndan 86 adam öldürildi, olaryň köpüsi çaga. (Reuters/Ammar Abdullah)

4
Ruhany ýangyn söndürmek boýunça praktiki türgenleşige gatnaşýar, Simferopol, 2014-nji ýylda russiýa tarapyndan bikanun anneksiýa edilen Krym. (Reuters/Pavel Rebrov)