AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar. Has köp surat görmek üçin "Picture This archive" arhiwimize gel.
Region görnüşleri # 33

1
Saudlylaryň ýolbaşçylgyndaky howa zarbasynda ýykylan jaýlaryň harabaçylygyndan gyz jigisini göterip gelýän oglan. Ýemeniň paýtagty Sanaa. (Reuters/Mohamed al-Sayaghi)

2
Germaniýanyň MotoGP sürüjisi Stefan Bradl Awstriýada tälim wagtynda motordan ýykyldy. Spielberg Ring. (epa/Christian Bruna)

3
Çehiýanyň musulmanlar jemgyýetiniň agzalary Pragada, Biziň Taňrymyzyň iň mukaddes ýüregi ybadathanasynda guralan çärä gatnaşýarlar. Bu çäre Ýewropadaky terror hüjümlerini ýazgarmak üçin geçirildi. (epa/Filip Singer)

4
Ýaş oglan ýurduň Garaşsyzlyk gününiň öňünden (19-njy awgust) owgan baýdagyny satýar. Jalalabat, 11-nji awgust. (epa/Ghulamullah Habibi)