AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize - Picture This archive gel.
Region görnüşleri #33

1
Kandagar uniwersitetiniň medisina fakultetiniň studentleri gutardyş çäresine gatnaşýarlar. 16-njy awgust. Owganystan. (epa/Muhammad Sadiq)

2
Siriýa, Rakkanyň eteginde suwaryş kanalynda salkynlaýan oglan. (Reuters/Zohra Bensemra)

3
Goňur aýy Bereziwka obasyndaky aýylar üçin merkezde dynç alýar. Bu merkezde sirklerden we hususy haýwanat baglaryndan halas edilen 5 aýy ýaşaýar. Ukraina. (Reuters/Gleb Garanich)

4
Doňuz fermasynda gündelik türgenleşik üçin suwa sürülýän doňuzlar. Şenýang, Liaoning welaýaty. Hytaý. (Reuters/Stringer)