AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar. Has köp surat görmek üçin 'Picture This archive' arhiwimize gel
Region görnüşleri # 47

1
Içerki bosgunlyga sezewar bolan owgan oglany Kabulyň çetindäki wagtlaýyn penanyň işiginde dur. BMG-niň Bosgunlar edarasynyň maglumatyna görä, Owganystanda içerki bosgunlyga sezewar bolanlar geçen ýylyň ortasynda 683,000 bolan bolsa, 2015-iň ýagynda 900,000 bolar diýip hasaplanýar. (epa/Hedayatullah Amid)

2
Hindi sikh zyýaratçylary Lahorda, Pakistanda sikhleriň ruhy esaslandyryjysy Nanak Dew Jiniň doglan gününiň 546 ýyllygyny bellemäge gitmek üçin, serhetdäki Wagah demirýol stansiýasyna gelýär. (Reuters/Mohsin Raza)

3
NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk güýçleri Wrelo obasynyň ýanynda türgenleşik geçýärler. Serbia. (AFP/Armend Nimani)

4
Rim papasy Fransis (sagda) bilen ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň Watikandaky duşuşygyndan bir pursat. 20-nji noýabr. (epa/Alessandro Tarantino)