Yragyň Kürt awtonom regionynyň demirgazyk sebitinde Akre şäherçesi ýerleşýär. Bu ýer bir wagtlar Saddam Hüseýniň režiminiň eýranly söweş tussaglaryny we syýasy dissidentleri tussaglykda saklamak üçin ulanylan köne zyndany bolup, ol häzirki döwürde müňden gowrak siriýaly bosgunyň gaçybatalga ýerine öwrüldi. Yrakdaky “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň galasy bu ýerden 50 kilometrden hem uzak bolmadyk ýakynlykda ýerleşýär.
"Gala" - Saddamyň ozalky türmesinde siriýaly bosgunlaryň durmuşy
Yragyň Kürt awtonom regionynyň demirgazyk sebitinde Akre şäherçesi ýerleşýär. Bu ýer bir wagtlar Saddam Hüseýniň režiminiň eýranly söweş tussaglaryny we syýasy dissidentleri tussaglykda saklamak üçin ulanylýardy.

1
Akre lageriniň girelgesi. Ýerliler bu ýerini “Gala” diýip atlandyrýarlar.

2
Bosgun çagalar lageriň howlusynda oýnaýarlar.

3
Regionda, esasanda, Yragyň siriýa bilen serhedinde uzak wagt dowam eden çaknyşyklar güýçli göçe-göçlük akymyna sebäp boldy. Yrakda “YD” söweşijileriniň basyp alan ýerleri bilen bir hatarda ýurtda takmynan 3 million töweregi içerki bosgun (IDP) bar. 250 müň töweregi siriýaly bosgunyň Yrakdadygy çaklanylýar.

4
Käbir siriýaly bosgunlar häzirki döwürde “YD” söweşijileriniň kontrollugyndaky ýerlerden geçmek üçin köp ýol sökmeli bolýarlar. Siriýa serhedi 200 km çemesi uzakda ýerleşýär. Mohammed Said Amin öz aýaly we ejesi (suratdaky) bilen gaçmagy başarypdyr. Olar lagere gelenden birnäçe aý soňra ejesi aradan çykýar.