Orsýetli tanymal biznesmen, 67 ýaşly Boris Berezowskiý şenbe güni özüniň Londondaky öýünden öli tapyldy. Berezowskiý öz döwründe Sowet Soýuzy darganyndan soň ozalky döwlet eýeçiligindäki emläkleriň hususylaşdyrylmagyndan baýan orsýetli milliarderlerden biri hasaplanylýar. 2000-nji ýylda Orsýetde özüne garşy gozgalan jenaýat işleriniň netijesinde Boris Berezowskiý Orsýeti terk edip, Britaniýadan syýasy gaçybatalga alypdy.
Berezowskiniň rowaçlygy we şowsuzlygy

2
Amerikaly biznes magnaty Jorj Soros (çepde), Orsýetiiň ylym we tehnologiýa boýunça ministri Boris Saltykow hem-de Boris Berezowskiý (sagda) Moskwada duşuşykda. Moskwa, 1995.

4
Orsýetiň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Iwan Rybkin we onuň orunbasary Boris Berezowskiý (sagda) wertolýotda. 1996 ý.

5
Boris Berezowskiý (ýakyndan sagda) Moskwada Orsýet-Çeçen gepleşiklerinde. 11-nji iýul, 1997.

6
GDA Bileleşiginiň ýerine ýetiriji sekretary hökmünde Boris Berezowskiý (sagda) tajik prezidenti Emomaly Rahmon bilen Duşenbede duşuşýar. 27-nji mart, 1998.