Bosniýa-Herzegowinanyň paýtagty Saraýewoda esasan arap we türk dillerinde 100 müňden gowrak diwany we golýazmany özünde jemleýän Gazy Hüsrew beg kitaphanasynyň täze binasynyň açylyşy boldy. Bu kitaphana 1537-nji ýylda Gazy Hüsrew beg, Osman imperiýasynyň Bosniýa welaýatynyň häkimi tarapyndan döredilipdir. Şeýle-de ol, Saraýewonyň köne şäherinde, başga-da köp binanyň gurulmagyny maliýeleşdiripdir. Bu kitaphana toplanan kitaplar taryhyň dürli döwürlerinde dürli ýerlerde saklanmaly bolupdyr, 1990-njy ýyllardaky Bosniýa urşy mahalynda bolsa, sekiz sany aýry-aýry ýerlerde saklanypdyr. Täze kitaphananyň binasy Katardan berlen serişde esasynda gurlupdyr. (Suratlar Midhat Poturowiçiňki, Azatlyk Radiosynyň Balkan gullugy)
Gadymy yslam kitaphanasy gaýtadan açyldy

1
Saraýewodaky Gazy Hüsrew beg kitaphanasynyň täze binasynyň işiginde

2

3
Katarly myhmanlar açylyş dabarasyna gatnaşýar. Katarly donorlar täze kitaphananyň gurluşygy üçin $8.8 million çemesi serişde berdiler.

4
Bosniýaly mekdep okuwçylary açylyş dabarasyna gatnaşýar.