Her dört täjik raýatynyň biri Orsýetde ýaşaýar we işleýär. Ksenia Diodorowa, sankt-peterburgly grafik dizaýner geçen gyş Pamir daglarynda, Täjigisnayň Dagly-Badahşan welaýatynda ýaşaýan maşgalalry surata düşürdi. Soň ol olaryň maşgalalryny maliýe taýdan goldamak üçin Orsýetde işleýän garyndaşlary bilen duşuşdy
Orsýetde we öýde, täjik migrantlarynyň ahwaly

1
Ksenia Diodorowa 2014-nji ýylyň ýanwaryny Täjigistanyň Dagly-Badahşan welaýatynyň Bartang obasynda geçirdi. Ol ogullary, gyzlary, doganlary ýa ene-atalary Orsýetde işleýän adamlaryň arasynda ýaşady.

2
Bu Täjigistanyň iň isolirlenen regionlarynyň biri. Gar agyr düşende ähli ýollar baglanýar. Ýollar ýaramaz, elektrik köp kesilýär, diňe bir obada mobil telefon işleýär.

3
Diodorowanyň Pamir daglarynda duşuşan sekiz adamy soň Orsýete geldi. Olar indi migrant işçi.

4
Çepde (Bardarada): Garibsoltonyň iki çagasy bar. Ol Moskwa birnäçe ýyl öň, miugallym bolup işleýän adamsy rakdan ýogalandan soň geldi. Ol söwda merkezinde bir özbek kafesinde gap-gaç ýuwýan bolup işleýär. Sagda (Moskwada): Garibsolton migrant işçileriň umumy ýatakhanasynda ýaşaýar. Ol kireýine aýda 3000 rubl töleýär, nahary mugt, galan aýlygyny yzdaky maşgalasyna iberýär.