Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwyň iň soňky tramwaýy

Aşakdaky fotosergini azerbaýjanly suratçy Mirnaib Hasanoglu Josef Koudelka bilen 2002-nji ýylda Bakuda taýýarlady. Koudelka “Magnum” surat agentliginiň çehiýaly agzasydyr. Hasanoglu fotosergi barada şeýle diýýär: “Josef maňa Bakuwyň tramwaýlary barada fotosergi taýýarlamagy maslahat berdi. Men onuň üstünde bir hepde işledim. Gynansakda ýa-da bagtyma diýsemmi?! Men fotosergini tamamlanymdan iki gün soň Bakuwdaky ähli tramwaý hyzmatlary togtadyldy. Şeýlelikde, daşky-gurşaw üçin hem amatly bolan bu transport serişdesi taryhyň sahypalarynda galdy. Men şu sebäpden fotoserginiň adyny “Iň soňky tramwaý” diýip atlandyrdym.”

XS
SM
MD
LG