Gazagystanda öli saýgak keýikleriň tapylan sebitiniň golaýynda ýerleşýän Kostanaý regionynyň Kabyrga obasynda häzirki wagtda öý haýwanlary ölýär. Gazagystanyň 2-nji iýunda beren resmi maglumatlaryna görä, ýurtda 132 müň saýgak keýigi öldüpdir. Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň habarçylary Kostanaý regionynyň Kabyrga obasynyň golaýynda bäş saýgak keýigiň jaýlanmadyk jesedini we başga bir sanysynyň hem çüýrän jesedini tapdylar. Gürrüňi edilýän sebitde saýgak keýikleriniň ölümi bilen baglanyşykly wakanyň bolandygy resmi taýdan tassyklansa-da, oba-hojalyk ministrligi Azatlyk Radiosyna bu barada kommentariý bermekden saklandy.
Saýgak keýikleriň ölen obasy
Gazagystanyň Kabyrga obasynda häzirki wagtda öý haýwanlary ölýär.

1
Gazagystanyň Amangeldi Kostanaý regionynyň merkezinden onlarça kilometr uzaklykda Kabyrga obasy ýerleşýär.

2
Bu obada jemi 34 ýaşaýyş jaýy bolup, olaryň aglabasy ýumrulandyr.

3
Obanyň ýaşaýjylary öz gün-güzeranyny maldarçylykdan görýär.

4
Ýaşaýjylar dermanlamak bilen baglanyşykly ýagan ýagyşdan soň, öý haýwanlaryň derisinde "ak çişleriň" emele gelip başlandygyny aýdyp şikaýat edýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen geçirilen dermanlamak çäresinden soň, 15 sany göle nämälim keselden ölüpdir.