Ilkinji gyşky olimpiýa oýunlary mundan 90 ýyl ozal, ýagny 1924-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Fransiýanyň Şamoni şaherinde geçirilipdi. Ilki bada bu "Semaine des Sports d'Hiver", ýagny "Halkara gyşky sport hepdeligi" ady bilen tanalýardy. Bu ýaryşdaky oýunlar 1924-nji ýylda geçirilen tomusky olimpiýa oýunlary bilen arabaglanyşyklydy we soňra ol ilkinji gyşky olimpiýa oýunlary diýip atlandyryldy.
Ilkinji gyşky olimpiýa oýunlary: Şamoni 1924 ýyl

1
Ilkinji gyşky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy döwründe Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gelen türgenler baýdaklaryny galgatýarlar. 1924-nji ýylyň 25-nji ýanwary, Fransiýanyň Şamoni şäheri

2
Şamoni şäherinde buzda taýmak üçin niýetlenen olimpiýa meýdançasy

3
Goldawçylar resmileriň stendleriniň öňünde ýygnanýarlar.

4
Türgenler olimpiýa kasamyny ýerine ýetirýärler.