Region görnüşleri #30

Aý tutulmasy mahalynda görünýän aý. 27-nji iýulda Kuweýte, bezeg çyralarynyň arasyndan geçip barýan suratçynyň alan suraty.  (AFP/Yasser Al-Zayyat)

Ýabany ýabylaryň Assatik kanalynda 97-nji ýyllyk poni ýüzmek ýaryşyna gatnaşyp, Assatik adasyndan Çinkotikdäki Çinkotige tarap ýüzýän pursatlary. Wirjinia. (AFP/Getty Images/Mark Wilson)

Afinanyň golaýyndaky Mati obasynda tokaý ýangynyň galdyran yzlarynyň asmandan alnan suraty. Gresiýanyň taryhyndaky iň häläkçilikli ýangynda azyndan 81 damyň ölendigi tassyk boldy. (AFP/Savvas Karmaniolas)

Suw joşgunynda Xepian-Xe Nam Noy gidroenergiýa bendi  synandan soň gelen sil suwuna ýüzüni ýuwýan adam.  Bu betbagtçylykda müňden gowrak adamyň ýitendigi aýdylýar.  Attapeu welaýaty, Laos. (Reuters/Soe Zeya Tun)
 

Suw çüwdürimleriniň arasynda oýnaýan çagalar. Andre Sitroen parky,  Pariž. (AFP/Alain Jocard)

Morokkanyň kenarlaryndan gelip, Gibraltar akymyndan günorta Ispaniýa aşan morokkalylar  Tarifada gämilere münýärler.  (Reuters/Jon Nazca)
 

Phenýandaky Çagalar köşgüniň tans studiýasynda tans edýän çagalar. Bu studiýa syýahatçylaryň Demirgazyk Koreýanyň paýtagtynda bolanlarynda köp barýan ýerleriniň biri bolup durýar. (AP/Dita Alangkara)

Londondaky Serpentinde guwuň ýanyndan ýüzüp barýan adam. (Reuters/Hannah McKay)

Karaçide umumy saýlawlar mahalynda milli saýlaw kartlaryny görkezýän saýlawçylar. Pakistan. (EPA-EFE/Shahzaib Akber)

Kwetta. 25-nji iýulda saýlaw stansiýasynyň daşynda janyndan geçen bombaçynyň özüni ýarmagy netijesinde ölen 31 adamyň arasynda wepat bolan dostunyň ýasyny tutýan pakistanly.  Bu hüjümiň jogapkärçiligini YD ekstremist topary öz üstüne aldy. 

Sweida. Janyndan geçen bombaçynyň özüni ýaran ýerini barlaýan siriýalylar. Döwlet mediasy ýurduň günortasynda bolan partlamada onlarça adamyň öldürilendigini aýdýarlar.  (SANA via AP)

Hindisatn, Srinagaryň etegi. Döwletiň betbagtçylyklara garşy göreşýän güýçleriniň agzasy Tailbaldaky silde gark bolan adamy gözleýär.  (Reuters/Danish Ismail)

Pakistanyň milli saýlawlarynda ses berýän aýallar. Peşawar, 25-nji iýul. (Reuters/Fayaz Aziz)

Ýagyşly gün palçykly meýdanda futbol oýnaýan oglanlar.  Dhaka, Bangladeş. (Reuters/Mohammad Ponir Hossain)

Seul, Gwanghwamun skwerindäki suw çüwdüriminde saklynlaýan çaga.  (EPA-EFE/Jeon Heon-Kyun)

Mati obasynda bolan tokaý ýangynyndan soň öz itini gözleýän aýal. Afinanyň golaýynda bolan ýangynda azyndan 60 adam öldi.   (Reuters/Costas Baltas)

Gresiýa. Afinananyň golaýyndaky Kinetadaky tokaý ýyngynynda ot söndürmäge synanaýn ýangyn öçüriji. (AFP/Valerie Gache)

Pakistanyň Tehrik-e-Insaf (PTI) syýasy partiýasynyň lideri Imran Hanyň goldawçylary Karaçide gurnalan saýlaw kampaniýasy mahalaynda onuň çykyşyny diňleýärler. (EPA-EFE/Shahzaib Akber)

Kosowa, Gjakowa şäheriniň golaýynda ýyllyk ýokardan suwa bökmek bäsleşigine gatnaşyjyny synlaýan adamlar.  (AP/Visar Kryeziu) 

Peşawaryň eteginde tigirli, partiýa baýdagy bilen köprüden geçýän adam. Pakistan. (Reuters/Fayaz Aziz)

Gresiýanyň Kineta şäherçesiniň adamlary ýanýan tokaýy synlaýarlar, 23-nji iýul. (AFP/Angelos Tzortzinis)

Budapeştiň Azatlyk köprüsinde oturan adamlaryň arkasyndan Buda galasy görünýär. Wengriýa. (Reuters/Bernadett Szabo)