Region görnüşleri #32

Portugal, Silwesiň golaýynda, tokaý ýangyny Pedeýra ýakynlap gelýän wagtynda ýoldan ýöräp barýan adam. (Reuters/Pedro Nunes)

Moskwanyň etegindäki Alabinoda Halkara uruş oýunlary mahalyndaky tank ýaryşynda Orsýetiň T-72 B3 tankynyň işleýşine syn edip duram adam. (Reuters/Maxim Shemetov)

Karaçi, köne demirýoluň boýunda güjükleri bilen oýnaýan doganlar.  Pakistan. (Reuters/Akhtar Soomro)

Içerki bosgunlaryň wagtlaýyn lagerindäki oglan. Ýemen, Marib welaýaty. (epa-EFE/Yahya Arhab)

Gürji-rus urşunyň 10 ýyllygyna gabat söweşde wepat bolan gürji esgerleriniň Tbiliside jaýlanan gonamçylygynda 8-nji awgustda geçirilen hatyra gününde  71 ýaşyndaky Dali Baramidze öz ogly Leri Laguraşwiliniň mazarynyň başynda aglýar. (Reuters/David Mdzinarishvili)

Moskwanyň eteginde sport dükanynyň öňünden geçip barýan garry aýal.  (AFP/Kirill Kudryavtsev)

Maýyp arabasyndaky owgan erkegi pyýada Hyratdan Kabula barmak üçin 1800 kilometr aralyga uzaýan Parahatçylyk ýörişine goşuldy. 7-nji awgust. (EPA-EFE/Jalil Rezayee)

Belgrad, Dunaý derýasynyň boýundaky Lido kenarynda salkynlaýan adam. (AFP/Oliver Bunic)

Türkiýe, Kappadokiýa, syýahatçylary asmana alyp baýan gyzgyn ýel berlen şarlar. (AP/Emrah Gurel)

Pakistanly saglyk işgäri Lahorda bir çaga polio waksinasyny edýär. (AP/K.M. Chaudary)

Minskden 160 km uzaklykdaky Beleýa serkow obasynda Sprawa festiwalynyň gün ýaşar uçurlarynda başlanjak konsertine garaşýan adamlar. People wait inside a church's ruins for a concert to start at sunset during the Sprava festival in the Belarusian village of Belaya Tserkov, some 160 kilometers from Minsk. (EPA-EFE/Tatyana Zenkovich)

Argentin aktiwistleri çaga düşürmegiň kanunlaşdyrylmagyna tarapdar bolup, kanadaly ýazyjy  Margaret Atwoodyň "Hyzmatçy aýalyň ertekisi" romyndanky gahrymanlaryň eşiiklerini geýip, Buenos Aýresdäki Ýatlama parkynda çykyş edýärler. 5-nji awgust.  (AFP/Alejandro Pagni)

Uly ýoluň boýunda ot alan fermanyň üstünden suw guýýan howa tankeri. Klearlake Oaks, Kalifornia, 5-nji awgust. (AFP/Noah Berger)

LGBT jemgyýetiniň agzalarynyň Sankt-Peterburgyň merkezinde geçiren ýygnanaşygy mahalynda Ermitaž döwlet muzeýiniň depesinde, rus baýdagynyň aşagyndaky haja baglanan älemgoşar reňkli lenta, 4-nji awgust. (Reuters/Sergei Konkov)