Region görnüşleri #35
Filippinleriň Eumir Felix Marcialy (çepde) we Özbegistanyň Israil Madrimowy Jakartada,18-nji Aziýa oýunlarynda orta agramdaky erkekleriň arasynda geçirilýän boks bäsleşiginde güýç synanaşýar. Marcial ýeňildi. (AP/Lee Jin-man)
Gowulygy arzuw edýänler Afrikaly amerikanlaryň taryhy boýunça Çarlz H. Wright Muzeýiniň daşynda beýik aýdymçy Aretha Franklin barada ýazgy galdyrýarlar. Franklin 16-njy awgustda, 76 ýaşyndan düwnük keselinden ýogaldy. (AP/Paul Sancya)
Gaza şäheri. Okuwyň birinji güni klasda oturan gyzlar. Ýüzlerçe palestin çagasy Gaza zolagynda, BMG-niň köp mekdebi maliýeleşdirmegine okuwa başalýar. (AP/Felipe Dana)
Serbiýada geiçirlýän gril/kebap festifalynda 6.1 kg agramdaky äpet börgeri bişirýan aşpezleri synlaýan adamlar. Leskovac, Serbia. (AFP/Oliver Bunic)
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramyň meýletinçi öňdebary toparynyň agzasy 30-njy awgustda Indianada, Evansvillede kampaniýa protestçisiniň suratyny aljak bolýan suratçynyň öňüni baglaýar. (AP/Evan Vucci)
Kiýewdäki rus ilçihanasynyň öňünde gündogar Ukrainada barýan urşuň we Ilovaisk şährinde bolan ganly söweşiň dört ýyllygyna gabat guralan protrest mahalynda rus prezidenti Wladimir Putiniň garantgasyny ýakýan protestçiler. (Reuters/Serhii Nuzhnenko)
Mejbury ýitireim edilenleriň halkara gününde ýiten adamlaryň atlary ýazylan kagyzlary galdyryp duran protestçileriň arasynda durup, aglaýan aýal. Pristina, Kosowo, 30-njy awgsust. (Reuters/Laura Hasani)
Moskwa metrosynda öz çagasyny göterip barýan aýalyň diwarda şöhlenen şekili. (AP/Aleksandr Zemlianichenko)
Karaçi, Pakistan, ýetip gelýän otlynyň öňünden demirýoly kesip geçýän adamlar. Bu ýurtda her ýyl ýüzlerçe adam otly kakyp ölýär ýa maýyp bolýar. (EPA-EFE/Rehan Khan)
Bazarda satmak üçin gämä balyk ýükleýän hindi balykçylkary. Brahmaputra derýasy, Ujanbazar Ghat, Guwahati. (AFP/Biju BORO)
Grek heýkeltaraşy George Zongolopoulosyň "Saýawanlar" heýkeliniň aşagynda surat alýan adamlar. Thessaloniki. (AFP/Sakis Mitrolidis)
Uzak wagtlyk ABŞ senatory Jon Makkeýniň aýaly Sindi Makkeýn Arizonada guralan hoşlaşyk dabarasynda adamsynyň tabydyna baş egýär. Wýetnama urşunyň gahrymany we ozalky prezidentlige kandidat Jon Makkeýn 25-nji awgustda beýni düwnüginden, 81 ýaşynda aradan çykdy. ((Reuters/Ross D. Franklin/Pool)
Günüň ýaşýan çagynda merkezi Moskwada pyýadalar köprüsinden geçip barýan adamlar. (AFP/Vasily Maximov)
Gang derýasyna bökýän hindi oglany. Juşi töweregi, Allahabad. (AFP/Sanjay Kanojia)
Ispaniýa, Walensiýanyň 50 km uzaklygynda ýerleşýän Bunol obasynda geçirilýän Pomidor festiwalyna gatnaşyjylar bir-birine pomidor zyňýar. Bu festiwalda bir sagatlyk pomidor zyňyşmaga gatnaşýan 20 müň çemesi adam üçin 160 tonna pomidor getirilip döküldi, köpüsi daşary ýurtlardan.(AP/Alberto Saiz)
Okuw ýylynyň birinji gününde mekdebe barýan palestin çagalary. Günorta Hibron, Ýattanyň ýanyndaky Sosio obasy. Günbatar kenar. 29-njy awgust. (EPA-EFE/Abed Al Hashlamoun)
Kiýewdäki rus ilçihanasynyň öňünde gündogar Ukrainada barýan urşuň dört ýyllygyna gabat söweşde öldürilen ukrain esgeleriniň şekillerinde ýüzlerçe haç oturdyldy. (AP/Efrem Lukatsky)
Makedon prowaslaw baýramçylygynda ybadathanada ýakylýan şemler. Skopje, Makedonia. (EPA-EFE/Georgi Licovski)
Rus prezidenti Wladimir Putiniň pensiýa reformasy barada edýän çykyşyny telewisordan diňleýän ýaşuly. IWanowa, 29-njy awgust. (TASS/Vladimir Smirnov)
Ýalta. Bikanun anneksiýa edilen Krym ýarymadasynda güneşläp oturan jübüt. (RFE/RL)
25-nji awgustda Germaniýanyň Çemnitz şäherinde bir adamyň pyçaklanyp öldürilen ýerinde polisiýa yşarat edýän sag-gabat protegtestçiler. Polisiýa 35 ýaşyndaky adamyň şäher festiwaly mahalynda dürli mellet wekilleriniň özara darkaşynda pyçaklanandygyny aýtdy. (EPA-EFE/Filip Singer)
Pragadaky rus ilçihanasynyň öňünde Orsýetde terrorçylykda aýyplanan we türmä basylan, häzir açlyk yglan edýän ukrain kinoçysy Oleg Sentsowyň boşadylmagyny talap edip gurnalan proteste goşulan adam. (Reuters/David W. Cerny)
Tigir derýasynyň boýundaky gadymy Hasankeyf şäheriniň umumy görnüşi. Günorta-gündogar Türkiýede gurulýan Ilsuw bendi bu şäher suwa basdyrar öýdülýär. (Reuters/Sertac Kayar)
Minskiniň etegindäki köl boýunda gurnalan Azat Pianino çäresinde saz çalýan sazanda. (EPA-EFE/Tatyana Zenkovich)
Türkmenistanly Hojamuhammet Toýçyýew Aziýa oýunlarynda 105 kg agramy götermäge synanýar. Jakarta. (AFP/Chaideer Mahyuddin)
Sibiriň Telniki obasynyň eteginde arpa oragynyň asmandan alnan suraty. . (Reuters/Ilya Naymushin)
Günorta Koreýa, Birleşik ybadathanasynda köpçülikleýin nika dabarasyna gatnaşýan jübütler. Gapyeong. (Reuters/Kim Hong-Ji)