Geçirilen pikir soralyşyklar partiýalaryň hiç biriniň sesleriň aglaba köplügini alyp bilmejekdigini görkezse-de, Gürjüstanyň iki möhüm syýasy güýji öz partiýalaryny taryplap, 8-nji oktýabrda geçjek milli saýlawlarda olaryň saýlanmak şansyny ýokarlandyrmaga synanyşýarlar.
16-njy iýunda Çeçenistanyň 41 kanun çykaryjysy parlamentiň spikeri Magomad Daudowyň kanun çykaryjy organy dargadyp, parlament saýlawlaryny möhletinden öň geçirmek bardaky teklibini biragyzdan oňladular.
Bäş ýyl mundan öň, 2004-nji ýylyň 21-22-nji iýunynda çeçen weteran komandiri Şamil Basaýewiň söweşijileri Içeri işler ministrliginiň baş binasyna we Inguşystanyň paýtagty Nazrandaky polisiýa degişli beýleki binalara hüjüm etdiler. Şol wagt içeri işler ministriniň wagtlaýyn wezipesini ýerine ýetiriji polkownik Abubakar Kostoýew we orunbasary Zaudin Kotiýew hem-de iki sany ýerli prokuror heläk boldy. Şondan bäri çeçen garşylygy üç tendensiýa bilen pan-Kawkaz radikal Yslamçy hereketine öwrüldi.
Sekiz aý mundan ozal, Orsyýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew tarapyndan Inguşystanyň prezidenti wezpesine bellenen harby razwedka ofiseri Ýunusbek Yewkurow, 22-nji iýnda Nazrandan Magasa barýarka ýolda maşynynda bolan bomba partlamasy netijesinde agyr ýaralandy.