Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanyň Nebit-gaz we mineral serişdeleri ministrligi

Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça Döwlet agentligi Londondaky wekilhanasyny ýapýar. Prezident G.Berdimuhamedow ýakynda bu baradaky karara gol çekdi.


Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky we Demirgazyk Irlandiýadaky bu nebit-gaz weikilhanasyna prezidentiň giýewsi ýolbaşçylyk edýärdi. Wekilhana näme sebäpden ýapylyp bilner?

Resmi maglumatlarda G.Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça Döwlet agentliginiň Beýik Britaniýadaky we Demirgazyk Irlandiýadaky wekilhanasyny ýapmagynyň sebäbi agentligiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we onuň netijeliligini artdyrmak bilen baglanyşdyrylýar.

Emma käbir garaşsyz synçylar Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça Döwlet agentliginiň Londondaky wekilhanasynyň ýapylmagynyň başga sebäpleriniň hem bardygyny çak edýärler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin üç ýyla golaý wagt bäri işleýän wekilhananyň işiniň anyk netijesiniň göze ilmeýänligini aýdýar. Ol ýangyç-energiýa pudagy Türkmenistanyň esasy girdeji çeşmesi, emma ony reformirlemek boýunça hökümetiň yglan eden çäreleri talabalaýyk netije berenok diýýär.

Prezidentiň garyndaşlygy

Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky we Demirgazyk Irlandiýadaky nebit-gaz weikilhanasy prezident G.Berdimuhamedowyň giýewsi Döwlet Atabaýewiň ýolbaşçylygynda işläp gelipdi.

Atabaýewiň ady ýakynda “WikiLeaks” internet saýtynda hem çap edilen Türkmenistana degişli maglumatlarda agzalypdy. Hususan-da, amerikan diplomatlarynyň 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatdan ýollan hatlarynyň birinde Döwlet Atabaýewiň işine degişli içerki derňewleriň geçirilýänligi habar berlipdi. “Onuň uçran bu kynçylyklaryna Londonyň golaýynda emläk satyn alamagynyň sebäp bolanlygy çak edilýär” diýlip, “WikiLeaks”-iň maglumatlarynda aýdyldy.

Farid Tuhbatullin Berdimuhamedowyň giýewsiniň ýolbaşçylygyndaky ofisiň ýapylmagyna prezidentiň ýakyn garyndaşynyň adynyň “WikiLeaks”-de agzalmagynyň sebäp bolup biljekligini hem aradan aýyrmaýar, emma munuň hakykatdanam şeýledigini ýa-da däldigini tassyklamakdan saklanýar.

Farid Tuhbatullin Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça Döwlet agentliginiň Londondaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy çalşyrylman, eýsem wekilhananyň düýbünden ýapylmagy bu ýerde esasy sebäp Döwlet Atabaýewiň işi ýa şahsyýeti bilen baglanyşykly däldir diýen pikiri döredýändigini aýdýar.

Çak edilýän beýleki sebäpler

Moskwadaky strategik barlaglar institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni, syýasaty öwreniji Aždar Gurdow Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod agentliginiň daşary ýurtdaky ofisiniň ozalbaşda hut Londonda açylmagynyň sebäbini Britaniýanyň “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasynyň audit barlaglary bilen baglanyşdyrýar.

“Iki-üç ýyl ozal G.Berdimuhamedow daşary ýurt inwestorlary tarapyndan Türkmenistanyň gaz ätiýaçlyklary babatda bildirilýän şübheleriň soňuna çykmak üçin “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasyny saýlap alypdy. Türkmen metbugaty ony dünýäniň iň iri audit kompaniýasy hökmünde tanadan hem bolsa, hakykatda bu kompaniýa dünýäde audit däl-de, konsalting, ýagny maslahat beriji hyzmatlary bilen tanalýan kompaniýa” diýip, A.Gurdow belledi.

“Gaffney Cline & Associates” Türkmenistanyň “Günorta Ýolöten - Osman” ýatagynyň gaz baýlyklaryny 14 trillion kubometr möçberde kesgitläp, ululygy boýunça dünýäde dördünji orunda diýip, yglan eden kompaniýa.

A.Gurdow Türkmenistanyň ägirt uly gaz baýlyklaryny “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasyna tassyklatmak işine pezidentiň ýanyndaky döwlet agentliginiň Londondaky wekilhanasynyň öz goşandyny goşandygyny çak edýär. Ol Aşgabat üçin amatly audit netijeleri ençeme gezek yglan edilensoň, indi Aşgabadyň Londondaky wekilhanasyny saklamak zerurlygynyň ýoklugyny belleýär

Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak baradaky Döwlet agentliginiň özünden agentligiň Londondaky wekilhanasynyň açylmagynyň we ýapylmagynyň sebäplerine we onuň alyp baran işlerine degişli maglumatlary alyp bolmady. Agentligiň resmileri Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde özlerinde bu barada maglumatyň ýokdugyny we kommentariýa bermeýändiklerini aýtdylar.

Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we ulanmak boýunça Döwlet agentligi 2007-nji ýylyň 10-njy martynda president G.Berdimuhamedowyň gol çeken permany esasynda döredilipdi. Onuň öňünde inwestision tekliplere garamak, uglewodorod resurslary bilen bagly işlere lisenziýa bermek, gepleşikler geçirmek, daşary ýurt guramlary bilen gazgeçirijileriň gurluşygyna we ulanylmagyna degişli ylalaşyklary baglaşmak maksatlary goýuldy.
21-nji dekabrda Orsýetiň MTS mobil kompaniýasy Türkmenistanda öz aragatnaşyk hyzmatlaryny togtatmaly bolupdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar serişdeleri üçin ýaýradan maglumatynda şeýle diýilýär: “Soňky döwür Orsýetiň käbir habar serişdelerinde MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda işini togtadanlygy bilen bagly esassyz informasiýalar peýda boldy. Şolarda beýan edilýän faktlar hakykata bap gelmeýär. Ol MTS kompaniýasy bilen türkmen tarapynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň manysyny ýoýýar”.

Maglumatda MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işi baradaky şertnamanyň bäş ýyllyk möhletiniň dolandygy, şertnamany ýatyrmagyň kanuny esaslarynyň bardygy beýan edilýär.

Beýanatda ýene-de şeýle diýilýär: “Häzir tutuş ýurduň territoriýasynda Türkmenistanda mobil aragatnaşygynyň kadaly işlemegi üçin zerur tehnologik, kadrlar, guramaçylyk mümkinçilikleri, häzirki zaman enjamlary hem gerekli infrastruktura bar. Milli operatorlar öz müşderilerine halkyň islegini doly kanagatlandyryp bilýän hyzmatlar toplumyny berýär. Şunuň bilen bagly MTS-iň Türkmenistanda işini togtatmagy netijesinde Türkmenistanyň ilatynyň aragatnaşyk hyzmatynda problemalaryň ýüze çykandygy baradaky informasiýalar hem hakykata bap gelmeýär”.

Azatlyk Radiosy şu mesele barada Awstriýada ýerlşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid, siz bu beýanat barada näme diýersiňiz?

“Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin
F.Tuhbatullin:
Birinjiden, Türkmenistanyň DIM–niň şunuň ýaly habarlary diňe daşary ýurt habar serişdelerinde çap edilýär. Maňa belli bolşuna görä, ýurduň içindäki habar serişdelerinde şol maglumatlar halka ýetirilmeýär.

Ikinjiden, Türkmenistanyň ýolbaşçylary şunuň ýaly habar çap edenlerinde, özlerinde jogapkärçilik duýmaýarlar. Iki million gowrak adam Türkmenistanyň ilatynyň ýarpysy. Olar aragatnaşykdan mahrum boldular. Olar şol kynçylygy gerdenlerinde çekip otyrkalar, Türkmenistanyň DIM-niň “hiç hili problema ýok” diýip, çap edýän informasiýasy gaty geň galdyrýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen häkimiýetleriniň bu hereketlerine siz nähili garaýarsyňyz?

F.Tuhbatullin: Birinjiden, bu öz halkyňy kemsitmek. Ikinjiden, göz-görtele halkara jemgyýetçiligini aldamak. Çap edilen informasiýany diňe biz, siz däl, Türkmenistanda beýleki ýurtlaryň ilçihanalary bar, BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň, ÝHHG-niň merkezleri bar. Olar bolup geçýän wakalary gözleri bilen görüp, onuň täsirini duýup otyrlar. Olar Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynyň bahasynyň kör-köpükdigini bilip otyrlar.

Ýuridik taýdan Orsýetiň MTS kompaniýasynyň pozisiýasy Türkmenistanyň pozisiýasyndan güýçli. Ylalaşdyryjy halkara suduna ýüz tutulanda, onuň ýeňiş gazanmagy mümkin. Türkmenistanyň DIM-niň şunuň ýaly oýlanyşyksyz beýanatlary gynandyrýar.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň MTS kompaniýasy Türkmenistanda bäş ýyl işledi. Enjamlar getirip, işi ýola goýdy, onuň hyzmaty türkmenistanlylarda isleg döretdi. Iş, biznes kämillik derejesine ýetende, ol halk köpçüliginiň isleginden, hormatyndan peýdalanýan wagty onuň ýatyrylmagy Türkmenistanyň halkara abraýyna hem daşary ýurt inwestisiýalarynyň geljekde ýurda çekilmegine nähili täsirler ýetirip biler?


F.Tuhbatullin: Ol Türkmenistanyň içki ykdysadyýetini goşmak bilen gep-gürrüňsiz ýaramaz täsir ýetirer. MTS “Altyn asyryň” bäsdeşidi, “Altyn asyr” özüne müşderi çekmek üçin bahalary aşakladypdy, başga-da birnäçe çäreler geçiripdi. Indi bäsdeş ýok. Bu ýagdaý “Altyn asyryň” hyzmatynyň hiline ýaramaz täsir ýetirer, sebäbi ýaryş ýok.

Halkara täsir barada aýdylanda, bu dawanynyň kimiň peýdasyna tamamlanmagynyň tapawudy ýok, köp sanly daşary ýurt kompaniýalary türkmen häkimiýetleri bilen iş salyşmazdan öň sagyna-çepine gowy serederler, “ýedi ölçäp, bir keserler”. Munuň sebäbi belli - MTS kompaniýasynyň Türkmenistana ýatyran inwestisiýasy ýitirilen pullar, zaýalanan nerwiler bolup çykdy. Şeýle ykbalyň beýleki potensial inwestorlara-da garaşýandygy bolup biljek ýagdaý. Indi Türkmenistana, şol sanda “Awaza” inwestisiýa goýmaga hyýallanan daşary ýurt kompaniýalary bu planlaryndan saklanarlar ýa ýüz öwrerler.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG