Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

“Nabukko” konsorsiumynyň dolandyryjy direktory Raýnhard Mitsçek
“Nabukko” konsorsiumynyň dolandyryjy direktory Raýnhard Mitsçek türkmen resmileriniň “Nabukko” bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky planlaryna gowy baha berýär. Onuň aýtmagyna görä, Ýewropanyň iri gaz kompaniýalary türkmen tarapy bilen gepleşiklere başlan bolmaly.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi “Nabukko” konsorsiumynyň ýolbaşçysy Raýnhard Mitsçek bilen interwýu geçirdi.

Azatlyk Radiosy: 19-njy noýabrda Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Baýmyrat Hojamuhammedow Türkmenistanyň Ýewropa her ýylda 40 milliard kubmetr tebigy gaz satmak üçin ýörite infrastrukturany taýýarlaýandygyny aýtdy. Ol Ýewropa gaz babatda alada etmesin diýdi. Siz muňa nähili baha berýärsiňiz?

Raýnhard Mitsçek: Biz türkmen resmileriniň “Nabukko” dogruda aýdanlaryna çynlakaý we oňyn garaýarys. Türkmenler hem öz tebigy gazyny Ýewropa akdyryp bilerler. Türkmenistan Hytaý, Orsýet we Eýrandan başga-da Ýewropanyň bazarlaryna hem öz gazyny akdyrmak isleýär. “Nabukko” arkaly türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak mümkin. Türkmenistan “Nabukko” proýekti üçin gaz satyn alynjak ýurtlaryň biri hasaplanýar. Bu mesele Transhazar gaz geçirijisiniň gurulmagyna esas bolar. Berilýän wadalar, biziň pikirimizçe, örän pozitiw.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidenti ýurtda esasy kararlary kabul edýän adam hasaplanýar. Ol geçen ýylyň iýulynda Stambulda, noýabr aýynda bolsa Bakuwda “Nabukko” boýunça hyztmatdaşlyk etjekdigni bildirdi. Eýse, siz näme üçin “Nabukko” barada Türkmenistan bilen ylalaşyga heniz gol goýmadyňyz?

Raýnhard Mitsçek:
Biz muňa taýýarlyk görýäris. “Nabukko” gaz geçirijisi üçin göni gaz satyn alynmaýar. Diýmek, biz prezident, “Türkmengaz” ýa-da wise-premýer Hojamuhammedow bilen göni gepleşik geçirmeýäris. Bu Ýewropanyň iri gaz şirketleriniň, şol sanda “Nabukko” konsorsiumynyň agzalarynyň borjy. Olar türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça Türkmenistan bilen gepleşik geçirýärler. Olar häzir Türkmenistandan Ýewropa gaz akdyrmagyň şertleri barada hem gürrüň edýärler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan gündogar-günbatar gazgeçirjisini gurup başlady. Şol turba arkaly türkmen gazy Hazaryň ýakasyna ýetiriler. Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistanyň Hazardaky milli sektoryndaky 1-nji blokdan 10 milliard kubmetr gaz satjakdygy hem çaklanylýar. Siz şol gazy satyn almak barada alada edýäňizmi?

Raýnhard Mitsçek: Biz bu gazy satyn almaga isleg bildirýäris. Türkmen döwletiniň gündogar-günbatar gaz geçiriji proýekti hem “Nabukko” üçin peýdaly we ol biziň planymyzy goldaýar. Bu ýagdaý “Nabukko” proýektiniň maliýe serişdeleri bilen üpjün bolmagyna we geljekde şol turbany gurmak planlarymyza kömek edýär. Türkmensitan, bir tarapdan, öz gazyny Ýewropa akdyrmak üçin düýpli gurluşyk edýär. Beýleki tarapdan, Transhazar gazgeçirijisiniň gurluşygy üçin hem şert döredýär.

Azatlyk Radiosy: Emma, Transhazar gaz geçirijisini gurmazdan ozal Hazar deňziniň statusy belli edilmeli diýilýär. Onuň statusy entegem kesgitlenenok. Munuň “Nabukko” proýektine päsgelçilik döretmegi mümkinmi?

Raýnhard Mitsçek: Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda Transhazar gazgeçirijisiniň gurulmagy Halkara kanunlaryna laýyk gelýär. Bu barada “Nabukko”-da ýörite sertifikat hem bar.

Azatlyk Radiosy: Şu hepdäniň ahyrynda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroso we Ýewropa Bilelesiginiň energiýa boýunça komissary Günter Öttinger Azerbaýjana we Türkmenistana sapar edýärler. Siz bu sapardan nämä garaşýarsyňyz?

Raýnhard Mitsçek: Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barroso bilen Bileleşigiň energiýa boýunça komissary Günter Öttingeriň bu saparlarynda regionyň energiýasyny import etmek boýunça Ýewropanyň mümkinçilikleri we düýpli gurluşyklar barada gepleşik geçiriler. Bu biziň “Nabukko” proýektimiz üçin uly kömek. Sebäbi “Nabukko” ýaly ägirt uly proýekti amala aşyrmak üçin syýasatçylaryň hem goldawy zerur.
ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň Baş serkerdebaşysy general Jeýms Mattis

Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň Baş serkerdebaşysy general Jeýms Mattisi kabul etdi.

Sişenbe güni geçirilen duşuşyga general Jeýms Mattis bilen birlikde Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanda işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Eýlin Malloý hem gatnaşdy.

Türkmenistana ýörite amerikan delegasiýasyna ýolbaşçylyk edip baran ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň Baş serkerdebaşysy general Jeýms Mattis prezident G.Berdimuhamedow bilen bu duşuşygynda Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň geljekde-de Türkmenistan bilen köp ugurly gatnaşyklary ösdürmekçidigini nygtapdyr.

Türkmen döwlet telewideniýesi prezident G.Berdimuhamedowyň hem öz gezeginde Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtandygyny habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplaryň özara hyzmatdaşlyklaryň mümkinçilikleri, hususan-da, ähliumumy howpsuzlygy üpjün etmek, bikanun neşe gaçakçylygy, guramaçylykly jenaýatçylyk we terrorçylyk ýaly howplara garşy göreşmek meseleleri barada pikir alşandyklary habar berilýär.

Prezident G.Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Türkmenistanyň habar serişdelerine beren interwýusynda ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň Baş serkerdebaşysy general Jeýms Mattis özüniň bu duşuşykdan hoşaldygyny aýtdy.

Elbetde, beýleki tarapdan, Merkezi Aziýa regionynda Orsýetiň hem geosyýasy bähbitlerini göz öňünde tutup, öz täsirlerini saklamak ugrunda tagalla edýändigini görmek bolýar.

Emma türkmenistanly käbir synçylar, şol sanda ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem demokratik taýdan tejribe öwrenmek meselesinde Türkmenistanyň Orsýet bilen gatnaşyklara görä, ABŞ bilen gatnaşyklardan has uly bähbit görjekdigini aýdýar.

Owganystan meselesi

Owganystanda harby operasiýalary alyp barýan Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan bilen howpsuzlyk meselesindäki hyzmatdaşlyklara-da uly üns berýär.

1994-nji ýylda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen birlikde Türkmenistan hem NATO Harby Bileleşigi bilen Parahatçylyk ugrunda partnýorlyk hyzmatdaşlygy baradaky ylalaşyga gol çekipdi. Merkezi Aziýa regionynda iň soňky bolup Täjigistan NATO bilen şeýle ylalaşyga 2002-nji ýylda gol çekdi.

«Eurasianet.org» internet saýty Birleşen Ştatlaryň Goranmak boýunça üpjünçilik agentliginiň (Defense logistics agensy) metbugat sekretary Mişel MakÇaskiniň sözlerine salgylanmak bilen, Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandan we Azerbaýjandan harby maksatlar üçin alýan ýangyçlarynyň ýurt üçin örän amatlydygyny ýazýar.

Bu saýtyň ýazmagyna görä, Birleşen Ştatlar bu iki ýurtdan satyn alýan ýangyçlary üçin bu ýurtlara goşmaça salgyt tölemeýär.

Mundan daşary, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Owganystanda hereket edýän amerikan kärhanalaryny-da ýangyç bilen üpjün ediji esasy ýurtlar bolmaklarynda galýandyklary habar berilýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG