Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

A.Platonow 1899-njy ýylda dünýä inip, 1951-nji ýylyň 5-nji dekabrynda hem aradan çykypdy.
XX asyrda ykrar edilmedik görnükli rus ýazyjysy Andreý Platonowyň aradan çykanyna 60 ýyl boldy. Eger soňky ýyllarda dörän geň ýagdaý bolmasa, bu ýazyjynyň aradan çykan güni beýle ýatlanmazdy ýa-da oňa ähmiýet berilmezdi. Ýöne onuň ölüminden wagt ara açdygyça, ol biziň durmuşymyza golaýlaşýar hem onuň edebi hyzmaty beýgelýär.

A.Platonow 1899-njy ýylda dünýä inip, 1951-nji ýylyň 5-nji dekabrynda hem aradan çykypdy. Ol döredijilik işine ir başlady. 1931-nji ýylda A.A.Fadeýewiň hem I.W.Staliniň ýiti tankydyna duçar boldy. 1935-nji ýylda ony “Prawda” gazeti ýaňadan tankyt etdi. 1947-nji ýylda ol iň soňky gezek tankytlandy hem Sowet durmuşyna töhmet atýanlykda aýyplandy. Şondan soň onuň eserlerine doly diýen ýaly gadaganlyk girizilidi.

Ömrüniň manyly bölegini Sowet aňtaw gulluklarynyň yzarlamalary hem dürli gysyşlary astynda geçiren bu ýazyja ölenden soň hem rahatlyk bolmady. Aslynda bolsa Nobel baýragynyň eýesi Iosif Brodskiý ony Jeýms Joýs, Robert Muzil hem Frans Kafka bilen deň hatarda goýupdy. Bu ýazyjynyň döredijiliginiň belli bir çägi Türkmenistan bilen baglanyşykly.

1934-nji ýylda Moskwadan Merkezi Aziýa ýollanan ýazyjylaryň toparynda Andreý Platonow hem bardy. Ol Türkmenistan babatda jemgyýeti oýlandyryp bilýäjek meseleleriň üstünde durdy hem birnäçe eser ýady. Onuň “Takyr” hekaýasy öz döwründe ykrar edildi.

Soňra 60-70-nji ýyllarda “A.Platonowy türkmenler kabul etmez. Sebäbi ol bu halky kemsidýär” diýen gürrüňler ýaýradyldy. Megerem, şonda onuň “Jan” powestini hem ýol ýazgylaryny göz öňünde tutan bolsalar gerek.

Türkmenleriň tanaýşy

Bize A.Platonowy ilkinji tanadan belli kino režissýor Bulat Mansurow boldy. Çärjewde doglan bu ynsan “Şükür bagşy” filmi bilen uly abraýa eýe bolupdy. Ol 1968-nji ýylda A.Platonowyň “Takyr” hekaýasy esasynda “Gyrnak” atly filmi surata düşürdi. Filmiň operatory Hojaguly Narlyýewdi, filme saz ýazan şol wagtlar ýaş kompozitor Rejep Rejebowdy. Filmde Aman Ödäýew, Göwher Nurjanowa, Nabat Geldiýewa, Hojadurdy Narlyýew, Sary Garryýew, Baba Annanow hem Sabyr Ataýewa ýaly belli hem näbelli ýaş artistler surata düşüpdiler. Film 1970-nji ýylda köpçülige görkezildi.

80-njy ýyllaryň agaýgynda belli türkmen režissýory Kakajan Aşyrow A.Platonowyň “Jan” powestini sahna çykardy hem örän uly üstünlik gazandy. Ol sahna eseri şo döwürde SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy.

90-njy ýyllaryň başynda belli terjimeçi hem ýazyjy Sapargeldi Annasähet Iner ogly A.Platonowyň Türkmensitan bilen baglanyşykly gysga eserlerinden, aýratyn-da ýol ýazgylaryndan käbirini terjime etdi.

Şeýlelikde, onuň ölüminden wagt geçdigiçe, ol bize has ýakynlaşdy hem açyk boldy. Şol sanda onuň eserleri rus we düný okyjylaryna-da, öz ýazylan wagtyndan ýarym asyr geçenden soň ýetip başlady. Onuň 1926-1929-njy ýyllarda döreden eserleri diňe 1978-nji ýylda ABŞ-da çap edildi. Onuň öz ýurdunda bolsa 1987-nji ýylda “Ýuwenil deňzi” hem “Kotlowan”, 1988-nji ýylda hem “Çewengur” romany çap edildi.

Eýsem, näme üçin Andreý Platonowy türkmenler halamaz ýa-da ony ýigrener diýdiler? Sebäbi ol türkmeniň gaty agyr durmuş şertlerini, onuň gyrlyp, ýok bolup gitmek derejesindäki ýaşaýyşny beýan edipdi. Aslynda ol diňe türkmenleri däl, owaly bilen rus durmuşynyň iň agyr hem tragiki taraplaryny beýan edipdi. Ol bolşewikleriň durmuşa girizýän akyla sygmajak täzeliklerini ýazgarýardy. Şonuň üçin ol dürli yzarlanmalara sebäp boldy we eserleri berk gadagançylyga düşdi.

Indi bu günki günde Andreý Platonowyň Türkmensitan bilen baglanyşykly ähli ýazanlaryny terjime edip, halka ýetirmäge doly mümkinçilik bar.

Hudaýberi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Zoze Manuel Barroso we ÝB-niň energiýa komissary Günter Öttinger (çepde) Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow bilen duşuşýar, 15-nji ýanwar, 2011.

Şenbe güni Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barrosonyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Žoze Manuel Barroso özara gepleşik geçirdiler.

Berdimuhamedow Barroso bilen duşuşykda.
«Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen bu gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar. Duşuşykdan soň, özara gepleşikler Türkmenistanyň we Ýewropa Komissiýasynyň ýörite delegasiýalarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Bu soňky duşuşykda eden çykyşynda türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz ýangyç-energetika syýasatynda Ýewropa tarapy bilen hem aktiw hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy we bu hyzmatdaşlygyň anyk ýollary barada-da durup geçdi.

Eksport ýollary

Berdimuhamedow, hususan-da, türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazarlaryna çykarmagyň ýollary barada gürrüň edilende, bu meselede birnäçe wariantlaryň bardygyny aýdyp, kommersiýa, maliýe we infrastruktura nukdaýnazaryndan iň bir özüne çekiji wariantlardan biriniň Hazar deňziniň düýbünden turba çekmekdigini nygtady.

Hazar regionynyň gazyny Ýewropa akdyrjak “Nabukko” proýektine Türkmenistanyň Transhazar gaz geçirijisi arkaly goşulmagyna garaşylýar. Türkmenistandan ýyllyk 10 millard kubmetr gaz almagy göz öňünde tutýan “Nabukko” geçirijileriniň uzynlygy 3,300 kilometre barabar bolup, onuň 2,730 kilometri Türkiýäniň üstünden geçýär.

“2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda hazarýaka döwletleriň liderleriniň Bakuda geçen Sammitinde biz Hazarda suw astyndan çekiljek turbanyň diňe şol deňiz uçastoklarynyň düýbi özüne degişli bolan ýurtlaryň razylygy bilen çekilip bilinjekdigini resmi ýagdaýda yglan edipdik” diýip, duşuşykda G.Berdimuhamedow belledi.

Täze wariant

Bu gürrüňi edilen wariantdan daşary, türkmen prezidenti Hazaryň üsti bilen Ýewropa suwuklandyrylan gaz satmak mümkinçiliklerine-de garalyp bilinjekdigini aýtdy. “Munuň üçin ýörite infrastrukturanyň döredilmegi we tanker flotunyň bolmagy zerur bolar” diýip, prezident G.Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan 2010-njy ýylyň dowamynda Orsýetde ýasalan we himiýa we nebit önümleri üçin niýetlenen dört sany tanker gämisini satyn alypdy. Geçen ýylyň noýabr aýynda bolsa, resmi Aşgabat özüniň Ýewropa her ýylda 40 milliard kubmetr tebigy gaz satmak üçin ýörite infrastrukturany taýýarlaýandygyny mälim edipdi.

Prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistandan Ýewropa gaz akdyrmaklygyň şu we käbir beýleki wariantlary baradaky meseleleriň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi we Ýewropa kompaniýalary bilen geçirjek geljekki gepleşiklerinde iň bir möhüm temalar boljakdygyny nygtady.

WTO çakylygy

Duşuşygyň barşynda Ýewrokomissiýanyň ýolbaşçysy Barroso Türkmenistany Bütindünýä söwda guramasyna (WTO) goşulmak üçin arza bermäge çagyrdy. Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy ýurduň global söwda dolanyşygyndaky paýyny artdyrar.

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasynyň agzalygyna kabul edilmegi bu ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, Barroso nygtady we ÝB özüniň bu ugurdaky tejribelerini Türkmenistan bilen paýlaşyp biler diýdi.

1995-nji ýylda döredilen we hazir 153 agzasy bolan Bütindünýä söwda guramasy halkara söwdany liberallaşdyrmagy maksat edinýär. Bu gurama agza bolmak üçin arza beren ýurtdan ykdysadyýetini liberallaşdyrmak, kanunçylygyny kämilleşdirmek we maliýe sistemasyna aç-açanlyk getirmek talap edilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gyrgyzystan Bütindünýä söwda guramasyna 1998-nji ýylda kabul edildi. Özbegistan bu gurama goşulmak üçin 1994-nji ýylda, Täjigistan bolsa 2001-nji ýylda arza berdi. Gazagystanyň bolsa bu gurama goşulmak üçin ýakyn geljekde ÝB bilen şertnama baglaşmagyna garaşylýar.

Şertnama ýok

Şeýlelikde, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barrosonyň Türkmenistana saparynyň barşynda gaz söwdasy meselesinde anyk bir ylalaşyk baglaşylmady. Emma onuň Bakuwa saparynyň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjan tebigy gaz söwdasy barada uzak möhletleýin ylalaşyga gol çekdiler.

Bakuwda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda, Azerbaýjan Ýewropa Bileleşigine «uzak möhletiň dowamynda köp möçberde» gaz satmaklyga borçlandy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso Bakuwda gol çekilen bu ylalaşygy «düýpli öňegidişlik» diýip atlandyrdy.

Türkmenistan öz tebigy gaz rezerwleriniň anyklanan möçberiniň 25 trillion kubmetre golaýdygyny yglan edýär. Ol geljekde her ýyl 230 milliard kubmetre golaý tebigy gaz öndürmegi we onuň 180 milliard kubmetrini eksport etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG