Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň kubogy ugrundaky futbol ýaryşynda şowsuz çykyş eden Türkmenistanyň çempiony «Balkan» ähli oýunlaryny utduryp, bäsleşikden çykdy.

Öň «Nebitçi» ady bilen çykyş eden «Balkan» şu ýyl Türkmenistanyň futbol çempionatynda ýeňiji bolupdy.

GDA-nyň kubogy ugrundaky futbol ýaryşynda «C» toparda çykyş eden balkanlylar ilkinji oýnuny Belarusyň «Şahtýory» bilen geçirdiler we 1:2 hasabynda utuldylar.

Topardaky ikinji duşuşygynda Estoniýanyň «Florasyndan» 0:3 hasabynda ýeňlenden soň, balkanlylar çärýek finala çykmak umydyndan doly el üzmeli boldular.

Bu halkara ýaryşynda ýaşlar topary bilen çykyş edýän Orsýetiň «Zenit» topary bilen duşuşygynda bolsa balkanlylar garşydaşyndan 0:2 hasabynda ýeňildiler we 0 oçko bilen toparda iň soňky orny eýelediler.

Üç duşuşykda Türkmenistanyň çempiony garşydaş komandalarynyň derwezesinden bary-ýogy ýekeje pökgi geçirmegi başardy. Öz derwezesinden bolsa 7 pökgini geçirtdi.

Özüniň türgenleşdirýän futbol toparyndan nägileligini gizlemedik Aleksandr Klimenko «Balkanyň» bu halkara ýaryşynda şowsuz çykyş edendigine garamazdan, ýakyn günlerde Aşgabatda geçjek Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara futbol ýaryşynda diňe ýeňişleri gazanjakdygyna umyt baglaýandygyny mälim etdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Berdimuhamedow "Keýik" hususy kärhanasynda, 19-njy ýanwar.
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň eteginde ýerleşýän aýna gaplaryny öndürýän zawoda baryp gördi.

Kärhananyň işine ak pata bermäge baran Berdimuhamedow ol ýerde önümçiligiň ähli düzümi bilen içgin tanyşdy, şeýle hem zawodyň işgärleri bilen gürrüňdeş boldy.

Zawodyň işi bilen tanyşlykdan soň Berdimuhamedow bu ýere gelen hususy telekeçilere döwlet tarapyndan olara hemişe goldawyň beriljekdigini aýtdy.

"Keýik" hususy kärhanasyna degişli önümler
«Keýik» hususy kärhanasyna degişli bolan aýna gaplaryny öndürýän zawodyň gurluşygy döwletiň ýeňillikli karzynyň hasabyna amala aşyryldy.

Bu zawod häzirkizaman awtomatlaşdyrylan doly önümçilikli tapgyrlara eýe bolan toplum bolup, ol ýerde işler çig maly taýýarlamakdan başlap, taýýar önümleri gaplamaga çenli gurnalandyr.

Aýna gaplarynyň islendik görnüşlerini öndürmäge ukyby bolan bu zawodda bir günüň dowamynda 100 müňden 200 müňe çenli çüýşe gaplary öndüriler. Bu barada resmi mediada habar berildi.

Şeýle kuwwatda işlän ýagdaýynda zawodyň ýurtdaky önüm öndürijileriniň çüýşe gaplaryna bolan talabyny doly kanagatlandyrmaga mümkinçiliginiň boljakdygy barada aýdylýar.

Kärhananyň ýolbaşçylary geljekde öz harytlaryny daşary ýurtlara-da çykarmaga meýilleriniň bardygyny aýdýarlar.

Zawoda çüýşe önümleri üçin gerek bolan çig mallaryň ählisi Türkmenistanyň çäginden getirilýär.

Aýna gaplaryny öndürýän kärhanada jemi 131 adam işleýär. Geljekde olaryň sanynyň 200-e çanli artdyryljakdygy barada habar berilýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG