Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew (sagda) we Ýewropa komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso Bakuwda, 13-nji ýanwar, 2011.
Kimem bolsa biri Ýewropa Bileleşigine Belarusyň diktatory Aleksandr Lukaşenkonyň üstünden tokmagy inderip durmagy bes etmelidigini aýtmalydyr.

Öňümizdäki hepde Ýewropa komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow bilen duşuşyk geçirer. Geçen hepde Barroso Azerbaýjanda bolup, prezident Ylham Alyýew bilen özara gepleşikleri geçiripdi. Azerbaýjandaky adam hukuklarynyň derejesinde Özbegistanyňky bilen deňeşdirlende onçakly bir tapawut ýok. Şol hepdäniň dowamynda-da Ýewropa Bileleşigi energiýa we söwda hyzmatdaşlygyny geňeşmek üçin Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Brýussele gelmek baradaky çakylygynyň möhletini uzaltdy.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Sammitinde, Astana, 1-nji dekabr, 2010.
Eýse, ýokarda ady tutulan diktorlardan Lukanşenkonyň näme tapawudy barka? Her niçigem bolsa, Belarusda gaz we nebit çykmaýandygy üçin Lukanşenkony günäkärläp bolmaz-a!

Ýewropanyň baştutanlary postsowet döwletlerinden käbirlerine nebit we gaz äýneginiň aňyrsyndan garanlarynda, olara bu ýurtlaryň tapawutly bolup görünýändigi indi hiç kim üçin syr däl. Barroso Alyýew bilen duşuşanda “Men siziň ýurduňyzda örän dinamiki jemgyýetiň bardygyny bilýärin” diýip, nygtady. Belki-de, bu şeýledir, dinamikalydyr. Emma şu aşakdakylary göz öňünde tutmazdan jemgyýetiň dinamikasy barada hiç zat aýdyp bolmasa gerek.

Ýagny, 1993-nji ýyldan başlap Azerbaýjanda saýlawlarda sesleriň galplaşdyrylmadyk gezegi bolmandy. Ylham Alyýewiň kakasy Geýdar Alyýew demokratik ýol bilen saýlanan hökümeti agdaryp, häkimiýet başyna geçipdi. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ýewropa Geňeşi Geýdar Alyýewiň bu hereketini döwlet agdarylyşygy diýip häsiýetlendiripdi.

“Transparency International” guramasynyň korrupsiýa boýunça ýaýradýan hasabatlarynda Azerbaýjanyň hökümetiniň ýaramaz netijelere eýedigini, şeýle-de prezident Alyýewiň žurnalistleriň duşmany diýlip, media gözegçilik edýän toparlar tarapyndan häsiýetlendirlendigini göz öňünde tutsak, onda jemgyýeti asla “dinamiki” diýip, atlandyryp bolmaz.

Diktatorlar biri-birinden galplygy öwrenýärler

Geçen aý Lukaşenkonyň protestleri gazap bilen basyp ýatyrmagy Ýewropa Bileleşiginde nägilelikleri döredipdi. Şeýle-de Belarusa garşy sanksiýalary girizmek gürrüňlerine hem ýol açyldy. Belkem, Lukaşenko muny Alyýewden öwrenendir? Sebäbi Alyýew hem 2003-nji we 2005-nji ýyllarda edil şular ýaly işleri bilen tanalypdy.

2009-njy ýylyň martynda prezident Alyýew Konstitusiýanyň çäginden çykyp, milli referendumyň üsti bilen prezidentlik möhletine girizilýän çäklendirmeleri üýtgedip, özüniň tükeneksiz möhlet bilen prezident bolmagy üçin şert döredipdi. Haçan-da “Euronews” telekanalynyň žurnalisti Alyýewe “Siz özüňizi patyşa saýýaňyzmy” diýip soranda, Alyýew jogap hökmünde diňe kellesini ýaýkapdy. Her niçigem bolsa, ýewropa jemgyýeti üçin Lukaşenko zalym diktator bolup galýar. Alyýewe bolsa özüniň “dinamik” döwleti bilen hakyky dost hökmünde garalýar.

Ýewropa Bileleşigi üçin energiýa marşrutlarynyň alternatiw ýollary juda wajyp. Şu sebäpli Azerbaýjanyň üstünden geçjek “Günorta koridor” tubalary üçin gaz ylalaşygy ykdysady matlapdan gaty möhüm. Ykdysady nukdaýnazardan seredilende, Türkmenistan we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyň hem möhüm manysy bar.

Ýöne näme üçin şeýle gatnaşyklary diňe hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirip bolanok diýen sorag ýüze çykar. Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň Ýewropa hödür etmäge uglewodorod serişdeleri ýeterlik, Ýewropanyň hem olary satyn almaga mümkinçiligi bar. Şeýle ýagdaýda Ýewropa resmilerine diktatorlaryň eginlerine kakyp, “dinamiki” ösüş barada samahyllamak gaty möhümmikä?

Gorkmaz Asgarow Waşingtonda iş alyp barýan blogçy we azerireport.com saýtynyň redaktory. Bu kommentariýadaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) eýranly kärdeşi Mahmud Ahmedinejad bilen duşuşýar, Aşgabat, 5-nji iýun, 2010.

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň söwda boýunça attaşe wekili Hamid Goozalian Eýranda öndürilen harytlarynyň Türkmenistana eksportynyň möçberiniň geçen ýylyň dowamynda 70%-den aşanlygyny aýdýar. Bu barada Eýranyň ýarym resmi “Fars news” agentligi habar berýär.

Eýranyň resmisi Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 4 milliard dollardan ybaratdygyny bellemek bilen, iki ýurduň ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň regionyň çäginde, aýratynam Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň ýokary derejede alnyp barylýanlygyny nygtady.

Eýranyň habar serişdelerinde Türkmenistanyň Tährandaky ilçisi Ahmet Gurbanowyň sözünden hem sitata getirilip, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýokary derejesiniň ýurtlaryň "gowy gatnaşyklaryna we dürli ugurlardaky birligine" baglydygy bellenildi.

Bilermenler Eýranyň soňky döwürde Turkmenistana eksport eden harytlarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň sebäbini geçen ýylyň dowamynda Tährana garşy girizilen halkara sanksiýalary bilen baglanyşdyrýarlar. Şol sanskiýalar Eýranyň alyp barýan ýadro programmasy sebäpli ýola goýlupdy.

2010-njy ýylyň tomsunda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi, Ýewropa Bileleşigi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan Eýranyň garşysyna girizilen sanksiýalar halkara söwdasyna we bu ýurduň üstünden ýük gatnawyna degişli çäklendirmeleri öz içine alýar.

ABŞ-nyň maliýe ministriniň terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça kömekçisi Deýwid Kohen Eýranyň ýadro programmasyndan we terroçylygy goldamakdan el çekmegini gazanmakda diplomatik tagallalara we gysyş görkezmek boýunça halkara arkalaşygyna bil baglanýanlygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Aşgabadyň pozisiýasy

Türkmenistan Eýranyň haryt öndürijileri we dürli ugurlar boýunça biznes gatlaklary bilen hyzmatdaşlygy aktiwleşdirmek isleýär. 17-nji ýanwarda Eýranyň Maşad şäherinde açylan Türkmenistanyň haryt önümleriniň sergisi hem hut şu maksada gönükdirildi diýip, türkme metbugaty ýazýar.

Ýanwar aýynyň başynda Eýran yslam respublikasynyň nebit-gaz ministri we Milli nebit-gaz kompaniýasynyň başlygy Jawad Oudjiniň Türkmenistana resmi sapary boldy. Aşgabatdaky gepleşiklerde taraplar energiýa pudagyndaky gatnaşyklaryň giň derejeli döwletara dialog üçin örän ähmiýetlidigini nygtadylar.

Bilermenler Eýranyň Türkmenistana eksportynyň möçberiniň artmagynyň sebäbini Eýranyň daşary söwda mümkinçilikleriniň çäklendirilmeginden daşgary-da, Türkmenistanyň göz öňünde tutýan öz bähbitleri bilen hem baglanyşdyrýarlar.

Orsýetiň Syýasy barlaglar institutyndan syýasaty öwreniji Aždar Gurdowyň sözlerine görä, Eýranyň Türkmenistana eksport edýän harytlary esasan azyk önümlerinden, ýeňil maşynlardan, "Tiz kömek" ýaly ýörite ulaglardan we ýolagçy awtoulaglaryndan ybarat.

Bilermen Gurdowyň sözlerine görä, Türkmenistan bu söwdada Eýrana gaz eksportyny artdyrmak, tebigy gazy özüne amatly bahadan satmak we Eýrandan maýa goýumlaryny ýurda çekmek ýaly maksatlary göz öňünde tutýar.

Ýangyç söwdasy

2010-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistandan Eýrana täze gurlan Döwletabat -Hangyran gaz geçirijisi işe girizildi, noýabry aýynda bu gaz geçirijiniň ikinji bölegi açyldy. Bahasy 1 milliard 200 million dollarlyk, uzynlygy 1,024 kilometrlik bu gaz geçiriji günde 50 million kubometr gaz akdyrmaga ukyply.

Ýarym resmi “Fars news” agentligi, Döwletabat-Hangyran turbasynyň Eýrana türkmen gazyny alyp, ony beýleki ýurtlara satmaga hem mümkinçilik berýändigini aýdýar. Emma Eýrana garşy girizilen halkara sanskiýalar bu ýurduň türkmen gazyny dünýä bazarlaryna çykarmagyna kynçylyk döredýär.

Gurdow Eýranda haryt we ýolagçy gatnawynyň esasy bölegi awtoulaglar arkaly amala aşyrylýarka, bu ýurduň özi hem benzin ýetmezçiligini duýýar diýýär: “Benzine bolan uly talaplaryň üstesine ýangyç söwdasyny çäklendirýän halkara sanksiýalaryň hem girizilmegi Eýranda ýangyç ýetmezçiligini hasam güýçlendirdi”.

“Türkmenistan üçin eksport derejesini galdyrmak boýunça iň perspektiw ugur ýangyç önümleriniň söwdasydyr. Bu ýurtda eksport üçin ýangyç önümleri ýeterlik. Emma Aşgabadyň Tähran bilen bu ugurdan alyp barýan söwdasyna degişli maglumatlar köpçülige elýeterli däl” diýip, Gurdow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenistan Eýranyň Demirgazyk Horasan, Razewi Horasan, Gülüstan, Mazanderan we Gilan welaýatlary bilen serhetdeş. Iki ýurduň 1,200 km uzaklykdaky özara serhedi bar. Häzir Türkmenistanyň Tähranda ilçihanasy we Maşad şäherinde-de konsullygy bar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG