Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Halkara metbugata syn

Eýranyň “Pars habar gullugynyň” ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Maşatdaky baş konsuly Tagalakow öz ýurdunyň Eýran bilen ähli ugurda gatnaşygyny ösdürmeginiň örän möhümdigini belläpdir.

“Eýran bilen ähli gatnaşyklary ösdürmek biziň prezidentimiziň öňde goýýan möhüm wezipeleriniň biri” diýip, ol Maşatda türkmen önümleriniň sergisi ýapylanda “Pars habar gullugyna” aýtdy.

Tagalakowyň sözlerine görä, bu sergi geljekde Türkmenistanyň we Eýranyň söwda, ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin geçirildi.

Geçen sişenbe güni Türkmenistanyň Tährandaky ilçisi Ahmet Gurbanow bolsa, “Pars agentligine” Eýran Türkmenistan bilen söwda dolanyşygynyň ösmegine ýokary baha berýär diýdi.

“Iki ýurt möhüm ykdysady proýektleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Tähranyň we Aşgabadyň arasynda özara söwda dolanyşygynyň ösmegi netijesinde ykdysady hyzmatdaşlygyň möçberi 4 milliard amerikan dollaryndan geçdi” diýip, Gurbanow aýtdy.

Prezidentiň buýrugy: kompýuteri öwreniň!

“CentralAsiaOnline.com” neşirinde Aman Durdyýewiň ýazmagyna görä, 10-njy ýanwardaky hökümet maslahatynda resmileriň kompýuter öwrenmelidigi barada prezident Berdimuhamedowyň beren tabşyrygyndan soň bu ugurda türgenleşik kurslary köpeldi.

Aşgabat şäher häkimliginiň planlaşdyryş bölüminiň resmisi bu inisiatiwiany goldaýar: “Meniň ýaşym 50-den geçdi. Meniň pikirimçe, kompýuteri we e-mail ýazmany öwrenmek ylaýtada meniň ýaly başga edaralaryň resmileri bilen işleşýänler üçin hasam peýdaly bolar. Hökümet resmileriniň köpüsi kompýuterde işläp bilmeýärler”.

Aşgabatdaky 45-nji mekdepde kompýuter mugallymy bolup işleýän Usniýa Gahrymanowanyň sözlerine görä, her kimiň kompýuter öwrenmegi örän möhüm: “Meniň bilşimçe, Aşgabadyň mekdeplerinde bular ýaly problema ýok. Çünki bilim barada täze kanun kabul edilenden soňra, 2009-njy ýylda mekdepleriň aglabasy kompýterleşdirildi. Emma başga şäherlerde, ylaýtada oba ýerlerinde, uly problema”.

“Haçanda 9-njy klasyň okuwçylary meniň sapagyma gelenlerinde, olaryň ýanynda kompýuteri bar we olar esasy programmalary bilýärler” diýip, Gahrymanowa sözüne goşýar.

Okuwçylar wada berlen kompýuterlere garaşýarlar

Wilýura Hangeldiýewa bolsa öz maşgalasyna kompýuteriň elýeterli däldigini belleýär: “Men öý-hojalykçy we maşgalamyzy adamym ekleýär. Ol aýda 400 dollar gazanýar. Biz alty ýaşly gyzymyzy hem eklemeli. Biziň kompiýuter edinmäge ýagdaýymyz ýok”.

Soňra ol şeýle diýýär: “Meniň oglumyň okaýan mekdebinde hem kompýuter elýeterli däl. Emma häzir prezidentimiz bu meseläni gozgady we tizlikde oglumyň okaýan mekdebine hem kompýuter berler”.

Media maglumat bermäge ygtyýarynyň ýokdugy üçin adynyň tutulmagyny islemedik bir resmi gullukçy Bilim ministrligine mekdepleriň näçe kompýutere mätäçdigini kesgitlemek tabşyryldy diýýär.

“Kompýuter mugallymlary öz bilimini ösdürmek üçin Orsýete we Belarusa iberiler” diýip, şol resminiň aýdandygyny “CentralAsiaOnline.Com” internet neşirinde Aman Durdyýew ýazýar.

Türkmenbaşy – garyplygyň mekany

“Eurasianet.Org” neşirinde onuň Merkezi Aziýa boýunça redaktory Dewid Trilling “Aşgabadyň örän owadan şäherdigine garamazdan, Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşyda garyplygy her ädimde görüp bolýar” diýip ýazýar.

Dewid Trilling bu hakda şeýle ýazýar: “Türkmenbaşyda garyplygyň derejesi edil Merkezi Aziýanyň iň garyp künjeklerindäki ýaly. Ýerli ýaşaýjylar 100 müň çemesi ilaty bolan şäherde alnyp barylýan giň möçbedräki gurluşyklar täze iş ýerleriniň açylmagyna getirer diýip, umyt edýärler”.
Adam hukuklary boýunça aktiwistler özbek prezidenti Yslam Kerimowyň sapary mahalaynda NATO-nyň we ÝB-niň baş edaralarynyň öňünde protest geçirýärler, Brýussel, 24-nji ýanwar, 2011.

Adam hukuklarynyň ýagdaýyna gözegçilik edýän halkara “Human Rights Watch” guramasy Günbatary repressiw režimlere garşy esasy adam hukuklaryny goramak ugrunda ýeterlik basyş etmeýänligi we çekinjeň hereket edýänligi üçin tankytlady.

“Human Rights Watch” guramasy dünýä boýunça geçen ýylky adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen baglylykda 648 sahypalyk hasabat ýaýratdy. Bu hasabatda demokratik döwletleriň we guramalaryň repressiw režimlere garşy “ýumşak” çemeleşýändigi nygtalýar.

Şol hasabatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň repressiw režimlere ýeterlik derejede basyş etmeýändigi aýdylýar. Şeýle-de “Hytaýyň esasy adam hukuklaryny bozmagyna garşy çykmak üçin halkara çekinjeňligiň bardygy” hem nytgalýar.

“Human Rights Watch” Günbataryň käbir ýolbaşçylaryny, şol sanda BMG-niň baş sekretary Ban Ki-muny, ÝB-niň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça baş wekili Katerina Aştony we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamany käbir döwletleriň kanun bozmalaryna ýeterlik üns bermän, has köp gepleşiklere ýykgyn edýändikleri üçin tankytlaýar.

Türkmenistan we Özbegistan

Hasabatda ÝB-niň Türkmenistanyň we Özbegistanyň awtoritar režimlerine garşy mylaýymlyk bilen çemeleşýändigi bellenilýär we ýazgarylýar. ÝB-niň bu iki ýurda “ýaranjaňlyk bilen garaýandygy” nygtalýar. Mundan başga-da, “Adam hukuklary meseleleriniň maslahat edilmejekdigi” sebäpli awtoritar hökümetleriň ýolbaşçylarynyň gepleşikleriň geçirilmegine oňyn garaýandyklary aýdylýar.

Bu hasabatyň ýaýradylmagy Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň Brýussele edýän saparyna gabat geldi.

“Kähalatlarda adam hukuklaryny goramak meseleleriniň hökümet bähbitleri bilen
Soňky birki ýylyň dowamynda at tutmagyň we utandyrmagyň ýerine, gepleşikler we dymmak diplomatiýasy diýilýän ugry saýlamak moda öwrüldi
gapmy-garşy gelmeginiň mümkindigi” hasabatda bellenýär. Şeýle-de “manysyz gepleşikleriň we dereksiz hyzmatdaşlygyň ýollaryny gözlemek tagallalarynyň arkasynda bukulman, olaryň muny mertlik bilen ykrar etmelidikleri” nygtalýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň Germaniýadaky edarasynyň aragatnaşyk boýunça başlygy Wenzel Michalski bu hasabat barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: "Soňky birki ýylyň dowamynda at tutmagyň we utandyrmagyň ýerine, gepleşikler we dymmak diplomatiýasy diýilýän ugry saýlamak moda öwrüldi. Biziň pikirimizçe, bu dünýäde adam hukuklarynyň bähbidine däl. Hususan-da, ýapyk gapylaryň aňyrsyndaky gepleşiklerde bu ugurda hiç hili özgerişligiň ýokdugy belli boldy”.

Halkara Human Rights Watch guramasynyň ýaýradan hasabatynda Eýranda metbugat tankytçylaryny gynamagyň we gorkuzmagyň entegem dowam edýändigi, şeýle-de bu ýagdaýlaryň “adam hukuklary boýunça krizisi has-da çuňlaşdyrýandygy” bellenilýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG