Türkmen häkimiýetleri 2020-nji ýyla çenli jemi içki önümiň 70 prosentine golaýyny ykdysadyýetiň hususy sektoryndan almagy göz öňünde tutýar.
Iri hususy kärhanalaryň gurulmagyna döwlet tarapyndan ählitaraplaýyn ýardam etmek hökümetiň bu belent maksada ýetmegine gutarnykly täsir edermi?
Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban şu mesele barada aşgabatly garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen gürrüňdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Aşyrguly, soňky ýyllarda Türkmenistanda iri hususy kärhanalaryň birnäçäsi döwletiň maddy we maliýe hemaýaty bilen gurlup, ulanylmaga berildi. Türkmen ykdysadyýetiniň, telekeçiligiň ösmeginde olaryň ähmiýeti, siziň pikiriňizçe, hähili bolar?
A.Baýryýew: Hawa, dogrudanam, geçen iki ýylda “Guş toplumy”, “Bereketli”, “Aýbölek”, “Keýik” ýaly hususy kärhanalar döwletiň ýardamy arkaly gurlup, Türkmenistanyň prezidentiniň gatnaşmagynda uly dabaralar bilen işläp başladylar. Eger-de ýadymyza salsak, olaryň birinjisi ýylda 3000 tonna guş etini, ikinjisi her günde bäş tonna ýa-da ýylda 1800 tonna köp isleg bildirilýän et önümlerini öndürmäge , “Aýbölek” mebelleri ýasamaga niýetlenendir. Ýaňy-ýakynda açylan “Keýigiň” bolsa, habar berlişi ýaly, türkmenistanly önüm öndürijileriň çüýşe gaplara bolan hajatyny doly kanagatlandyrmagyna, geljekde harydyny daşary ýurtlara çykarmagyna garaşylýar. Ýöne olaryň ykdysadyýetimizi ösdürmekde-de, telekeçiligi ösdürmekde-de aýgytly ähmiýetiniň boljakdygyny özüm-ä nygtap biljek däl.
Azatlyk Radiosy: Näme üçin?
A.Baýryýew: Sebäbi olaryň sany döwlet kärhanalary bilen deňeşdireniňde juda az. Özüňiz pikir edip görüň, her ýylda şeýle hususy zawod-fabrikleriň bäş-altysyny işe girizeniňde-de telekeçiler 2020-nji ýyla çenli döwlet sektorynyň yzyndan ýetip bilmez. Nebit-gaz senagaty ýaly ägirtleriň döwletiň garamagynda galýan wagtynda hususy sektoryň jemi içerki önümiň 70 prosentini öndürmegine garaşmak ham-hyýalmyka diýýän.
Azatlyk Radiosy: Belki, bu ýerde häkimiýetleriň propagandistik bähbitleri, maksatlary bardyr?
A.Baýryýew: Elbetde, olaryň açylyşyna döwlet baştutanynyň gatnaşmagynyň özi hökümetiň telekeçiligi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini wagyz etmekden, nygtajak bolmakdan başga zat däldir. Telekeçilik işine döwlet tarapyndan kimiň, kimleriň kömek alýandygy hem köpleriň böwrüni diňletmän durýan däldir. Onsoňam söhbetdeşligimizde agzalan hususy hasaplanýan kärhanalaryň ählisi-de Ahal welaýatynda, has anygy, paýtagtyň töwereginde ýerleşýär.
Azatlyk Radiosy: Eýsem, ýurtda telekeçiligi ösdürmek üçin hökümet nähili işleri amala aşyrsa ýerine düşer?
A.Baýryýew: Belli bolşy ýaly, hökümetiň wezipesi her bir raýata telekeçilik işi bilen meşgullanmaga deň şert döretmekdir, ýagny Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygynda adalatly belleýşi ýaly, oňa ilatyň giň gatlagyny çekmek möhümdir. Bu wezipäni çözmek üçin aýry-aýry sanlyja telekeçini uly möçberlerde goldap, uly kärhanalary gurduryp, olaryň monopoliýasynyň döremegine sebäpkär bolmakdan el çekmeli. Iň esasy-da sagdyn konkurensiýanyň kemala gelmegine ýardam etmeli. Munuň üçin, ýene-de bir gezek nygtap aýdýan, telekeçileriň her birine deň şert döretmeli. Ýylda üç müň tonna guş etini öndürýän kärhananyň monopolist bolup, ýerlerdäki kiçi kärdeşlerini basyp ýatyrjakdygy belli ahyryn. Meniň çuňňur ynanjyma görä, häkimiýetler näçe köp telekeçini goldadygyça, olar türkmen ykdysadyýetini ösdürmäge, ýerlerde işsizligi düýpgöter azaltmaga oňaýly täsir eder.

Mulikowyň özi eden etdilige ýol berdi. Indi ozünede edýärler. Araplarda bir söz bar. Men dakka dukka. Eden tapar diýleni. Tak çto häzirki oturan wezipeli çinowniklerem özlerni pensiýa çykyp gidip oturaryn oýtmesinler. Soňyňyz Mulikowdan üýtgeşik bolmaz eger adam hukugyny depgileseňiz, Konstitusiýadan, kanundan daşlaşsaňyz. Mulikow diýilýan adam ýaranjanlygyň netijesiniň boşdygyny subut etdi. Diýmek ýeri gelende etjekdäl diýmegem başarmaly eken. Anha indi düýnki basgylan kanunlary, adam hukuklary, konstitusiýasy hemme kimden beter özüne gerek bolup dur. Ýone indi giç. Ol giren ýeriňden belki çykarsyň, belki çykyp bilmän o dünýä ötersiň. Örän gynançly waka we soň.
Konstitusiýany üýtgetmekden netije ýok, sistemany üýtgetmeli. Türkmenistan durşuna gözboýagçylyga, korrupsiýa batdy. Muny prezident hem tassyklap, boýun alyp otyr. 2009-njy ýyldan bäri içeri işler ministri bolup işlän resminiň we gümrük gullugynyň ozalky resmisiniň parahor bolandygyny, uly möçberlerde para alyp gelendigini resmi ýagdýada tassyklamak bilen, ýurduň durşuna parahorluga çümendigini gytaklaýyn boýun aldy. Mundan öň, prezident öz wezipä bellän ýokary derejeli resmilerini yzygiderli, ýyllap işden boşadanda, jogapkär işgärleri parahorlukda ýa anyk aýdylmaýan "düýpli kemçileri goýbermekde" aýyplanda hem öz kadrlar syýasatynyň netijesizdigini, belki-de çüýrükdigini tassyk edýärdi. Soňky ýyllarda wezipä bellenen we soňra wezipesinden kowlan onlarça öňki resmi ýurduň ykdysadyýetine näçe zyýan ýetirdi, bu soragy ne prezidente, ne mejlise berip bolýar. Prezidentiň ol adamlary wezipä bellemek bilen goýberen düýpli kemçiliklerden näme netije çykaryldy? Hiç netije. Ne hökümetde, ne metbujgatda bu soraglary gozgap ýa galdyryp bolýar. 30 ýyl bäri şol bir ýagdaý dowam edýär. Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow baş prokuror Gurbanbibi Atajanowany wezipesinden boşadyp, türmä basanda, onuň baş prokuraturany parahana öwrendigini aýdypdy. Şeýle-de Nyýazow häkimleriň ýeriň hakyky eýesini tapman, ony tanyş-bilişlerine satandygyny, öz wizpä bellän resmileriniň tas hemmesiniň ogry bolup çykandygyny boýun alypdy. Bu häzirki prezidentiň döwründe hem şeýle boldy. Emma ol Nyýazow ýaly bolan zady boýun almagy hem başaranok, gaýta "bojak işe çäre ýok" diýip, öz elinden hiç zat gelmeýändigini tassykalýar. Soňundan bolsa, korrupsiýa garşy göreşmegi wada berýär. Muňa kim ynanýar? Eger ol göreşen bolsa, içeri işler minstri on ýyllap para alyp bilermidi? Gepiň gysgasy, prezident hem, onuň wizipä belleýän adamlary hem hiç wagt ýurduň we adamlaryň problemalaryny çözmez, olaryň özi problema!
Mejlise gowja sallancak ,cacek zat alsalar hakyky sadyk bolyada)