Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Jygyllyk bazarynda , 23-nji ýanwar, 2011.
23-nji ýanwarda ir bilen jygyllyk bazaryna barýan Dursun daýza: “Şu gün jygyllygyň iň soňky güni” diýip, jygyllyk bazaryna gatnaýan hususy awtobusa mündi.

Jygyllyk bazarynyň göçürilýändigi baradaky gürrüňler geçen ýylyň awgust aýlarynda ýaýrapdy. Muňa sebäp bolan ýagdaý jygyllyk bazaryndan birnäçe kilometr uzaklykda, “Çoganlynyň daçalary” diýlip atlandyrylýan ýerde gurlan täze, “Altyn Asyr” bazarynyň gurluşygydy. Bu gurluşyk geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýramyna gabatlanyp tamamlanmalydy.

Dursun daýza jygyllykda köne eşikleri, gap-gaçlary satýar. Onuň özüniň gürrüň bermegine görä, ol kim gerekmejek zadyny getirse, şony hem satýar. Her bazar güni Dursun daýza bazardaky oturan ýeri üçin 2 manat töleýär. Bu tölegi tölemäge onuň söwdasy mümkinçilik berýär.

Häzirki jygyllykda diňe hepdäniň üçünji, dördünji, şenbe we ýekşenbe günleri bazar bolýar. Emma täze açyljak bazarda welin, söwdanyň her gün boljakdygyny Dursun daýza aýdýar: “Her günem 10 manat tölemeli diýip aýtdylar. Bu töleg meniň ýaly ownuk söwda bilen meşgullanýan söwdagärler üçin köp bolýar”.

Häzirki jygyllykda ýagynly günler palçykda, gurak günler tozanyň, gumuň içinde söwda edilýär. Bu bazarda sanitariýa–gigiýena boýunça şertler ýok. Şonuň üçin bu bazaryň göçürilmegi gowy iş hökmünde garşylanýar.

Emma bazaryň göçürilmegi söwdagärler we müşderiler üçin birnäçe howatyrlanmalary döredýär. Ownuk söwdagärleri täze açyljak bazarda özleri üçin söwda şertleriniň bolmazlygynyň ähtimallygy howatyrlandyrýan bolsa, müşderileri täze bazara barmak üçin ýol nyrhynyň ýene-de galmagynyň ähtimallygy biynjalyk edýär.

Benziniň bahasynyň gymmatlamagy bilen jygyllyga barýan hususy awtobuslaryň ýol kireýi gymmatlap, 40 teňňeden 1 manada ýetipdi. Jygyllyk bazaryndan uzakda ýerleşýän täze açyljak bazara kireý puluň 2 manada çenli galmagynyň ähtimallygyndan aşgabatlylar aladalanýarlar.

Jygyllyk bazarynda täze “Altyn Asyr” bazarynyň açylýandygy barada bildiriş asylyp goýuldy. Ol bildirişde her bir söwdagäriň konteýnerlerini hem-de bazaryň ammarlaryndaky harytlaryny aýyrmak talap edilýär.

Kimsäge toý-baýram, kimsäge zulum

Jygyllyk bazarynda konteýnerde söwda edýän 25 ýaşly telekeçi Arslanyň aýtmagyna görä, häzir konteýnerleriň bahasy iki ýüz amerikan dollaryna gelipdir. “Ony hem satyp bilseň” diýip, ol sözüne goşdy.

Arslan geçen ýyl täze bazardan ini 3 metr, uzynlygy 4 metr bolan söwda nokadyny 38 müň dollara satyn alypdyr. Onuň aýtmagyna görä, häzir şolar ýaly ölçegdäki söwda nokadynyň bahasy 63 müň dollara ýetipdir.

“Şunuň ýaly söwda nokatlarynyň ilkibaşdaky bahasy erbet däldi. Sebäbi şol söwda nokady 20 ýyllyk kärendesine berilýär. Onsoň, her aý üçin kärende puluny hasaplap görseň, söwda nokadynyň bahasy gymmat bolanok. Meniň konteýnerimiň garşysyndaky konteýnerde söwda edýän gelin häzir kärende üçin her aýda 800 manat töleýär. Elbetde, 63 müň dollar örän gymmat” diýip, Arslan aýtdy.

Jygyllyk bazarynyň göçürilmegi bilen bu bazar bir aýlap işlemez diýip söwdagärler howatyrlanýarlar. Beýle ýagdaýda köp söwdagärleriň söwdasyna zeper ýetmeginiň ähtimaldygyny Arslan aýdýar.

“Bizde bir zat açjak bolsalar, elmydama şeýle. Ilki bilen gurluşygy doly tamamlap, soň açsalar hem boljak. Entäk taýýar däl bazara göçürjek bolup durlar. Sebäbi ýokardaky wezipeli kişiler täze bazaryň açylyş dabarasyny geçirjek bolup howlugýarlar. 1-2 sagatlyk dabaranyň adamlaryň söwdasyny nähili zyýan getirjekdigi ýolbaşçylary gyzyklandyranok” diýip, Arslan öz nägileligini bildirdi.

Jygyllyk bazarynyň soňky söwda gününden dolanyp gelen Dursun daýza: “Bazaryň göçüriljegi şu gezek çyn. Täze bazarda bolsa biz ýaly söwdagärlere söwda etmek üçin mümkinçilikleriň boljakdygy nämälim. Indi, biziň ýaly ownuk söwda bilen meşgullanýanlar näme etmeli bolarlarka?” diýip, gaýga batyp gepledi.

Jygyllyk bazarynda hepdäniň çarşenbe güni lomaý söwda güni hasaplanýar. Hepdäniň ýekşenbe günleri bu bazaryň müşderileri köp. Jygyllyga diňe Aşgabadyň ýaşaýjylary däl, eýsem Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryndan hem gelip söwda edýänler kän. Başgaça aýdylanda, jygyllyga barýan hususy awtobuslaryň atlaryndan Türkmenistanyň geografiýasyny öwrenibermeli.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
Ýerli ilat Berdimuhamedowy ugradýar, 26-njy ýanwar.

26-njy ýanwarda Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesine baryp gördi.

Türkmen mediasy prezidentiň bu saparynyň duýdansyz amala aşyrylandygyny habar berse-de, milli telewideniýe arkaly görkezilen gepleşikden görnüşi ýaly, şäherçäniň ýaşaýjylarynyň Berdimuhamedowyň geljegine öňünden gowy taýýarlanandyklary bildirýär.

Berdimuhamedow Üçajydaky çagalar bagynda, 26-njy ýanwar.
Üçajy şäherçesiniň çagalar bagynda hem-de orta mekdebinde ýurduň prezidenti uly dabara bilen garşylandy. Çagalar Berdimuhamedowa ony wasp ediji goşgulary aýdyp berdiler. Mekdep okuwçylary bolsa prezidentiň «Geljekde kim bolmak isleýäň?» diýen sowalyna jogap berip, özleriniň geljekde ýokary okuw mekdebine okuwa girmegi, hususan-da lukman bolmagy arzuw edýändiklerini aýtdylar.

Üçajy Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň iň çetinde ýerleşýän şäherçe bolmak bilen, bu ýeriniň infrastrukturasy juda pesdir. Bu ýerde agyz suwy, kommunikasiýa, şäherara ulag serişdeleri pes ýagdaýda.

Şu nukdaýnazardan Berdimuhamedow Üçajynyň infrastrukturasynyň düýpli ösdürilmelidigini degişli ýolbaşçylara tabşyryp, ýerli ilatyň agyz suwy bilen üpjün etmek meselesiniň doly çözülmelidigini aýtdy. Şeýle hem prezident bu ýerde 160 orunlyk täze çagalar bagynyň, 600 orunlyk mekdebiň, medeniýet öýüniň, dermanhananyň guruljakdygyny mälim etdi.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygyna deputatlaryň ýerli halk bilen elmydama ysnyşykda bolmagyny, olaryň durmuşynyň jümmüşine aralaşmagy berk tabşyrdy we geljekde oba ilatynyň hal-ýagdaýynyň şäherlileriňkiden pes bolmaly däldigini belledi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG