Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

A.Baýryýew: "Ol ýa-da beýleki abituriýentiň öz güýji bilen okuwa girendigine ildeşlerimizi ynandyrmak barha kynlaşýar".
Türkmenistanda ýaşlaryň ýokary bilim almagy düýpli mesele bolmagynda galýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ýokary mekdepleriniň sanynyň köpeldilendigine garamazdan, olara kabul edilýänleriň sany soňky 20 ýylyň içinde üzül-kesil azaldy. Iň ýaramaz ýeri-de, olara girmekde para-peşgeşiň, korrupsiýanyň giňden ýaýranlygydyr.

Aşgabatly garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew giriş synaglary baradaky meseläni häzirden gozgamagy zerur hasaplapýar. Näme üçin? Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi onuň bilen geçiren söhbetdeşligini hut şu sowaldan başlady.

Garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Aşyrguly Baýryýew:
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine giriş ekzamenleri ýa-da häzir atlandyrylyşy ýaly, giriş synaglary hakyndaky gürrüňi hut şu günlerden başlamaly diýmegimiň sebäbi olara okuwa girmäge kandidatlaryň resmi däl, has anygy, juda ýaşyryn sanawlarynyň täze ýyl başlap-başlamanka düzülip ugralýandygyna bolan ynanjyň ilatyň aňyna pugta ornaşandygy bilen baglanyşyklydyr. Şol ynanç bolsa essasyz dälmikä diýýän. Elbetde, şol sanawlara adyňy saldyrmak üçin esli mukdarda, onda-da amerikan dollarynda para bermeli bolýandygy indi ýigrimi ýyla golaý wagtlap il arasynda ýörgünli gürrüňe öwrüldi. Ol ýa-da beýleki abituriýentiň öz güýji bilen okuwa girendigine ildeşlerimizi ynandyrmak barha kynlaşýar. Olar şol sanawlaryň synaglaryň möhletleri yglan edilmeginden iküç aý öň düzülip tamamlanýandygyny hem gürrüň edýärler.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, şol sanawlar kimler tarapyndan düzülýär diýlip hasaplanylýar?

Aşyrguly Baýryýew: Sanawlaryň kim, has dogrusy, kimler tarapyndan düzülýändigini anyk aýtsak, hany subut et diýip ýakaňdan tutarlar. Ýöne olary okuwa almaga ýa-da almazlyga ygtyýary bolan wezipelileriň, ýagny ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň, olaryň belleýän giriş komissiýalarynyň başlyklarynyň taslaýandyklaryny güman etmek bolarmyka diýýän.

Garaşsyzlygymyzdan öň ýokary okuw mekdebine girmäge islendik abraýly mugallym, hasam dekanlar hemaýat berip bilýärdi. Häzir ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy bu babatdaky ähli mümkinçilikleri öz elinde jemleýär, giriş synaglary bolsa formal bir çärä öwrülip gitdi diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek.

Azatlyk Radiosy: Mundan häkimiýetleriň, hukuk goraýjy edaralaryň, ýörite gulluklaryň habarlary ýokmy näme? Bu jenaýatçylykly nogsanlygyň öňüni almak üçin çäreler görülmeýärmi?


Aşyrguly Baýryýew: Jemgyýetimiziň ösüşine örän zyýanly bu nogsanlykdan habarsyz ýokary wezipeli-de, degişli edara-da ýokmuka diýýän. Sebäbi onuň möçberi heläkçilikli ýagdaýda, ony uludan-kiçä hemme kişi bilýär, gürrüň edýär. Ýöne welin oňa garşy göreşiň alnyp barylýandygy hem göze ilip duranok. Dogry, resmiler Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň rektorynyň, bir dekanynyň, bir mugallymynyň parahorlukda aýplanyp, uzak möhletleýin azatlykdan mahrum edilendigini göreşiň bardygyna subutnama hökmünde getirip bilerler. Emma bu fakt ýeterlik däldir. Onsoňam rektorlyk wezipesinde bary-ýogy bir ýyldan sähel gowrak işlän gelniň kimdir biriniň „jynynyň” düşmeginiň, öz tejribesizliginiň pidasy bolan bolmagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmak bolmaz. Ýöne birnäçe ýyllap şeýle wezipede towugyna tok diýilmän oturanlaryň ählisiniň eliniň arassalygyna halky ynandyryp bolarmyka?

Azatlyk Radiosy: Eýsem ýokary okuwa girmekde parahorlugyň soňuna çykmak, iň bolmanda, kemeltmek üçin, siziň pikiriňizçe, näme etmeli? Belki, tölegli okuw jaýlarynyň açylmagy muňa ýardam edip biler?

Aşyrguly Baýryýew: Ýok, ol meseläniň gutarnykly çözgüdi bolmaz. Korrupsiýa çümen emeldarlar ony-da paranyň, baýamagyň çeşmesine öwürmegiň tilsimini, usulyny taparlar. Ine, okuwa kabul etmek, giriş synaglaryny geçirmek hukugyny rektorlaryň elinden alsaň, olaryň garamagyndaky mugallymlary giriş synaglaryna gatnaşdyrmasaň, meniň pikirimçe, netijeli bolar. Jemgyýetçiligiň wekilleriniň, mekdep mugallymlarynyň çekilmeginde merkezleşdirilen giriş komissiýasyny döredip, kimiň haýsy okuw jaýynda ekzamen almalydygyny bije esasynda edil synagyň öň ýanynda kesgitlemek hem parahorlugyň öňüne böwet basmakda täsirli bolar. Şonda sanawlaryň düzülmegi-de, para bermek-de, tanyş-biliş görmek-de manysyny ýitirer diýip umyt etmek bolar.
Köpsanly beýleki meselelerde bolşy ýaly, döwlet lideriniň goragy meselesinde-de Türkmenistanyň öwrenmegi üçin dünýä döwletlerinde ýerlikli tejribeler az däl. (Surata düşüren: Jean-Baptiste Jeangene Vilmer )

Soňky wagtlar Türkmenistanda prezidentiň edýän saparlary sebäpli pyýada we ulag gatnawlarynda uly bökdençlikleriň döredilmegine nägilelikler artýar.

Eýsem, prezidentiň gatnawlary sebäpli girizilýän bu çäklendirmeler raýatlaryň hereket azatlygyna näderejede laýyk gelýär?

Türkmenistanyň konstitusiýasynyň 26-njy maddasynda “her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmäge hukugy bardyr... Adamyň aýry-aýry territoriýalara girmegine, şol territoriýalarda hereket etmegine çäklendirmeler diňe kanun esasynda girizilip bilner” diýilýär.

Ýol gözegçilik gullugy kimden buýruk alýar?
Konstitusiýanyň bu düzgünlerine garamazdan, paýtagt Aşgabadyň köp ýaşaýjylary ýurduň prezidentiniň nirädir bir ýerlere hereket eden halatynda, diňe bir onuň geçýän köçesiniň däl, eýsem birnäçe goňşy koçeleriniň-de bir-iki sagat öňünden baglanyp goýulýandygyny aýdýarlar we munuň adamlaryň hereket etmek hukuklaryny göz-görtele çäklendirýändigini öňe sürýärler.

Käbir diňleýjiler prezidentiň gatnawlary bilen baglanyşykly şeýle çäklendirmeleriň diňe bir Aşgabadyň çäklerinde däl, eýsem, paýtagtdan daşarlarda hatda ýolagçy awtobuslarynydyr, poýezdleri we uçarlary birnäçe sagatlap saklamak ýaly çärelere çenli baryp ýetýändigini tassyklaýarlar.

Olaryň aýtmaklaryna görä, gatnawlara şeýle çäklendirmeleriň girizilýän wagty hatda tiz kömek ulaglarynyň gatnawy ýaly gaýragoýulmasyz transport gatnawlary-da togtadylýar.

Aşgabatly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew ýakynda prezident Balkan welaýatyna sapara gidende, özleriniň Aşgabatda münüp barýan ýolagçy mikroawtouslarynyň köp wagtlap saklanandygy sebäpli, ýolagçylaryň uzak ýollary pyýada geçmeli bolandyklaryny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, prezidentiň eýläk-beýläk geçýän halatynda pyýada barýan adamlaryň gatnawlary-da ýolda duran organ işgärleri ýa-da esgerler tarapyndan köp wagtlap bökdelýär.

Türkmenistanda prezidentiň saparlary bilen baglanyşykly raýatlaryň pyýada we ulag hereketlerine girizilýän köp sagatlyk çäklendirmeleri käbir bilermenler raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň gödek bozulmasy diýip hasaplaýarlar.

Zerurlyk barmy?

Prezidentiň kerweninden gizlenmäge zerurlyk barmy?
Hukuga hormat goýulýan döwletlerde döwlet liderleriniň gatnawlary adaty raýatlaryň gatnawlarynda göze ilerlikli bir bökdençlikleri döretmeýär. Emma Türkmenistanda soňky wagtlar bu meseläniň hatda Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllaryndakylar bilen deňeşdireniňde-de has bir kynçylykly meselä öwrülip ýörendigi yzygiderli habar berilýär.

Aşagbatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Sowet häkimiýeti ýyllarynda respublikanyň liderini goramak meselesiniň uly bir mesele bolmandygyny ýatlap, bu meseleden uly bir problema döretmeklik üçin zerurlygyň ýokdugyny aýdýar.

“Sowet döwründe biz görýärdik, Türkmenistan kompartiýasynyň birinji sekretary Gapurow öz öýünden partiýanyň Merkezi Komitetiniň jaýyna çenli 300 metr çemesi ýoly pyýada geçýärdi goragsyz. Onuň öňünden çykýan adamlar onuň bilen salamlaşýardylar, tanaýan adamlary bar bolsa, ol elleşip görüşýärdi we geçip gidýärdi. Häzirki halk hem şol halkdyr-da” diýip, Amanmyrat Bugaýew öz pikirini aýtdy.

Adatça, adam hukuklarynyň gysylýan we ilatyň nägileliginiň artýan režimlerinde diktatorlaryň öz howpsuzlygynyň hem çynlakaý meselä öwrülmegi kanunalaýyklyk ýaly bir ýagdaý bolup durýar.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistandaky şertlerde prezidentiň howpsuzlygy barada beýle çakdanaşa alada etmek üçin esas ýok diýip hasaplaýar.

Amanmyrat Bugaýewiň pikiriçe, prezidentiň howpsuzlyk meselesiniň ilatyň hereketini çäklendiriji bir problema öwrülmeginiň sebäbi aşakdaky çinownikleriň özboluşly bir ýaranjaňlyk syýasatyndan gelip çykýan zat.

Köpsanly beýleki meselelerde bolşy ýaly, döwlet lideriniň goragy meselesinde-de Türkmenistanyň öwrenmegi üçin dünýä döwletlerinde ýerlikli tejribeler az däl. Her nähili bolanlygynda-da, prezidentiň gatnawy ýaly ýönekeý meseläniň adamlar üçin uly kynçylyklary döredýän meselä öwrülmeli däldigi welin aýdyň zat.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG