Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Dünýä we halkara derejelerinde geçirilýän sport ýaryşlaryny göni efirde çanak antennalary arkaly görmäge türkmenistanly tomaşaçylaryň mümkinçilikleri bar.
30-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze açyljak altynjy kanalda dünýä derejesinde, şeýle hem daşary ýurtlarda geçirilýän sport ýaryşlarydyr gepleşikleri görkezmek boýunça meseläniň üstünde işlemegi Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň başlygy Şadurdy Alowowa tabşyrdy.

Prezident Alowowa daşary ýurtlardan alnyp görkeziljek sport ýaryşlarydyr gepleşikleriniň awtorlyk hukugynyň saklanylmalydygyny berk tabşyrdy.

Berdimuhamedowyň ýurduň başyna gelmegi bilen Türkmenistanda sporta uly inwestisiýalar edilip başlandy. Hususan-da, geçen ýyl bahasy 2 milliard dollara barabar "Olimpiýa" şäherçesiniň gurluşygyna başlandy. Mundan başga-da, ýurduň paýtagtynda hem-de welaýat merkezlerinde, etraplarda ýaşlar üçin birnäçe sport mekdepleri guruldy.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan 2017-nji ýylda Aşgabatda üsti ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada karar kabul edilensoň, Türkmenistanda sporta has-da uly üns berlip başlandy. Býujet edaralarynda işleýänler bolsa özleriniň işden boş günlerinde sport çärelerine mejbury gatnaşmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Ilkinji sport kanaly

Döwletiň sporta şeýle derejede üns berýändigini nazarda tutsaň, onda ýurtda sporta degişli aýratyn telekanalyň bolmagy kada laýyk hasaplanýar. Türkmenistanda häzir jemi bäş sany telekanal bar. Olaryň ählisi döwletiň garamagynda. Täze dörediljek altynjy kanal bolsa ilkinji sport telekanaly bolar. Bu kanal ýakynda ulanylmaga beriljek “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezinde ýerleşer.

Ýurduň çäginde geçirilýän ownukly-irili sport ýaryşlary, esasan, "Ýaşlyk" telekanaly arkaly görkezilýär. Ýöne ol sport ýaryşlarynyň ählisi göni efirde gitmän, diňe ýazgyda berilýär.

Türkmenistanda geçirilýän sport ýaryşlaryndan başga, "Ýaşlyk" telekanaly halkara derejesindäki wajyp saýylýan sport ýaryşlaryny hem alyp görkezýär. Emma ol ýaryşlar, daşary ýurt telekanallarynyň translýasiýasyny awtorlyk hukugyny bozmak arkaly alnyp görkezilýär.

Awtorlyk hukugyny saklamak aňsat düşermi?

Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, täze açyljak sport kanalynda prezidentiň tabşyryşy ýaly, awtorlyk hukugyny saklamak telewideniýäniň ýolbaşçylaryna aňsat düşmese gerek. Sebäbi dünýä derejesinde geçirilýän uly sport ýaryşlary, ýagny futbol boýunça dünýä çempionaty, olimpiýa oýunlary ýaly ýaryşlaryň telegörkezilişiniň bahasy millionlarça ýewrodan geçýär.

Diňe býujet tarapyndan maliýeleşdiriljek bu sport kanalyna döwlet tarapyndan millionlarça ýewro möçberde serişdäniň goýberiljekdigine şübhe bilen garaýanlar az däl. Altynjy telekanalyň daşary ýurtlardan sport gepleşikleridir ýaryşlarynyň ikinji, üçünji derejedäkilerini satyn almagy mümkin. Bu bolsa, täze sport kanalynyň auditoriýasyna ep-esli derejede öz täsirini ýetirer. Sebäbi dünýä we halkara derejelerinde geçirilýän sport ýaryşlaryny göni efirde çanak antennalary arkaly görmäge türkmenistanly tomaşaçylaryň mümkinçilikleri bar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Milli muzeýler diňe bir şäherleriň däl, eýsem döwletiň esasy aýratynlygy, medeni baýlygy saýylýar.
Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde täze gurlan taryhy, ülkäni-öwreniş muzeýleri ulanyşa berilýär. Olardan Lebap welaýatyndaky taryhy, ülkäni-öwreniş muzeýini ýurduň prezidentiniň hut özi baryp açdy.

Milli muzeýler diňe bir şäherleriň däl, eýsem döwletiň esasy aýratynlygy, medeni baýlygy saýylýar. Milli muzeýiň ähmiýeti, onuň orny barada Hudaýberdi Hally Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen söhbetdeş boldy.

H. Hally: Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny giňden hem dabaraly çäkde bellemek barada aladalar dowam edýän wagtynda, milli muzeýlere aýratyn ähmiýet berildi. Ýurduň prezidenti ol işler üçin köp serişde goýberdi. Medeni çäreler babatynda bu edilýän aladalara, Aşyrguly, sen publisist hem žurnalist hökmünde nähili garaýaň?

A. Baýryýew: Bu sowala meniň publisit hökmünde däl-de, ýurduň bir raýaty hökmünde jogap beresim gelýär. Ilatyň gatnaşmaýan dabaraly çärelerini geçirmek üçin millionlarça dollaryň sarp edilmegini iliň biri hökmünde menem oňlamaýan. Şeýle ummasyz çykdajylary medeniýetiň, edebiýatyň we sungatyň ösmegine gönükdirseler nähili gowy bolardy. Şanly ýa şansyz seneleri bellemekden, baýramçylyklary geçirmekden häkimiýetleriň maksady halkyň ünsüni durmuşyň ýiti meselelerinden sowmak, ähli zady gülala-güllük edip görkezmek diýsek ýalňyş bolmaz.

H. Hally: Gazanylanlary halka görkezmek üçin milli muzeý gurulsa nähili bolar?

A. Baýryýew: Paýtagtda milli muzeý bar. Ol ulanmaga berlenden bäş ýyl geçip-geçmänkä rekonstruksiýa sezewar edildi. Muzeýiň eksponatlary hem garyp däl ýaly. Ýöne oňa dürli halkara çärelere gatnaşmaga daşary ýurtlardan gelen myhmanlar eltiläýmese, ýerli ilat, aýratynam ýaşlar baryp ýörmeýär.

H. Hally: Näme üçin barmaýarlar?

A. Baýryýew: Muzeýiň Berzeňňide, şäheriň günorta çetinde gurulmagy bolsa gerek. Ony, meniň pikirimçe, Aşgabadyň merkezinde guran bolsalar barýanlaryň sany häzirkisi ýaly az bolmazdy. Meselem, Çehiýanyň milli muzeýiniň Praganyň merkezinde ýerleşişi ýaly. Men 2007-nji ýylda bu şäherde bolanymda muzeýleriň biri-biriniň golaýynda ýerleşýändigini gördüm. Bizde bolsa Milli muzeý allowarrada, Şekillendiriş sungaty muzeýi bolsa paýtagtyň merkezinde.

H. Hally: Milli muzeý beýleki pudaklaýyn muzeýlerden aýratyn näme bilen tapawutlanmaly?

A. Baýryýew: Meniň pikirimçe, milli muzeý pudaklaýyn, bir ugurly, welaýatlardaky ülkäni öwreniş muzeýlerden tapawutlylykda, milletiň tutuş taryhyny görkezmek, onuň medeni ösüşini öz içine almak bilen tapawutlanmaly. Ol baryp Damdam çeşmede başlanan ilkidurmuş adamzat ýaşaýşynyň alamatlaryndan başlap, tä şu güne çenli aralykdaky döwri beýan etmeli. Milli muzeýiň alnynda Köýtendagdaky dinozawrlaryň yzlary goýulsa-da kem bolmazdy.

H. Hally: Ol aýdýanyň jany bar. Sebäbi Köýtendäki dinozawrlaryň aýak yzlarynyň iň gowularynyň çapylyp alnyp gidilendigi hakda metbugatda habar ýaýrady. Aslynda bolsa şol baýlygy iň ýokary derejedäki döwlet resmileri, hatda ýurduň prezidenti-de bilyär. Prezident golaýda Lebap welaýatynda bolanda şol yzlary baryp gördi. Olary öwrenmek üçin halkara konferensiýasyny geçirmek meselesini gozgady. Ýöne bar zada owaly bilen eýeçilik gerek. Eger eýeçilik bolmasa, tebigatyň şeýle üýtgeşik baýlygynyň-da alnyp gidiljekdigini görýäris.

A. Baýryýew: Hawa-hawa, men mundan 15 ýyl ozal Sowetler döwründe ýurdumyzdan daşa çykarylan maddy we ruhy mirasymyzyň yzyna gaýtarylyp getirilmegi barada mesele gozgapdym. Biziň ýolbaşçylarymyz topragymyzyň şol juda gadymy taryhy mirasynyň ykbaly bilen gyzyklanmaýarlar, ony gaýtaryp getirmek barada alada etmeýärler. M.Ý. Massonyň Türkmistanda gazuw-agtaryş işlerini geçirende, öwrenmek maksady bilen merkeze alyp giden gymmatly tapyndylar barada köp gürrüň edilipdi. Ilkinji türkmen hudožnigi Nazar Ýomudskiniň eserleriniň ençemesiniň Daşkende alnyp gidilendigi barada maglumat bar. Onuň özi dirikä, Germaniýanyň Leýpsik şäherinde onuň işleriniň başga adamyň ady bilen görkezilendigi hakynda hem ygtybarly maglumat bar. Medeniýet ministrliginiň ýakyndan meşgullanmaly esasy meseleleriniň biri şu bolsa gerek.

H. Hally: Biz gürrüňi birneme uzaltdyk öýdýän, yene milli muzeý meselesine dolanaly.

A. Baýryýew: Muzeý meselesine dolansak, milli muzeýler her bir ýurduň ýaraşygy hem ýüzi. Dünýä belli Britan muzeýini, Ermitažy, Watikan muzeýini göz öňüne getirip göreliň. Biziň ýurdumyz – Türkmenistan diýilýän diňe Saparmyrat Nyýazowdan ýa-da Garaşsyzlykdan ybarat däl ahyryn. Ine, ýönekeý bir mysal, türkmen iti Alabaý ady bilen dünýä belli. Ençeme müň ýyl taryhy bolan şol itiň kelleçanagy nirede ýa-da Çelekeniň töwereklerinden tapylan “Hazar pilleri” atlandyrylan jandarlaryň dişleridir süňkleri, balyklaryň we delfinleriň galyndylary milli muzeýiň eksponaty bolmaly dälmi näme? Aslynda bularam barysy däl. Bathyzdan žirafalaryň, Gumdagyň golaýyndaky Orunjykdan tapylan atlaryň, gäwmüşleriň, pyşbagalaryň, balyklaryň, pilleriň we beýleki haýwanlaryň galyndylarynyň hasabyna milli muzeýimiz baýlaşsa, ýurdumyzyň abraýyna bolmazmy eýsem?! Türkmenistanyň häzirki territoriýasynda mundan millionlarça ýyl ozal jandarlaryň köp görnüşi ýaşapdyr, hatda aýylar, düýegüşlar-da bolupdyr. Belki, milli muzeýiň paleontologiýa bölümi döredilemelidir.

H. Hally: Bizde taryhy ekzotiki galyndylardan başga-da, taryhy-medeni maglumatlaram ýeterlik ahyryn.

A. Baýryýew: Elbetde, ozal hem belläp geçişimiz ýaly, milli muzeý halkyň tutuş taryhyny öz içine almaly. Türkmenistanyň çäginde dörän üç imperiýanyň: Parfiýa döwletiniň, Seljuklar dinastiýasynyň hem Horezimşalar döwletiniň aýry-aýry bölümleri bolmalymyka diýýän.

H. Hally: Onda muzeý durşuna diňe taryhy maglumatlara eýe bolmazmy? Ýurt diňe öz taryhy bilen tanalmaly däldir ahyryn.

A. Baýryýew: Ýok, beýle däl. Meselem, Parfiýa döwletiniň ritonlary hem sungat eseri, hem taryhy maglumata eýe. Eger biz haly muzeýini alsak, ony tutuşlygyna milli muzeýe goşup bolmaz. Başga-da käbir zatlary pudaklaýyn muzeýlere goşmaly bolar. Meselem, Beýik Watançylyk urşunda ok degen “Görogly” kitaby we beýleki medeni baýlyklary.

H. Hally: Häzir bar bolan, geljekde-de üsti doldurylmaly milli muzeýi kämilleşdirmek üçin nähili işler alnyp barylsa gowy bolar?

A. Baýryýew: Milli muzeýimizi kämilleşdirmek, ony dünýä ölçeglerine laýyk getirmek üçin, serişde gaýgyrmaly däl. Goşa-goşa köşkleri, edara jaýlaryny gurmagyň, döwlet baştutanyny taryplana müňläp-müňläp dollarlyk baýrak bermegiň deregine serişdeleri şu maksada gönükdirmeli. Muzeýleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki gymmady özüni aňry ýany bilen ödär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG