Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

"Britaniýanyň “Gaffney, Cline&Associates” kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, Türkmenistanyň Günorta Ýolöten-Osman gaz ýataklaryndaky gazyň maksimal möçberi 21.2 trillion kubometre ýetýär".

Britaniýanyň “Gaffney, Cline&Associates” kompaniýasy Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän Günorta Ýolöten-Osman gaz ýatagynyň dünýä derejesinde ikinji orunda durýanlygyny yglan etdi. Bu Türkmenistanyň gaz eksportyna we energiýa syýasatyna nähili täsir ýetirip biler?


Britaniýanyň “Gaffney, Cline&Associates” kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, Türkmenistanyň Günorta Ýolöten-Osman gaz ýataklaryndaky gazyň maksimal möçberi 21.2 trillion kubometre ýetýär. Bu ýerdäki gazyň ortaça we minimal möçberi bolsa 16.4 we 13.1 trillion kubometr çemesinde kesgitlenilýär.

Bu barada “Gaffney, Cline&Associates” kompaniýasynyň wekili Jim Gillet 11-nji oktýbarda Aşgabatda geçiren metbugat konferensiýasynda aýtdy.

“Gaffney, Cline&Associates” kompaniýasy garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gaz zapaslaryna degişli sanlary yglan eden ilkinji kompaniýadyr. Onuň 2008-nji ýylda ýaýradan hasabatynda Türkmenistanyň Günorta Ýolöten gaz ýatagyndaky gazyň 14 trillion kubometriň çägindedigini we ýurdy gaz baýlyklary boýunça dünýä derejesinde 4-nji orna çykarýanlygy yglan edilipdi.

Kompaniýanyň ikinji audit barlaglary netijesinde yglan eden häzirki sanlary Günorta Ýolöten gaz ýatagyny dünýäde ikinji orna çykarýar.

Dünýäde gaz baýlyklary boýunça iň uly gaz ýatagy Pars aýlagynda, ýagny Katar bilen Eýranyň arasyndaky, Demirgazyk hem Günorta böleklere bölünen Pars gaz ýatagydyr. Bu ýerdäki gaz zapaslary 28 trillion kubometr diýlip kesgitlenilýär.

Syýasy-ykdysady täsiri

Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Brýus Panniýer Türkmenistanyň gaz zapaslaryna degişli yglan edilen sanlaryň ýurduň bir wagtda ençeme ugurlara gaz akdyrmak mümkinçiliklerini giňeldýänligini we Türkmenistanyň Orsyýete, Hytaýa, Owganystana we Ýewropa tarap gaz akdyryp biljegini aňladýanlygyny belleýär.

Türkmenistan köpugurly energiýa syýasatyny yglan edýär. Ýurduň gaz eksportynyň diwersifikasiýa strategiýasynyň çäginde 2009-njy ýylyň aýagynda Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi işläp başlady, 2010-njy ýylyň başynda Türkmenistandan Eýrana tarap goşmaça gurlan gazgeçiriji hem işe girizildi.

Türkmenistan ýene ençeme halkara proýektlerine gyzyklanma bildirýär.
Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Brýus Panniýer.
Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Brýus Panniýer.
“Transowgan” we Hazar regionynyň gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça “Transhazar” gaz proýektiniň Türkmenistanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi planlaşdyrylýar.

Synçylar gaza baý Turkmenistanyň öňküsinden-de has uly möçberli gaza eýedigini görkezýän soňky sanlaryň, dünýäde tebigy serişdelere islegler gitdigiçe artýan döwründe bu ýurda halkara derejesindäki gyzyklanmany has-da güýçlendirjekdigini çak edýärler.

Brýus Panniýeriň pikirine görä, bu ýagdaý ýurtda adam hukuklary ýaly agyr problemalar sebäpli türkmen režimine edilýän basyşlary gowşadyp biler.

“Häzir günbatar kompaniýasynyň Türkmenistanyň ozal çak edilişinden has köp gaza eýedigini aýtmagy daşary ýurt hökümetleriniň we hatda halkara guramalarynyň Türkmenistana basyş etmek işini kynlaşdyryp biler. Gaza bolan isleg muňa sebäp bolýar” diýip, Brýus Panniýer belleýär .

Berlen bahalara garaýyşlar

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda “Gaffneý Cline&Associates” kompaniýasynyň garaşsyz sanlarynyň “Türkmenistanyň hazirki we perspektiw gazgeçirijilerini islendik möçberde gaz bilen üpjün etjeginiň kepilnamasy bolup durýanlygy” aýdylýar.

Emma käbir synçylar Türkmenistanyň gaz zapaslaryna degişli sanlara seresaply çemeleşýärler. Postsowet giňişliginde syýasy-jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän Moskwanyň informasion-analiz merkeziniň bilermeni Aleksandr Karawaýew hem şeýle synçylardan biri.

Ol: “Meniň pikirimçe, bu bahalara we sanlara örän seresaply çemeleşmeli. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar ýatagynyň gaz zapaslary barada berlen bahalary ýatladasym gelýär. Şonda ‘Gaffney, Cline&Associates’ kompaniýasy Blumberg agentligi arkaly ýaýradan maglumatynda bu ýatakda 6 trillion kubometr gazyň bardygyny yglan edipdi. Soňra, 2009-njy ýylyň iýun aýynda Dünýä energiýasynyň statistiki ýyllyk hasabatynda ýurduň gaz zapaslary üç esse artdyrylyp berildi” diýip, Aleksandr Karawaýew belleýär.

"Gafney, Cline&Associates" şirketiniň wekili Jim Gillett bu mesele barada aýdan pikirleriniň birinde Türkmenistanyň gaz zapaslarynyň möçberini şübhe astyna almaklygyň Orsýetden gelip çykýandygyny nygtaýar. Şübhe döredip ýagdaýýy durnuksyzlaşdyrmak bilen bolsa Orsýediň içgin gyzyklanýandygyny Gillett belleýär.

“Gafney, Cline&Associates” şirketi Britaniýanyň “Beker Hughes” kompaniýasynyň düzümine girýär we nebit-gaz pudagynyň dürli ugurlary boýunça tehniki we konsultatiw hyzmatlary amala aşyrýar.
"'Ýaprak' žurnalyndaky interwýusynda Mansur Sabuhy 'bagşy öz ömrüni iline bagşlaýar' diýip nygtapdy. Ol ozüniň uzak bolmadyk ömrüni iline-de bagyşlapdy".

Duşenbe güni Türkmenşährada giňden tanalýan ussat bagşy Mansur Sabuhy 45 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol eýran türkmenleriniň meşhur sazadndasy we bagşysydy.


Mansur Sabuhynyň iýmitden zaherlenme sebäpli aradan çykandygy habar berilýar. Aradan çykmazyndan biraz öň ol Türkmensährada çapdan çykýan “Ýaprak” žurnalyna interwýu beripdi. Şol beren interwýusynda ol özüniň bagşyçylyk hünäri we bu hünäre gelşi bilen baglanyşykly gürrüň beripdi.

1964-nji ýylda eneden doglan Mansur Sabuhynyň şol beren gürrüňine görä, ol 18 ýaşynda ussat bagşy Nazarly Mähjubynyň ýanynda dutar çalyp, bagşyçylyk hünärine girişipdir.

Mansur Sabuhy Türkmensährada döredilen “Azady“ adyndaky aýdym–saz ansamblylnyň ýolbaşçylarynyň biridi. Ol 18 ýyllap Türkmensähranyň belli bagşylary, şol sanda Durdy Törrik, Abdulmennaf Ahangary, Arazmuhammed Şirmuhammedly we Rahym Hywaly bilen bile il arasynda aýdym-saz bilen çykyş edip, il-günüň köp alkyşyny we söýgüsini gazanypdy.

Şeýle-de ol Eýranda geçirilen dürly aýdym-saz festiwallarynda birnäçe gezek baýraga mynasyp bolupdy. Sabuhy Eýranda geçirilýän Fajir saz-sungat festiwalynda hem birnäçe gezek birinji orny eýeledi.

Fransiýada we Şwesiýada-da çykyş edipdi

Mansur Sabuhy ýewropalylary türkmen aýdym-saz sungaty bilen tanyşdyrmak üçin Fransiýada we Şwesýada-da çykyş edipdi.

Şwesiýada medeni çäreler bilen meşgullanýan ildeşimiz Şapur Düýejiniň sözlerne görä, Mansur Sabuhy 2009 ýylyñ 23-nji maýynda Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde beýik türkmen klassyk şahyry Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilen halkara konferensiýa hem gatnaşypdyr.

Şapur Duýeji Mansur Sabuhyny ýatlap, “onuň ýaş we biwagt aradan çykmagy biziň üçin uly ýytgi” diýip, gynanç bildirdi.

“Bagşy öz ömürni iline bagyşlaýar”

Mansur Sabuhy Türkmenistanda-da birnäçe gezek bolyp, ol ýerdäki belli bagşy-sazandalar bilen hem duşyşypdy.

Mansur Sabuhy Türkmensährada çäp bolýan “Ýaprak” žurnalyna beren soňky interwýusynda Akmyrat Çaryýew hem-de Hangeldi Annamyradow maňa bagşyçylyk patasyny berdiler diýpdi.

“Ýaprak” žurnalyndaky bu interwýusynda Mansur Sabuhy “bagşy öz ömrüni iline bagşlaýar” diýip hem nygtapdy. Ol ozüniň uzak bolmadyk ömrüni iline-de bagyşlapdy.

Mansur Sabuhy 11-nji oktýabrda Eýranyň Türkmensähra regionynda Kummet-Howuz şäherinde jaýlandy.

Taher Shir Mohammadi Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG