Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Berdimuhamedow ilkibaşda käbir oňyn ädimler äden hem bolsa, Nyýazowyň häkimiýet başyna geçen ýyllaryndaky ýaly häzirki prezidentiň hem öz şahsyýet kultuny barha ýaýbaňlandyryp başlanlygy aýdylýar.
Günbatar metbugatynda çap edilýän maglumatlarda Türkmenistanda täze şähsyýet kultunyň döredilýändigi baradaky habarlara soňky döwürlerde has köp duş gelinýär. Sişenbe güni Aşgabatda bolan bir waka şol gürrüňlere täzeden badalga berdi.

25-nji oktýabrda halk wekilleriniň we ýaşulularyň gatnaşmagynda paýtagt Aşgabatda geçirilen ýygnakda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Gahrymany” diýlen belent at dakyldy.

“Roýter” habar agentligi bu barada çap eden maglumatynda şol wakanyň şahsyýet kulty bilen tutuş dünýä belli bolan öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwrüni ýada salanlygyny ýazdy.

Berdimuhamedow hem gysga wagtyň içinde öz adyndan ençeme kitap çap etdirdi.
Berdimuhamedow hem gysga wagtyň içinde öz adyndan ençeme kitap çap etdirdi.
“Ýewraziýanet” internet neşiriniň Merkezi Aziýa boýunça habarçysy Joşuwa Kuçera hem Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu pikir bilen doly ylalaşýanlygyny aýtdy:

—Şähsyýet kulty barada aýdylanda, Türkmenistanda häzirki ýagdaý Nyýazowyň döwründäki ýaly akyma öwrülip başlady. Ilkibaşda ýurtda reformalaryň geçiriljekdigi hakda umytlar döräpdi, ýöne soňy bilen şol umytlar puja çykyp, ýagdaý üýtgäp başlady. Dogrymy aýtsam, daşary ýurtlular üçin onuň sebäbine göz ýetirmek juda kyn.

“Türkmenistanyň Gahrymany” diýen at ýurtda iň ýokary derejeli hormatly at bolup, ol Watan öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin diňe Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar. Ol adyň ýany bilen ýeňijä şahadatnama hem-de “Altyn aý” altyn ýyldyzy, döwlet gaznasyndan 25,000 amerikan dollaryna barabar pul baýragy gowşurylýar.

Sylag diňe ýokarda agzalan serişdeler bilen hem çäklenmeýär. Bu ada mynasyp bolan kişä sylag hökmünde döwlet býujeti tarapyndan her aýlygynyň üstüne 50% artyk pul gowşurylýar we sylag alan adam girdeji salgydyndan hem doly boşadylýar.

Uly reformalara garaşylypdy

“Roýter” habar agentliginiň 25-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow bu ada alty gezek mynasyp bolupdy. Şol bir wagtyň özünde-de Nyýazow dünýäde iň repressiw diktatorlardan we şahsyýet kultuna batan ýolbaşçylardan biri diýlip hasaplanýardy.

54 ýaşyndaky Berdimuhamedow hem ýurtda çäksiz ygtyýarlyklara eýedir. Emma ol 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçensoň, Nyýazowyň döwründe girizilen käbir repressiw çäreleri ýatyrdy. Orta mekdepler Nyýazowyň döwründe 9 ýyla getirilen bolsa, Berdimuhamedow gaýtadan 10 ýyllyk okuw programmasyny dikeltdi. Aýlaryň hem hepdeleriň öňki atlaryny dikeldip, daşary ýurtlar bilen Türkmenistanyň gatnaşygyny artdyrdy.

Bu çäreler ýurtda has uly reformalaryň başlanmagyna umytlary döredipdi. Emma düýbi Waşingtonda ýerleşýän “National Endowment for Democracy” edarasynyň Orsýet we Ýewraziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Miriam Lanskoý şol umytlaryň o diýen netije bermänligini aýdýar:

—Türkmenistanyň liberallaşýanlygy barada ençeme gezek gürrüň edildi, käbir ädimleriň ädilendigine garamazdan, düýpli meseleler barada hiç haçan anyk we takyk çäreler görülmedi.

Berdimuhamedow ilkibaşda käbir oňyn ädimler äden hem bolsa, Nyýazowyň häkimiýet başyna geçen ýyllaryndaky ýaly häzirki prezidentiň hem öz şahsyýet kultuny barha ýaýbaňlandyryp başlanlygy aýdylýar.

Taryh gaýtalanýarmy?

Öňki prezident Nyýazowyň portretleri Berdimuhamedowyňky bilen çalşyryldy. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Harby akademiýasynda Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeliniň açylyş dabarasyna hut prezidentiň özüniň gatnaşanlygy habar berlipdi.

Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewe bagyşlanan kitap
Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewe bagyşlanan kitap
Mundan ozal Berdimuhamedowyň doglan obasy Yzgantda ýerleşýän bir mekdebe onuň atasy Berdimuhammet Annaýewiň ady dakylyp, şol mekdepde onuň heýkeliniň hem dikilenligi mälim edilipdi.

Nyýazowça bolmasa-da, Berdimuhamedow hem gysga wagtyň içinde öz adyndan ençeme kitap çap etdirdi. Resmi Aşgabat 22-nji oktýabrda onuň iki kitabynyň Maryda halk bilen tanyşdyrylyş dabaralarynyň geçirilenligini habar berdi. Nyýazowyňky ýaly, Berdimuhamedowyň kitaplary hem çapdan çykan badyna döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri tarapyndan giňden wagyz edilýär.

Bu wakalar göz öňünde tutulanda, Berdimuhamedowyň tutýan ýolunyň Nyýazowyňkydan o diýen tapawutly däldigini aýtsa bolar diýip, “Ýewraziýanet” internet neşiriniň žurnalisti habarçysy Joşuwa Kuçera belleýär:

—Bäş ýyldan soň, häzirki ýagdaýa syn etsek, garaşylan reformalaryň juda ujypsyz bolandygyny aýtsa bolar. Bu hökümetiň saýlap alan ýoly hem Nyýazowyňka juda çalymdaş. Meniň pikirimçe, Berdimuhamedow we onuň töweregindäki adamlar 1991-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän sistemany çalyşmak islänoklar.

Ol Berdimuhamedowa edil häzirki döwürde şu adyň dakylmagynyň sebäbi näme bolup biler diýlen soraga, belki, Berdimuhamedow ýolbaşçy wezipesine bellenen badyna bu sylaga mynasyp boldy diýilse, birhiliräk boljagy çaklanylandyr diýip, jogap berdi.

Emma Kuçera Günbatarda Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty döreýär diýlen gürrüňleriň barha artýan häzirki pursatynda onuň sylaglanmasyna ýurduň öz içinde nähili baha berilýär – esasy sorag şunda diýen pikirde:

—Bir şahsyýet kultuna düşünmek mümkin. Haçan-da bir şahsyýet kulty dargadylyp, ol täze bir kult bilen çalşyrylyp başlansa welin, munuň halkyň arasynda dürli soraglary döretmegi ahmal. Emma Türkmenistan juda ýapyk ýurt, şonuň üçin bu barada halkyň garaýşyny bilmek kyn.
Döwletmyrat Ýazgulyýew
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, garaşsyz žurnalist, Azatlyk Radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýew prezidentiň yglan eden günä geçişligi esasynda çarşenbe güni irden azatlyga çykaryldy.

Žurnalist Ýazgulyýew 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda tussag edilipdi. Oňa garşy maşgala agzalaryndan birini janyna kast etmäge synanyşyga mejbur etmekde günä bildirilipdi. 5-nji oktýabrda bolsa oňa 5 ýyl iş kesildi.

Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew bilen bagly 5-nji oktýabrda geçirilen sud diňlenşigi kadaly iş sagadynyň daşynda we ýapyk gapylaryň aňyrsynda amala aşyrylypdy. Şol diňlenşikde Ýazgulyýewiň aklawçysy hem bolmandy.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy, düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House” guramasy we Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) Ýazgulyýewe garşy görülen bu çäräni onuň žurnalistik işi bilen baglanyşdyrdy.

Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýaşaýan žurnalistiň maşgala agzalary hem Ýazgulyýewe garşy görlen şol çäräniň onuň žurnalistik işleri bilen baglydygy we onuň sýyasy äheňlidigi barada özlerinde ýeterlik dokumentiň bardygyny aýdypdylar.

Ýeňil bolmadyk kär

Ýazgulyýew iýul aýynda Abadanda ýarag ammarynda bolan partlamalar barada ilkinji bolup habar beren žurnalistlerden biri bolupdy. Hökümet ilki başda şol partlamalary kiçiräk bir waka hökmünde görkezip, onuň üstüni örtmäge synanyşypdy.

Şol wakadan az wagt soňra Döwletmyrat Ýazgulyýew partlamalar bilen bagly geçiren garaşsyz žurnalistiki derňeweleri we ýazan bloglary sebäpli howpsuzlyk edarasyna çagyrylypdy we oňa tussag edilmek ähtimallygy barada duyduryş berilipdi.

ABŞ-nyň kongresmenleri tarapyndan 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisine ýollanan hatda Ýazgulyýewiň tussag edilmeginiň türkmen türmelerinde saklanýan ençeme beýleki syýasy tussaglar bilen bagly aladany-da has artdyranlygy nygtaldy.

ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary gatnaşyklar komitetiniň ýokary derejeli agzasy, kongresmen Howard Berman garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň tussag edilmeginiň erkin jemgyýetlerde çydam edip bolmajak hereketdigini aýdypdy.

Azat Ýewropa / Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiw Korn Ýazgulyýewiň boşadylmagyny gowy garşylady: "Onuň azat bolmagyna şat bolduk, emma AÝ/AR onuň tussag edilmeginiň kabul ederliksiz we juda biynjalyk ediji bolandygy baradaky pozisiýasynda durýar".

43 ýaşly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew özi barada eden aladalary üçin Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna, degişli halkara guramalara, duýgudaşlygyny bildiren okyjylaryna we diňleýjilerine özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Döredijilik ýoly

Ýazgulyýew Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetini tamamlan, alan ýokary bilimi boyunça filolog we žurnalist. Uniwersiteti tamamlandan soňra, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynda kiçi ylmy işgär bolup işleýär.

Soňraky ýyllarda Ýazgulyýew TDU-da gadym döwrüň türkmen edebiýatyndan talyplara sapak berýär. Soňra žurnalistika bilen meşgullanyp, Türkmenistanyň resmi metbugatynda işleýär. 2007-nji ýylda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyga başlaýar.

Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmen halkynyň ykdysady, syýasy, jemgyýetçilik, medeni we ýaşaýyş durmuşyny beýan edýän, ýurtdaky gaýragoýulmasyz meselelere ünsi çekýän ençeme makalalaryň, žurnalistiki synlaryň awtorydyr.

Şwesiýada ýerleşýän "Gün" neşirýaty Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli, türkmen dilindäki edebi eserleriň arasynda "Dogduk topragyň howandary-2011" ady bilen gurnan bäsleşiginde baş baýragy Ýazgulyýewe bermegi karar etdi.

"Gün" neşirýatynyň baş redaktory, ýazyjy Akmuhammet Welsapar bäsleşigiň baş baýragyny žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewe bermek barada gelnen bu karary onuň edebi we žurnalistik işi hem-de görkezen professional gaýduwsyzlygy bilen baglanyşdyrdy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG