Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolup, özygtyýarly döwlete öwrülenine 20 ýyl doldy.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramyna gabatlap geçiren “Tegelek stol” söhbetdeşligine Bolgariýadan Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa, Şwesiýadan türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow, Orsýetden pedagogiki ylymlaryň kandidaty Serdar gatnaşdy. Söhbetdeşligi Pragadaky Studiýadan Ýowşan Annagurban alyp bardy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolup, özygtyýarly döwlete öwrülenine 20 ýyl doldy. 1980-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda we 1990-njy ýyllaryň başynda Türkmenistanyň öz tebigy baýlyklary esasynda ikinji Kuweýte öwrülip biljegi, türkmenistanlylaryň özbaşdak ýurtda azat-erikn we abadan, bol-elin durmuşda ýaşajagy barada umytly gürrüňler edilipdi. Eger 20 ýylyň belentliginden yza seredilse, bu umytlar näderejede hasyl boldy?

Täjigül Begmedowa: Türkmenistanyň tebigy baýlyklary, mümkinçiligi dogrudanam uly, muňa guwanmak gerek. Mysal üçin, Aşgabady gözelleşdirmek üçin bir topar iş edilýär, serişde harçlanýar. Ýöne 20 ýyl geçdi, emma gynansak-da, Türkmenistan ne ikinji Kuweýt boldy, ne-de başga bir ösen ýurt ýaly boldy. Aşgabady gözelleşdirmek ýaly işleri etmek arkaly bir ädim öňe ädilen bolsa, ýurtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, hormatlamak meselesinde iki ädim yza ädildi. Mysal üçin, raýatlaryň ýurtdan erkin çykmak we ýurda gaýdyp barmak hukuklary bozulýar, ýurduň içerki ýagdaýyna analiz ýa-da monitoriň geçirmäge mümkinçilik berlenok.

Azatlyk Radiosy: Gysagaça aýtsaňyz, Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda öz tebigy baýlyklaryny Moskwadan garaşsyz özüçe harçlamak hukugyna eýe boldy. Şu mümkinçilik netijesinde türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesi sowet döwrüniň soňky ýyllary bilen deňeşdirilende gowulaşdyryldymy?

Täjigül Begmedowa: Eger tehniki proges göz öňünde tutulsa, bu soraga gowulaşdyryldy diýip jogap berse bolar. Ýöne adam hukuklaryny ýerine ýetirmek, azatlyk almak ýaly meselelerde hiç hili üýtgeşik zat ýok. Eger ozal Moskwa komanda ýa görkezme beren bolsa, indi diňe prezident ýa prezidentiň aňyrsynda duran adamlar, oýnatgy ýaly edip ulanyp, komanda berip otyrlar. Adamlar hiç hili şu ýerde özleriniň goşandyny goşup bilenoklar, olara diňe statist ýa marionetka ýaly, stadionlardaky we beýleki ýerlerdäki çärelere gatnaşmaga mümkinçilik döredýärler, bolany.

Azatlyk Radiosy: Halmyrat Söýünow, siziňçe ýurt garaşsyzlygynyň 20 ýyly türkmen halkyna nähili abadançylyk getirdi?

Halmyrat Söýünow: Bärde belläp geçmeli esasy zat, Türkmenistan dogrudanam öz ýerasty baýlyklary boýunça dünýäde iň baý döwletleriň hataryna girýär. Emma Türkmenistan ilat sany boýunça dünýäde iň kiçi döwletleriň biri bolup durýar. Emma muňa garamazdan, ilatyň durmuş we ýaşaýyş şerti, jan başyna düşýän milli girdejini göz öňünde tutsak, bolmalysyndan birnäçe esse pes derejede. Ine, Türkmenistanyň ýa türkmen halkynyň durmuşynda şu hem esasy kesgitleýji bolup dur.

Geçen 20 ýylyň dowamynda Türkmenistan ýa Türkmenistanyň halky garaşsyzlykdan näme peýda gördi ýa näme gazandy diýlen soraga men položitel jogap bermäge esas görmeýärin. Sebäbi ýurduň baýlyklaryna esasy bir adam, prezident wezipesinde oturan adam ygtyýarly edildi. SSSR dargandan soň mümkin bolan erkinlik, garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň gören peýdasyndan çeken zyýany kän bolandyr diýsem ýalňyşmaryn. Soňky 20 ýylda, sowet zamany bilen deňeşdirilende, adamlaryň sosial üpjünçiligi ýitirildi. Adamlar sowet döwründe mümkin bolan mugt medisina hyzmatlaryndan hem mahrum edildi. Mundanam başga, adamlar ýokary bilim almak mümkinçiliklerinden hem köp derejede mahrum edildi. Mundanam başga, berilýän bilimiň hili, derejesi hem sowet döwründäkiden 5-10 esse aşak gaçdy diýsek ýalňyşmarys öýdýärin. Hut şu ýagdaý hem ahyr netijede Türkmenistanyň halkynyň bilimsizligine, bisowatlaşdyrylmagyna we mankurtlaşdyrylmagyna alyp geldi diýip, pikir edýärin. Bu diktator Nyýazowyň halkyň boýnuna salan syýasatynyň netijesi diýip düşünýärin. Bu syýasat Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hem dowam etdirilýär.

Azatlyk Radiosy: Orsýet, pedagogiki ylymlaryň kandidaty Serdar, indi size geçýäris. Siziňçe, Türkmenistanyň halky Orsýetiň, Ukriananyň, Belarusyň ilaty bilen deňeşdirilende näderejede abadan we azat ýaşaýar? Türkmenistanyň soňky 20 ýyllykdaky abadançylygy barada siz näme pikir edýärsiňiz?

Serdar: Elbetde, soňky 20 ýyllykda bir topar üýtgeşiklik boldy, adamlaryň maddy hal-ýagdaýy gowulaşdy, muny bellemek gerek. Sebäbi ýurtda uruş ýa başga bir goh-galmagal bolmasa, bu şeýle-de bolmaly. Tehnika ösüşde, maşyn we beýleki tehniki enjamlary öndürýän kompaniýalaryň önümçiligi artýar, olar öz öümlerini daşary ýurtlara, Türkmenistana hem satýarlar we ýurda her dürli maşynlar, tehnika, telewizorlar, kompýuterler, mobil telefon diýen ýaly zatlar barha köp getirilýär. Şu tarapdan seredilende, Türkmenistanda özgerişlik boldy. Ýöne bu hili özgerişlik diňe Türkmenistanda däl, hemme ýurtda hem bolýar, sebäbi bu bir proses, bolup duran zat.

Ýöne, Täjigüliň hem aýdyşy ýaly, adam hukuklary tarapdan seredilse, Türkmenistanyň ýagdaýy hakykatdan hem erbetleşdi. Sebäbi öňler arzyňy aýdyp bolýan bolsa, häzirki döwürde ol ýerde arzyňy hem hiç ýere ýetirip bolmaýar. Şu nukdaý nazardan seredeňde Türkmenistanyň ýagdaýy, slawýan ýurtlary bilen deňeşdireňde SSSR döwründen has erbet ýagdaýda. Sebäbi bu ýurtlarda, her zadam bolsa, belli bir derejede garaşsyz metbugat bar, belli bir derejede arzyňy aýdyp bolýar, Internet ösen, her dürli pikirler aýdylýar. Türkmenistandakydan tapawutlylykda, bu ýurtlarda adamlar syýasy diskussiýalary hem geçirip bilýärler, merkezi telewideniýede hem öz pikirlerini aýdyp bilýärler. Emma Türkmenistanda hiç hili azat pikiri aýtmak bolmaýar, adamlar doly derejede gysylýar. Ol ýerde pikir bir adamyňky bolmaly, ol dogrumy-ýalňyşmy, hiç kimiň oň bilen işi bolmaly däl. Onuň diýen zady diýen, aýdany hem aýdan bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Serdar, prezident Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen belent at berlende ýaşaýjylaryň käbiriniň aýtmagyna görä, ýurtda ýerdäki jennet ýaly ýaşaýyş şertleri döredilipdir. Siz bu pikire nähili garaýarsyňyz?

Serdar: Jennetmi, dowzahmy, ony bilmedim, sebäbi muny kesgitlemek kynrak boljak, ýöne şol bir wagtda onuň jennet däldigi görnüp durmyka diýýärin. Meniň pikirimçe, Türkmenistanda prezident gahrymanlyk berler ýaly iş etmedi diýsek, dogry bolar. Men Türkmenistandan gelen adamlar bilen duşuşyp, Türkmenistan barada pikir alşyp durýaryn. Şonda men olardan durmuş-ýaşaýyş nähili diýip soramda, olar köplenç “häzir Nyýazow döwründäkiden hem erbet boldy” diýip jogap berýärler.

Şu ýagdaýdan netije çykaryp, “Haýsy ýoldan gitmeli? Diktatura ýolundan gitmelimi ýa demokratiýa ýolundan gitmeli?” diýen soraga iki Koreýanyň, Demirgazyk we Günorta Koreýanyň mysalynda jogap bersek gowy bolarmyka diýýärin. Şol iki ýurduň halky bir halk, bir millet, olaryň ikisiniň hem deň mümkinçiligi bardy. Indi häzir Demirgazyk Koreýa seredip görüň, Günorta Koreýa seredip görüň. Bu iki ýurduň biriniň halky aç-ýalaňaç, beýlekisiniň halky bolsa, jennet şertlerinde ýaşaýar. Ýogsa olaryň ikisem bir halk, hemmesi bir koreý. Emma olaryň biri, Demirgazyk Koreýanyň halky hakykatdanam dowzah şertlerinde ýaşaýar, sebäbi ol ýurduň ilaty aç-hor, hiç zat aýdyp bilenok, hiç ýere çykyp bilenok. Onsoň Türkmenistandaky şertlere hem şu esasda baha berlip, netije çykarylsa dogry bolar.

Azatlyk Radiosy: Halmyrat Söýünow, ýadyňyzda bolsa, garaşsyzlygyň başky ýyllarynda türkmen parlamentingde hem açyk pikir aýtmak mümkinçiligi bardy. Şoň bilen birlikde metbugatda hem käbir jarnlanmalar, erkinlik meýli görünýärdi. Emma türkmen häkimiýetleri turuwbaşdan agzybirlik, asudalyk, durnuklylyk üçin bir adamyň agzyna seretmeli, bir lideriň daşyna jemlenmeli diýen ideýany öňe sürdüler we başga pikirliligi, söz, metbugat, mitingler azatlygyny inkär etdiler. Siziňçe, Türkmenistan bir adama baglylyga, awtoritarizme gelmän, başga ýoldan gidip bilermidi? Näme üçin Türkmenistan şeýle ýoly saýlap aldy? Näme üçin halk şeýle režimi kabul etdi we şahsyýet kultuna garşy çykanlary goldap bilmedi?

Halmyrat Söýünow: Bu gaty uly mesele, ýöne men başardygymdan jogap bermäge synanyşaýyn. 1991-nji ýylda SSSR-iň dargajagy hemmä diýen ýaly görnüp başlady. Emma sowet dolandyryşynyň ornuna nähili sistema gelmeli, bu belli däldi. Türkmenistan haýsy ýoly saýlap almaly, nirä gitmeli, ine, şu meseleler hemme adamlaryň, şol sanda Ýokary sowetiň deputalarynyň öňünde hem keserip durdy.

Dogrudanam, näme üçin şol asudalyk, bir adamyň agzyna garamak ýoly bilen gidildi? Birinji faktor aňyrdan, türkmençilikden gelýän faktor: biziň ata-babalarymyzda bir han saýlanar we şol hana hem millet tabyn bolar, şol hanam milleti jebisleşdirer. Açyk-aýdyň günlere millet, halk bolup bile ýeteris diýen ýagşy umytlar bilen, “geliň, milleti şol Nyýazowyň töwreginde jemläliň” diýen pikir Ýokary sowetde hem ýaşuly deputatalar tarapyndan teklip edildi. Şondan soň, hut şu pikirden ugur alyp hem Nyýazow liderlige çykaryldy. Ol diňe öz şahsy üstünligi ýa başarjaňlygy, ukyplylygy bilen ol derejä ýeten adam däl-de, döwrüň talaby boýunça orta çykarylan adam diýip aýtsak, taryhy nukdaý nazardan dogry baha berdigimiz bolardy.

Ikinji bir sebäp, halkyň bir adamyň agzyna garadylman, başga ýoldan gitmegine päsgel ýene bir zat bizde sowet zamanyndan öň birnäçe ýüz ýyllap türkmen döwletiniň ýa-da döwlet dolandyryşynyň bolmanlygy bilen bagly. Bizde ozal ne döwlet dolandyryşynyň tejribesi bardy, ne-de köppartiýalylyk tejribesi bardy. Biziň döwlet tejribesinden bar gören zadymyz sowet döwründäki kommunist dolandyryşy bolupdy. Onsoň biz öz ýolumyzy gözläp, agtaryp tapmaly bolupdyk we şol tapylan ýoluň biri hem, türkmen intelligensiýasynyň wekilleriniň birnäçesiniň teklip etmeginde, biz şular ýaly ýol bilen gitsek ýalňyşmarys diýen pikire eýerilip, olar päk ýürek bilen aýdylan pikirler diýip düşünýän, ine şeýdip şu ýoyl saýlap aldy bütin halk we jemgyýet.

“Birinji etapda zorluk boldumy?” diýen men soraga “ýok” diýip aýdyp biljek, sebäbi esasan ýalňyşlyk boldy. Hemme kişi Watanyň azatlygyny isledi, bu barada hiç hili şübhe ýok. Hemme kişi Türkmenistanyň gülläp ösmegini isledi, bu barada-da ikilik eden adam ýok. Ýöne soňra Nyýazow halkyň arzuwlaryny öz şahsy peýdasyna hyzmat etdirmegi başardy, ýaranjaňlaryň kömegi bilen, elbetde. Şeýdibem halk öz azatlyklaryndan we hukuklaryndan, Magtymgulynyň arzuw eden döwletinden gaty uzaga zyňyldy. Netijede, bu ýagdaý sebäpli biziň iň uly pidamyz ýaşlar bilimsiz galdy we ýurt işsizlik, jenaýatçylyk, sosial meseleler we ägirt uly korrupsiýa bilen ýüzbe-ýüz dur.

Azatlyk Radiosy: Serdar, siz näme pikir edýärsiňiz, Türkmenistan näme üçin şeýle ýoldan gitdi?

Serdar: Türkmenistanda adamlarda hakykatdanam bir agza bakmaly, agzybir bolmaly diýen pikir bar. Olar bir adam ýurdy asuda saklamaly, halky agzybir saklamaly we şeýdip hem öňe gitmeli, ösmeli diýip düşünýärler. Emma, meniň pikirimçe, bäsleşik bolmadyk ýerinde hiç wagt ösüş bolmaýar. Türkmenistanda Nyýazow hökümeti öz eline aldy-da, hiç hili bäsleşik bolmady. Ol monopolist hökmünde edenini etdi, goýanyny goýdy. Onsoň onuň edenine däl diýer ýaly bolmady.

“Nähili ýol bilen gidilen bolsa gowy bolardy?” diýen soraga men şeýle jogap bermek isleýärin: Bäş welaýatdan parlament wekilleri jemlenişip, Türkmenistana hyzmat eden bolsa, esasy parlament dolandyryşy bolup, soň belli bir derejede prezident hökümeti bolan bolsa, Türkmenistanda ösüş bolardy. Eger-de adamlar ýurduň ösmegini isleýän bolsalar, onda daşary ýurtlaryň tejribesine, ösen ýurtlara seretmeli. Ol ýurtlarda hem diktatorlar halky bagta ýetirýärmi ýa adamlaryň özlerini jemlenişip, pikirlerini açyk aýdyp we ýazyp azat durmuş gurýarlarmy? Men bu meselede şol zatlara seredip netije çykarmaly diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Türkmen metbugaty Türkmenistanda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygider ösýändigini aýdýar, emma daşary ýurtlaryň metbugatynda Türkmenistan Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlara deňelýär. Siziňçe, Türkmenistanyň daşary ýurtlaradaky at-abraýyny, imdžini nädip üýtgetmeli?

Halmyrat Söýünow: Men bu soraga Seradaryň pikirini dowam etdirip jogap bermek isleýärin. Biz indi 20 ýyl bäri parlament düzgün-tertibini wagyz edip gelýäris. Sebäbi prezident dolandyryşy biziň halkymyza hiç bir gowulyk getirmedi, ondan diňe zyýan boldy. Onsoň ýurduň we halkyň abraýyny dikeltmek üçin hemme derejede, ýerli saýlawlardan başlap, prezident saýlawlaryna çenli aralykda diňe azat we adalatly saýlawlaryň geçirilmegini üpjün etmeli. Muny nädip edip bolar? Elbetde, bu işi ýurduň içindäki we daşyndaky adamlar bileleşip, bilelikde işläp etmeli.

Serdar: Türkmenistanyň daşary ýurlardaky at-abraýyny dikeltmek her bir türkmenistanla bagly. Şuňa türkmenleriň düşünmegi gerek. Türkmeniň ykbalam her bir adama bagly. Mysal üçin, bizde bir ýalňyşlyk bar, biz öz ykbalymyzy ýokardakylar çözmeli diýip düşünýäris. Eger Türkmenistanyň abraýyny galdyrjak bolsaň, her bir adamyň özi hereket etmese, ýurduň nähili derejä ýetýänini görüp durus. Ýokardaky adamlar diňe öz pikirini, öz garyndaşlarynyň pikirini edýär, halkyň aladasyny etmeýär. Meniň pikirimçe, hemme zat adamlaryň özlerine bagly. Ruhdan düşmeli däl. Watanam biziňki, Türkmenistanam biziňki, onuň geljegem biziňki we çagalarmyzyňky. Şoň üçin ýokardakylar meniň çagamyň pikirini eder diýmän, her kim öz işini gowy etmeli. Okaýanlar gowy okamaly, durmuşa düşünjek bolmaly. Şonda geljekde üýtgeşiklik bolar diýip, umyt edýärin.
1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry – Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny yglan etdi.

1991-nji ýylyň 21-nji dekabry – Türkmenistan resmi suratda GDA-nyň düzümine girdi.

1992-nji ýylyň 19-njy fewraly – Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň görnüşi ykrar edildi.

1992-nji ýylyň 18-nji maýy – Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Konstitusiýasy kabul edildi.

1992-nji ýylyň 21-nji iýuny – Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary geçirildi we onda ýeke-täk kandidat bolan Saparmyrat Nyýazow saýlawçylaryň 99,5 % sesini aldy diýlip, yglan edildi.

1992-nji ýylyň iýuly – Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri Abdy Kulyýew oppozisiýa geçýänligini yglan etdi.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabry – Türkmen manady milli pul birligi hökmünde dolanyşyga girizildi.

1994-nji ýylyň 15-nji ýanwary – S.Nyýazowyň prezidentlik möhletini 2002-nji ýyla çenli uzaltmak boýunça referendum geçirildi. Resmi maglumata görä, saýlawçylaryň 99,9 %-i bu teklibi goldady.

1995-nji ýylyň 12-nji iýuly – Aşgabatda hökümete garşy ilkinji protest demonstrasiýasy geçirildi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry – BMG Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk statusyny resmi taýdan ykrar etdi.

1996-njy ýyl – Tejen-Saragt-Maşat demirýoly açyldy.

1997-nji ýyl – Türkmenistanyň Birleşen Demokratik Oppozisiýasy döredildi we onuň baştutanlygyna Türkmenistanyň ilkinji daşary işler ministri Abdy Kulyýew saýlanyldy.

1998-nji ýylyň apreli – Prezident S.Nyýazow ABŞ-a ilkinji resmi saparyna başlady.

Bu saparyň öňüsyrasy: Aşgabada baran Türkmenistanyň Birleşen Demokratik Oppozisiýasynyň lideri Abdy Kulyýew tussag edildi, birnäçe günden soňra, Nyýazowyň görkezmesi bilen boşadyldy.

1999-njy ýyl – Türkmenistanda diktatura gutarnykly ornaşdy we Saparmyrat Nyýazow ömürlik prezident diýlip atlandyrylyp başlandy.

2000-nji ýyl – S.Nyýazow 70 ýaşda häkimiýet başyndan gitjekdigini söz berdi. Şol ýyl Nyýazow Garagum çölündäki “Altyn Asyr” türkmen kölüniň proýektini jar etdi.

2001-nji ýylyň sentýabry – S.Nyýazowyň ”Ruhnama” kitaby çap edildi.

2001-nji ýyl – S.Nyýazow ýurtda Opera we Balet teatryny resmi suratda gadagan etdi.

2002-nji ýylyň mart aýy: Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Muhammet Nazarow we ýokary derejeli howpsuzlyk resmileriniň ençemesi wezipelerinden boşadyldy. Soňra olar uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edildiler.

2002-nji ýylyň awgusty – S.Nyýazow aýlaryň adyny üýtgedip, aýlara öz adyny, ejesiniň adyny, ”Ruhnama” kitabynyň we käbir milli taryhy şahsyýetleriň adyny dakdy.

Şol ýylyň 25-nji noýabry – “Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk” diýlip atlandyrylan waka boldy we şunuň bilen baglanyşykly birnäçe ýüz adam tussag edildi.

2003-nji ýyl – S.Nyýazow iki graždanlyk boýunça Orsýet bilen 1993-nji ýylda baglaşylan ylalaşygy birtaraplaýyn häsiýetde ýatyrdy.

2004-nji ýyl – Türkmenistanda döwlet gullukçylaryna altyn diş goýdurmak gadagan edildi.

2004-nji ýylyň aprel aýy – Nyýazow Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Poron Berdiýewi wezipesinden boşatdy. Soňra ol uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

2004-nji ýylyň dekabr aýy – Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Annageldi Gummanow wezipesinden boşadyldy.

2005-nji ýyl – Türkmen telewideniýesinde we radiosynda aýdymçylara we sazandalara fonogramma ulanyp çykyş etmek gadagan edildi.

2005-nji ýylyň fewral aýy – Nyýazow paýtagt Aşgabatdan we welaýat merkezlerinden başga ýerlerdäki hassahanalary ýapmaly etdi.

2005-nji ýylyň maý aýy – Nyýazow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, wise-premýer Ýolly Gurbanmyradowy korrupsiýa aýyplamalary bilen wezipesinden boşatdy. Soňra ol uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

2005-nji ýylyň iýul aýy – Nyýazow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, wise-premýer Rejep Saparowy korrupsiýa aýyplamalary bilen wezipesinden boşatdy. Soňra ol uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

2006-njy ýylyň ýanwary – Türkmenistanda pensiýalaryň möçberi azaldyldy.

2006-njy ýylyň apreli – Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisini gurmak ylalaşygyna gol goýuldy.

2006-njy ýylyň 24-nji apreli – Türkmenistanyň Baş prokurory Gurbanbibi Atajanowa korrupsiýa aýyplamalary bilen wezipesinden boşadyldy. Soňra ol uzakmöhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

2006-njy ýylyň 16-njy sentýabry – Žurnalist we aktiwist Ogulsapar Myradowa türmede gümürtik ýagdaýda aradan çykdy.

2006-njy ýylyň 21-nji dekabry – S.Nyýazow tarpa-taýyn aradan çykdy.

2006-njy ýylyň 22-nji dekabry – Türkmenistanyň Konstitusiýasy boýunça ýurduň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmeli Mejlisiň başlygy Öwezgeldi Ataýew türme tussaglygyna höküm edildi.

2007-nji ýylyň 14-nji fewraly – Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ikinji prezidenti diýlip yglan edildi.

2007-nji ýylyň 9-njy apreli – Türkmenistanyň Birleşen Demokratik Oppozisiýasynyň lideri Abdy Kulyýew Norwegiýada aradan çykdy.

2007-nji ýylyň maý aýy – Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Geldimuhammet Aşyrmuhammedow wezipesinden boşadyldy.

2008-nji ýylyň apreli – Türkmenistanda ýewropa kalendary boýunça ulanylýan aý atlary täzeden dikeldildi.

2008-nji ýyl – Prezident G.Berdimuhamedow S.Nyýazowyň permanyny ýatyryp, Türkmenistanda Opera we Balet teatryny gaýtadan dikeltdi.

2009-njy ýyl – Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazowyň suraty aýrylyp, ýüzünde türkmeniň geçmiş şahsyýetleriniň suratlary ýerleşdirilen milli pul – täze manatlar dolanyşyga girizildi.

2009-njy ýylyň aprel aýy - Türkmen gazyny Orsýete akdyrýan gazgeçirijide partlama boldy. Türkmenistan bu waka boýunça Orsýeti aýyplady, iki ýurduň arasynda dartgynlyk emele geldi.

2009-njy ýylyň dekabry – Hytaýa türkmen gazy akdyrylyp başlandy.

2010-njy ýylyň 14-nji maýy – Berdimuhamedow Daşoguz şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde köppartiýalyk jemgyýetçilik syýasy sistemasyny döretmäge wagtyň ýetendigini aýtdy.

2010-njy ýylyň iýul aýy – Berdimuhamedow hususy gazetleriň çap edilmegine rugsat berýändigini yglan etdi.

2010-njy ýylyň awgusty – Aşgabadyň merkezindäki Bitaraplyk binasy söküldi.

2010-njy ýylyň noýabr aýy – Türkmenistan ÝB tarapyndan goldanylýan "Nabukko" gaz proýektine gatnaşjakdygyny yglan etdi.

2011-nji ýylyň 29-njy marty – Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.

2011-nji ýylyň 9-njy maýy – Türkmenistanyň Saýlawlary we Referendumlary geçirmek boýunça Merkezi komissiýasyna 1990-njy ýyllardan bäri ýolbaşçylyk edip gelen Myrat Garryýew wezipesinden boşadyldy.

2011-nji ýylyň 7-nji iýuly – Abadan şäherindäki (ozalky Büzmeýin) harby ammarda güýçli partlama boldy. Häkimiýetler 15 adamynyň ölendigini boýun aldylar. Emma resmi däl çeşmeler ölenleriň sanynyň 100-den gowrak bolandygyny çakladylar.

2011-nji ýylyň 8-nji iýuly – Prezident Berdimuhamedow daşary ýurtlardaky oppozisiýany 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçjek prezidentlik saýlawlarynda bäsleşige çagyrdy.

2011-nji ýylyň 25-nji oktýabry – Prezident G.Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen belent ady aldy. S.Nyýazow öz döwründe bu ady 6 gezek alypdy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG