Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Garaşsyz žurnalist, edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew
27-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Änew şaherçesinde ýaşaýan garaşsyz žurnalist, edebiýatçy, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy, 43 ýaşly Döwletmyrat Ýazgulyýew Kaka etrabynyň polisiýa işgärleri tarapyndan tussag edildi.

Ýazgulyýew häzire çenli Ahal welaýatynyň “Ýaşlyk” şäherçesiniň sizosynda, ýagny tussaglaryň wagtlaýyn saklanýan bölüminde saklanýar. Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna gowşan maglumatalara görä, sişenbe güni Ýazgulyýewiň işi boýunça sud diňlenişigi başlanar.

Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň maşgala agzalarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, žurnalistiň garşysyna toslama aýyplamalar bilen jenaýat işi açylypdyr. Ýazgulyýewe Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasy boýunça günä ýöňkelýar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew özüniň hukuk tertibini goraýjy organ işgärleri tarapyndan yzarlanýandygyny, ony diňe Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýändigi sebäpli ýanaýandyklaryny tussag edilmezinden öň Azatlyk Radiosy üçin galdyran ses ýazgysynda nygtaýar.

“Häzir Duşak şäherçesine gelen güýç ulanyjy edaranyň wekilleri, hakyky işlerini etmän, meniň professional esasda Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýändigim üçin, gybat esasynda meni şu meselä goşmak üçin gelipdirler” diýip, žurnalist Ýazgulyýew ses ýazgysynda aýdýar.

Abadan wakalary

Mundan öň, 14-nji iýulda Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň organ işgärleri “ýaşulularyň onuň bilen gepleşmek isleýändiklerini” aýdyp, haýsy mesele boýunça gürrüň boljagyny mälim etmezden, žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewi Ahal welaýatynyň prokuraturasyna çagyrypdylar.

Ýazgulyýew 7-nji iýulda Abadan şäherinde bolan partalama, weýrançylygyň möçberi barada reportaž taýýarlap, Azatlyk Radiosyna yzygiderli maglumat berip durdy. Ýazgulyýew, Abadan wakalary barada maglumat berenden soň, polisiýa işgärleri tarapyndan ýanalyp başlandy.

Soňra Döwletmyrat Ýazgulyýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özüni Ahal welaýatynyň polisiýa edarasynyň 6-njy bölümine eltendiklerini, ol ýerde polisiýa işgärleri bilen däl-de, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Altymyrat Berdiýew bilen gürrüň bolandygy aýdyp beripdi.

“Ol ýerde maňa “töhmetçilikli, halky, milleti öjükdiriji maglumat berýändigimi aýtdylar. Menem olara: “Olar ýaly maglumat beremok, halkdan gizlenjek boldy şu wakalar diýdim… Näme üçin DIM-iň ýolbaşçylary ýalňyş maglumat berdiler diýdim” diýip, Ýazgulyýew gürrüň beripdi.

Duşuşygyň soňunda organ işgärleri Ýazgulyýewe Jenaýat kodeksiniň 132-nji maddasy (habar beriş serişdelerinde töhmetçilikli habarlary ýaýratmak) hem-de 177-nji maddasy (sosial, dini we milli öjükdirme) - biri 2 ýyl, birem 5 ýyl möhlet - bilen günälenýändigini aýdypdylar.

“Ýöne biz, ýaşulularyň tabşyrygy boýunça, birinji gezek saňa duýduryş bermäge geldik” diýip, protokol düzdüler. Iň soňunda: “Saňa duýdurýarys, indiki gezek şeýle zat etseň, seni jenaýat jogapkärçiligine çekeris” diýdiler” diýip, Ýazgulyýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýdypdy.

Niýet näme?

“Ýazgulyýewiň garşysyna jenaýat işini açmak barada haýbat atylmagy ýurduň resmileriniň hiç zatdan gaýtmajagyny görkezýär” diýip, Halkara Deýwid Börk baýragynyň eýesi, aşagabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew ýakynda “Töhmet belasyndan dynylarmy?” atly blogunda ýazypdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiostansiýalarynyň prezidenti Stiw Kornuň bu habar bilen bagly beýanatynda “häkimiýetler Ýazgulyýewiň iýul aýynda Abadan partlamalary barada beren garaşsyz we erkin maglumatlaryndan nägile bolandyklaryny ýaşyryp hem durmadylar, bu aýyplamalar galp hem žurnalisti hemişelik dymdyrmak niýetinde bolup görünýär” diýilýär.

Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Azatlyk Radiosy bilen 2007-nji ýyldan bäri yzygiderli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Ol esasan ýurtdaky adam hukuklary, demokratik prinsipler, bilim, medisina, oba hojalygyndaky korrupsiýa barada yzygiderli maglumat berýärdi, blog ýazýardy.
Her ýyl çagalar baglarynda mekdebe taýynlanylýan topardaky çagalaryň mekdebe barmaklary bilen, toparlar öňe süýşürilip, çagalar baglaryna, iň körpejeleriň toparyna çagalaryň kabul edilmegine eneler sabyrsyz garaşýarlar.
Türkmenistanda döwrebap çagalar baglarynyň gurluşygy tamamlanyp ulanylmaga berlenleriniň sany soňky ýyllar diňe bir paýtagtda däl, welaýat merkezlerinde, etrap merkezlerinde hem artýar. Täze gurulýan çagalar baglary multimedia hem-de beýleki zerur bolan enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, ol ýerlerde körpeleriň sagdyn ösmekleri, mekdebe taýynlykly barmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Abadan şäheriniň ýaşaýjysy, özüni Gülbahar diýip tanyşdyran zenan, ikinji çagasy üç ýaşaýança enelik rugsadynda dynç alyşda oturandygyny, ýakyn günlerde çaganyň üç ýaşynyň dolýandygyny, ondan soň özüniň iş ornuna barmalydygyny gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, Abadan şäherindäki çagalar baglarynyň birine çagasyny ýerleşdirmek üçin, ol eýýäm bir ýyl gowrak wagt bäri nobata durupdyr. Şeýle nobatlar şäheriň bilim bölüminde hasaba alynýar. Emma, muňa garamazdan, Gülbaharyň aýtmagyna görä, 300 manat möçberdäki puly çagalar bagynyň müdirine bermeseň, perzendiňi çagalar bagyna ýerleşdirmek mümkinçiligi aradan aýrylýar.

Her ýyl çagalar baglarynda mekdebe taýynlanylýan topardaky çagalaryň mekdebe barmaklary bilen, toparlar öňe süýşürilip, çagalar baglaryna, iň körpejeleriň toparyna çagalaryň kabul edilmegine eneler sabyrsyz garaşýarlar. Emma eneleriň öz çagalaryny çagalar bagyna ýerleşdirip bilmekleri üçin, tanyş-biliş gözläp, şäher bilim bölüminiň işgärlerine, ýa bolmasa, çagalar bagynyň müdirine diýen puluny bermeli bolýandygyny eneler aýdýarlar.

Şeýle hem çagalar baglarynda her topara 25 çaga kabul edilmeli diýseler-de, soňra toparda 35-38 çaganyň bardygy mälim bolýar. Bu bolsa çagalaryň kadaly terbiýelenmegi, dynç almaklary üçin kynçylyk döredýär. Kynçylyk esasan terbiýeçilere we enekelere düşýär.

Özüniň ilkinji çagasynyň häzir on ýaşyndadygyny, ýedi ýyl mundan ozal ilkinji çagasyny çagalar bagyna ýerleşdirmeli bolanynda, hiç bir çykdajysyz, öz nobatyna ýerleşdirip bilendigini Gülbahar ýatlaýar.

Sany artdygyça, ýerleşdirmek kynlaşýar

Täze mekdepleriň, täze çagalar baglarynyň sany artdygyça çagalary çagalar bagyna ýa abraýly hasaplanýan mekdeplere ýerleşdirmegiň kynçylygy artýar. Eneler indi berilmeli paranyň möçberiniň-de köpelýändigini, munuň sebäplerine ene-atalaryň düşünip bilmeýändiklerini hem aýdýarlar.

Çagasyny çagalar bagyna ýerleşdirenlerinden soň hem ene-atalardan el sabyny, kir sodasy, hajathana kagyzy, nahar iýmek üçin gerekli gap-gajy getirmekligi hem häli-şindi soraýarlar, ene-atalar wagtal-wagtal çagalar bagynyň bejeriş-abatlaýyş işleri üçin hem pul bermeli bolýarlar.

Mundan 20-30 ýyl ozal gurlan çagalar baglarynda ýyladyş sistemalary hem göwnejaý işlemeýär. Aňzakly gyşda, otaglaryň sowuklygy sebäpli, ýa bolmasa, aşa yssy howalarda elektrik togunyň ýetmezçiliginden sowadyjy enjamlaryň gowy işlemeýändigi sebäpli, çagalary öýde galdyrmaly pursatlar hem bolýar.

Çagaly eneler dynç günleri, baýramçylyk günleri, edara-kärhanalaryň işgärleri çärelere gatnaşmaly bolanlarynda hem çagalaryny öýde goýmaly bolýarlar. Öýünde işlemeýän hossary bolmasa, şular ýaly ýagdaýda, çagany saklatmak üçin, eneler goşmaça eneke hem tutunmaly bolýarlar, sebäbi çagalar baglary şenbe, ýekşenbe hem-de baýramçylyk günleri çagalary kabul etmeýär.

Tanyş-bilişlik bilen çagasyny mekdebe taýýar bolsun diýip, çagalar bagyna ugradýan, işlemeýän eneler hem bar. Olar üçin çagalar bagy haçan işleýär, haçan dynç alýar, tapawudy ýok.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG