Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, 7-nji oktýabr.

7-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda öndürilen “artykmaç gallany” biržanyň üsti bilen daşarky bazarlara ýerlemek babatda hiç hili işleriň alnyp barylmandygy üçin degişli ýolbaçylara özüniň nägileligini bildirdi.


Wise-premýer Orazmyrat Gurbannazarow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, 7-nji oktýabr.
Wise-premýer Orazmyrat Gurbannazarow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, 7-nji oktýabr.
Berdimuhamedow “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasyna 2010-njy ýylyň hasylyndan öndürilen bugdaýyň ýurduň içerki sarp edijilerinden artýan möçberinden 217 müň tonnasyny, şol sanda 150 müň tonna bugdaý, 50 müň tonna un görnüşinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen daşarky bazarlara ýerlemek baradaky karara 11-nji martda gol çekendigini, emma şol gol çekilen karardan 7 aý wagtyň geçendigine garamazdan, bu meselede hiç bir işiň alnyp barylmandygyny aýtdy.

Tabşyrylan görkezmeleri ýerine ýetirmändikleri üçin, prezident wise-premýer Orazmyrat Gurbannazarowa, “Türkmengalla” önümleri assosiasiýsyanyň başlygy Ýoldaş Aşyrowa, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Şaberdi Meredowa berk käýinç yglan etdi.

Mejlisiň barşynda prezident ýurtda artyk galýan gallanyň zerurlygynyň ýokdugyny aýtmak bilen, ony daşarky bazarlara çykarmaklygyň Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek nebit-gazdan däl-de, türkmen gallasyndan hem girdeji alynjakdygyny aýtdy.

Şu ýylyň 25-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berdimuhamedow 2010-njy ýylda Türkmenistanda 1 million 500 müň tonna galla ýygnalandygyny, bu görkezijiniň ýurduň taryhynda ilkinji gezek gazanylan ýokary netijedigini habar beripdi. Şu sebäpden hem prezident ýurt üçin gerek bolan möçberden artyk galýan 200 müň tonnadan gowrak dänäniň biržanyň üsti bilen satylmagyny guramagy degişli ýolbaşçylara tabşyrypdy.

(minus) 400 müň tonna

8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň galla oragy möwsüminde ýurt boýunça 1 million 200 müň tonna hasylyň ýygnalandygyny habar berdi. Şu ýylyň galla hasylynyň döwlet borçnamasy bolsa 1 million 600 müň tonnady. Oba hojalyk ministrliginiň hünärmenleriň aýtmagyna görä bolsa, şu ýylyň galla hasylynyň möçberi 1 milliona hem ýetmändir.

Iýul aýynda geçirilen şol duşuşykda Berdimuhamedow bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde kemçiliklere ýol berendikleri üçin birnäçe etrap häkimlerini wezipesinden boşatdy, birnäçesine bolsa berk käýinç yglan etdi. Ministrler Kabinetiniň oba hojalygy boýunça orunbasary Myratgeldi Akmämmedow bolsa özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin wezipesinden kowuldy.

Şondan bir aý soň, şu ýylyň 19-njy awgustynda Türkmen Döwlet habarlar gullugy (TDH) Türkmenistanyň galla eksport edýän ýurtlaryň arasyndadygyny ýazdy. Muny bolsa ýurtda “üstünlikli amala aşyrylýan oba hojalyk reformalary” bilen baglanyşdyrdy. Görlüp oturylsa, prezidentiň sözlerine görä, bu ýyl Türkmenistan asla galla eksport etmändir.

ABŞ-nyň oba hojalyk ministrliginiň garaşsyz ekspertleriniň 2005-nji ýylda beren bahasyna görä, Türkmenistanyň galla bolan ýyllyk zerurlygy 2 million 500 müň tonnadyr. Türkmenistan özünden önýän galladan daşary her ýylda Gazagystandan hem-de Orsýetden azyklyk gallany import edýär. Şol sebäpli, prezidentiň “artykmaç galla” diýlende nämäni göz öňünde tutýandygy köpler üçin sorag bolmagynda galýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Aşgabatda Matam güni, 2011-nji ýylyň 6-njy oktýabry.

6-njy oktýabrda Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde pida bolanlaryň Matam güni bellenilip geçildi. Hatyra gününde Aşgabatda hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda sadakalar berildi.


Hatyra çäreleriniň esasysy ýurduň resmi ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtyň eteginde ýerleşýän Gypjak obasyndaky memorial toplumda geçirildi. Oňa döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

63 ýyl mundan ozal 5-nji oktýabrdan 6-njy oktýabra geçilen gijede bolan tebigy heläkçilik Aşgabady ýer bilen ýegsan edipdi. Emma SSSR döwründe Aşgabat ýer titremesinde weýrançylygyň möçberi, heläk bolanlaryň sany azaldylyp görkezilipdi.

Hatyra çärelerine döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Hatyra çärelerine döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň, 1948-nji ýylyň aýylganç tebigy heläkçiliginde pida bolanlaryň hormatyna Milli matam güni bellenilip başlandy hem-de şol gün iş güni ýatyryldy.

Resmi ýagdaýda 1948-nji ýylyň ýer titremesinde heläk bolanlaryň sanynyň 176 müň adamdygy barada aýdylýar. Bu maglumatlary ilkinji gezek Saparmyrat Nyýazow özüniň “Ruhnama” kitabynda getiripdi. Kitabyň 42-nji sahypasynda şol döwür paýtagtda 198 müň adamyň ýaşandygy, olaryň 176 müňüsiniň tebigy heläkçilikde gurban bolandygy barada ýazylan. Ýöne Saparmyrat Nyýazowyň öz kitabynda getirýän bu sanlaryny tassyklaýan başga bir çeşme ýok.

Aşgabadyň ulalmagy bilen, ýer titremede şehit bolanlaryň gonamçylyklary paýtagtyň merkezine düşdi. Gonamçylyklar şäher häkimligi tarapyndan gözegçilikde saklanylýar. Şol gonamçylyklaryň hersiniň ýanynda kiçiräk ýadygärlikler bar. Hatyra gününde paýtagtlylar ol ýadygärliklere gül desselerini goýmaga barýarlar.

1997-nji ýylda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow Aşgabat ýer titremesinde heläk bolanlaryň hatyrasyna paýtagtda hem-de öz dogduk obasy Gypjakda memorial ýadygärlikleri gurdurdy. Ol ýadygärliklerde Saparmyrat Nyýazowyň özi, onuň doganlary hem-de ejesi simwoliki şekillendirilen. Nyýazow Aşgabat ýer titremesinde iki doganyndan hem-de ejesinden jyda düşüpdi.

Saparmyrat Nyýazowyň döwründe 6-njy oktýabr güni onuň şahsyýet kultunyň bir bölegine öwrülipdi. Matam gününde ýurduň mediasy, esasan Nyýazowyň gurban bolan ýakynlary hakda söhbet edýärdi. Hatyra gününde gül desseleri Nyýazowyň ýakynlarynyň hormatyna gurlan ýadygärliklere goýlardy.

Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem ýer titremesinde wepat bolandygy barada ýerli mediada yzygiderli çykyşlar berilýär. Ýöne Berdimuhamet Annaýewiň kulty Saparmyrat Nyýazowyň hossarlarynyňkydan häzir has pesde.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG