Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Pakistanyň premýer-ministri Yusuf Raza Gilani (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda, 14-nji noýabr.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni resmi sapar bilen Pakistana bardy. Bu sapar Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçeli bäri Pakistana edýän ilkinji saparydyr.

Ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyna, şeýle-de terrorizme, neşe serişdeleriniň we ýaraglaryň bikanun söwdasyna, bikanun migrasiýa we beýleki jenaýatçylyklara garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk meselesine garaldy diýlip, habar berilýär.

Duşenbe güni Yslamabatda iki ýurduň liderleri metbugat konferensiýasyny geçirdiler. Onuň dowamynda prezident Berdimuhamedow çykyş edip, Türkmenistanyň halkara arenasynda ýöredýän syýasatyny Pakistanyň goldaýandygy üçin özüniň minnetdarlygyny aýtdy.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari türkmen delegasiýasynyň saparyna ençeme wagtdan bäri garaşylandygyny we Türkmenistanyň we Pakistanyň mydama-da dost we dogan ýurtlar bolup galjakdygyny belledi.

TOPH

Duşuşygyň dowamynda ençeme döwletara ylalaşyklara hem gol goýuldy. Taraplar iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak barada hem ylalaşdylar. Bu bolsa regiondaky söwda geçelgesini giňelder diýlip garaşylýar.

Şeýle hem iki ýurduň liderleri energiýa proýektleri boýunça işleşmek barada ylalaşyga geldiler. Yslamabat Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçiriji proýektine köpden bäri gyzyklanma bildirip gelýärdi.

Ykdysady ylymlary boýunça pakistanly eskpert Akmal Hussain planlaşdyrylýan TOPH proýekti barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

—Häzir Pakistanyň hem syýasy, hem ykdysady ugurda esasy üç sany problemasy bar. Bular yzagaýdyşlyk, işsizlik we garyplykdyr. Bu kynçylyklary ýeňip geçmek üçin, Pakistana aýgytlaýjy ädimler bilen öňe gitmek gerek. Eger-de Pakistan sermaýa ýatyryp, täze fabriklary gursa, olary gaz bilen üpjün etmek gerek bolar. Pakistanda häzir energiýa taýdan üpjünçilik kemter. Türkmenistandan çekiljek gazgeçiriji Pakistan üçin juda möhüm. Türkmenistanyň prezidentiniň Pakistana sapary uly ähmiýete eýe.

Uzynlygy 1,680 kilometr boljak TOPH proýekti Türkmenistanyň Döwletabat gaz ýataklaryndan başlanyp, türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we ondan soňra-da Hindistana akdyrar. Proýektiň deslapky taslamasyna görä, bu gazgeçirijiden her ýyl 27 milliard kubometr töweregi gaz akdyrylar. Gaz turbadan doly güýjünde akyp başlansoň, onuň ýarpysynyň Pakistana we galanynyň-da Hindistana akdyrylmagyna garaşylýar.

Proýekt barada 1990-njy ýyllardan bäri gürrüň edilip gelinse-de, bu häzire çenli amala aşman gelýär. Emma, “Reuters” habar agentliginiň maglumatyna görä, ýakynda geçirilen halkara inwestisiýa forumynda Türkmenistanyň nebit we gaz ministri Baýramgeldi Nedirow çykyş edip, bu proýektiň amala aşjakdygyna hiç hili şübhäniň bolup bilmejekdigini aýdypdyr.

Özara gatnaşyklar

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ykdysady, söwda, ylym-bilim we gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Türkmenistan-Pakistan hökümetara bilelikdäki komissiýa hem döredilipdi.

Ýeri gelende bellenilip geçilse, Pakistanda ençeme müň etniki türkmen ýaşaýar. BMG-niň we Pakistanyň öz çaklamalaryna görä, ýurtda 60,000 töweregi etniki türkmen bar.

Pakistanyň Peşewar şäherinde ýaşaýan etniki türkmen Hajy Abdyl Nagymyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Pakistandaky türkmenleriň ýagdaýy juda kyn. Hajy Abdyl Nagym Pakistandaky türkmenleriň girdeji çeşmesiniň diňe haly dokap satmakdan ybaratdygyny aýdýar. Mundan gelýän girdeji bolsa gün-güzerany aýlamaga kä ýetse, käte ýetenok diýip, ol aýdýar.

Pakistan 1991-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistany garaşsyz ýurt hökmünde ykrar eden ilkinji döwletleriň biri bolupdy. Aşgabat bilen Yslamabadyň arasyndaky resmi diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 10-njy maýynda başlandy. Şeýle-de 2001-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy mynasybetli Pakistanda ýörite poçta markasy hem çap edilipdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

2012-nji ýylyň Türkmenistan üçin sosial taýdan ösüşli ýyl bolmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda geçiren hökümet maslahatynda aýtdy. Şol maslahatda hökümetiň agzalary ýurduň geljekki ýyl üçin ösüş programmasyna seretdiler.


Ýakyn günlerde Türkmenistanyň 2012-nji ýyl boýunça ösüş programmasyna garaldy we geljekki ýylyň Türkmenistan üçin sosial taýdan ösüşli ýyl boljagy resmi derejede yglan edildi. Resmi maglumatlara görä, döwlet býujetinde göz öňünde tutulan serişdeler sosial meseleleri netijeli çözmek üçin sarp ediler. Şeýle hem hökümetiň Durnuklaşdyryş fondundan serişde goýberiler.

Täze ýylda ýurduň sosial pudagy üçin döwlet býujetinden serişdeleriň 76 prosentden gowragy esasan ýokary oňaýlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna we syýahatçylyk pudagyna sarp ediler. Bu barada Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow 11-nji noýabrdaky hökümet maslahatynda aýtdy.

Şeýle-de, prezidentiň bellemegine görä, ýurduň sosial taýdan ösüş programmasynyň çäginde senagat obýektlerini gurmakda hususy kärhanalara ýardam bermek meselesi hem göz öňünde tutulýar.

Ilat köpçüliginiň ýaşaýyş şertleri

Jaý gurluşygy we ilatyň jaý bilen üpjünçiligi Türkmenistanda ilat köpçüligini aladalandyrýan esasy meseleleriň biri bolup durýar. Emma häkimiýetleriň esasan ýokary oňaýlykly gymmatbaha jaýlary we administratiw binalaryny gurmaklyga gönükdirilýän gurluşyk syýasaty ilat köpçüliginiň ýaşaýyş şertlerini şu çaka çenli gowulandyryp bilmän gelýär.

Paýtagtyň ýaşaýjysy, oý-hojalykçy Zeýnep Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle diýdi:

—Birnäçe jaýlar gurulýar, olar kömelek ýaly ösýärler, emma adamlar jaý bilen üpjün edilmeýär. Berilýän jaýlar döwlet edaralarynyň, ýagny Baş prokuraturanyň, şäher polisiýasynyň, häkimligiň işgärlerine berilýär. Ol jaýlaryň içinde boş durýanlary hem bar. Obalarda bolsa ol ýagdaý hem ýok. Kommunal üpjünçilik hem hemme jaýlarda deň däl. Şäheriň ortalarynda duran jaýlarda biraz gowurak, Parahat mikroraýonynda bolsa ýylydyjy sistema düýbünden işlemeýär.

Zeýnep Türkmenistanda we hatda paýtagtyň özünde ýyly jaý we kadaly suw upjünçiligi ýaly esasy hojalyk şertleriniň ilatyň uly bölegi üçin elýeterli däldigini belledi.

Türkmenistanyň 2012-nji ýyl boýunça oktýabr aýynyň başynda tassyklanan döwlet býujetine görä, täze ýylda ýurduň sosial pudagynyň ösüşine býujetde görkezilen serişdeleriň 76,7 prosenti sarp ediler. 2012-nji ýylda döwlet býujetiniň girdeji bölegi 74 milliard 908 million manat, çykdajy bölegi bolsa 76 milliard 398 million manat möçberde görkezilýär.

Resmi maglumatlara görä, täze ýylyň býujeti ýurduň ykdysady ösüşiniň we inwestision aktiwliginiň hasabyna 2011-nji ýylkysyndan artykmaç bolar. Nebit-gaz, himiýa, elektroenergiýa we gurluşyk pudaklaryndan gelýän girdejiler býujetiň esasy bölegini düzýär.

Sosial kynçylyklaryň sebäbi

Emma, käbir synçylaryň pikirine görä, Türkmenistandaky sosial kynçylyklaryň esasy sebäbi ýurduň ykdysady ukybyna däl-de, döwlet pulunyň sarp edilişiniň usullaryna bagly.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly pensioner 70 ýaşly Batyr aga döwlet pulunyň aglaba böleginiň halkyň esasy zerurlyklaryna däl-de, hakimiýetleriň öz ideologiýasyny şöhratlandyrmak maksadyna sarp edilýänligine ünsi çekýär:

—Döwlet ýolbaşçylarynyň göwnüni hoş etmäge gönükdirilýän ideologiýa ýörelgelerinden ýönekeý halka gelýän bähbit ýok. Tersine, ýaşaýyş, durmuş şertleriniň gymmatlamagy, öýsüz-öwzarsyzlaryň sanynyň artmagy dowam edýär. Köpçagaly maşgalalar jaýsyz kösenýärler. Emma ýolbaşçylaryň göwnüni hoş etmäge niýetlenýän ideologiýa ýörelgelerinden el çekilip, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin hakyky alada edilse ýerine düşerdi.

Synçylar Türkmenistanda korrupsiýanyň giňden ýaýramagynyň hem döwlet serişdeleriniň ilatyň bähbitlerine laýyk sarp edilmegine päsgelçilik döredýänligini belleýärler. Hususan-da, dünýäniň dürli ýurtlaryndaky korrupsiýanyň derejesine syn edýän “Global Witness” guramasy Türkmenistanyň energiýa söwdasyndan alýan girdejileriniň 75 prosentiniň döwlet býujetinden sowa geçýänligini habar berýär.

Emma ýurtdaky problemalar we raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan sosial kynçylyklary türkmen metbugatynda agzalmaýar. Milli habar serişdeleri ýurduň sosial-ykdysady taýdan gitdigiçe ösýänligini yzygiderli nygtamak bilen çäklenýärler.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG