Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

ÝHHG-niň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç (çepde) we Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Aşgabatda geçirilen tegelek stol maslahatynda, 14-nji noýabr.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň guramaçylygynda Aşgabatda geçirilen tegelek stol diskussiýasy Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerine degişli kanun reformasyna bagyşlandy. Bu barada guramanyň resmi maglumatynda aýdylýar. Türkmenistanda köpçülikleýin habar serişdeleriniň işini düzgünleşdirýän kanun 1991-nji ýylda kabul edilipdi.

Guramanyň resmi maglumatyna görä, 15-nji noýabrda öz işini tamamlan bu çäräniň gidişinde habar serişdelerini dolandyrmak we Türkmenistanda metbugat azatlygyny öňe sürmek üçin kanun çykaryjy mehanizmleri işläp düzmek meseleleri maslahat edildi. Şeýle-de milli kanunlary halkara kadalaryna sazlamak üçin zerur düzedişlere we ýurtda daşary ýurt žurnalistleriniň akkreditasiýa edilmegine we işlemegine degişli düzgünlere garaldy.

ÝHHG-niň Aşgbatdaky edarasynyň wekilleriniň, guramanyň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiçiň gatnaşmagynda we türkmen hakimiýetleri bilen hyzmatdaşlykda geçiren bu çärä Türkmenistanyň parlamentiniň we metbugat meselelerine baglanyşygy bolan döwlet edaralarynyň we köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Metbugat azatlygy temasy ÝHHG tarapyndan soňky aýlarda birnäçe gezek gozgaldy. Guramanyň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç bu temany sentýabr aýynda Aşgabada eden saparynyň dowamynda türkmen häkimiýetleri bilen geçiren gepleşiklerinde hem orta atdy. Ol şonda türkmen hökümetini mediadaky çäklendirmeleri ýeňilleşdirmäge hem-de internetiň elýeterliligini artdyrmaga çagyrypdy.

Dünýä ýurtlarynda media azatlygynyň ýagdaýyna syn edýän halkara guramalaryň hasabatlarynda Türkmenistan metbugat azatlygyny iň berk çäklendirýän ýurtlaryň arasynda görkezilýär. Garaşsyz žurnalistler yzarlanmak howpy astynda galýarlar. Garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew şu ýylyň sentýabr aýynda açyk-aýdyň bolmadyk şertlerde 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip, ýakynda türmeden boşadylypdy.

Halkara hyzmatdaşlygynyň netijeleri

Türkmenistanda metbugat azatlygynyň çäklendirilmegini adam hukuklaryny goraýjy guramalar hem ýazgaryp gelýärler, emma olar Türkmenistanyň soňky döwürde halkara jemgyýetçiligi bilen aktiwleşdiren gepleşikler prosesiniň oňly netije bermän gelýänligine ünsi çekýärler.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän “Ynsan hukuklary we demokratiýa ugrunda” atly guramanyň ýolbaşçysy Anatoliý Fomin erkin metbugat bolmadyk ýerde geçirilýän çärelerden netijä garaşmaýandygyny, şeýle çäreleriň Türkmenistanyň demokratiýa tarap ymtylýan ýurtdugyny görkezmek üçin geçirilýändgini, emma olardan hiç hili netije bolmajakdygyny öňe sürýär.

Käbir synçylar Türkmenistanyň demokratik ýörelgeleri ornaşdyrmak maksady bilen geçirýän halkara gepleşikleriniň netijesizliginiň sebäbini halkara guramalarynyň türkmen hökümetinden edýän talaplarynyň gowşaklygynda görýärler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasy oktýabr aýynyň başynda ýaýradan maglumatynda ÝHHG-niň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiçiň Aşgabada eden saparynyň dowamynda türkmen hökümeti bilen geçiren dialogyny “konstruktiw” diýip atlandyryp, onuň netijeli boljagyna öňünden ynam bildirmegini tankytlady. “Türkmen inisiatiwasy” bu iri halkara guramasy türkmen hökümetinden anyk işleri talap etmeli diýip hasaplaýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Antoliý Fomin bolsa Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ösüşi diňe türkmen häkimiýetlerine garaşly diýip pikir edýär. “Olar bolsa öz garaýyşlaryndan tapawutlanýan maglumatlara ýol berjege meňzemeýärler. Şu günki gün milli habar serişdelerinden diňe prezidentiň edýän işi barada habar berip, ony wasp etmek talap edilýär” diýip, Fomin aýdýar.

ÝHHG-niň maglumatynda agzalan milli medianyň reformasy barada Turkmenistanyň metbugatynda maglumat berilmedi. Agzalan reformanyň çäginde ýurtda geçirilýän çäreler barada hem türkmen habar serişdelerinde agzalmaýar. Habar serişdeleriniň öz işine degişli berýän maglumatlary esasan ýurduň prezidentiniň käýarym bildirýän nagilelikleri bilen çaklenýär.

Aşgabatdaky çärä gatnaşan ÝHHG-niň Metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç bu duşuşykda ÝHHG-niň ekspertleri tarapyndan edilen rekomendasiýalaryň Türkmenistanyň tiz wagtda kabul etjek täze kanunynda hasaba alynjagyna ynam bildirdi. Ol täze kanunyň ýerine ýetirilip, medianyň çäklendirilmezden işlemegine ýol berilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, ýagşyň we garyň aşagynda galan pagtanyň hili pese gaçýar we önümçilige kän ýaramaýar.
15-nji noýabrda geçiren wideo-maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba-hojalyk işleriniň gidişi boýunça degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, Ahal welaýatynyň zähmetkeşlerini borçnamasyny dolmagy bilen gutlady.

Türkmen mediasynyň habar bermegine görä, prezident Daşoguz welaýatynda pagta ýygym kampaniýasyny guramaçylykly tamamlamagy berk kontrollykda saklamagy, oba-hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi talap edipdir. Türkmenistanyň prezidenti 4-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda-da atyzlardaky pagta hasylyny isripsiz ýygnap almak barada aýdypdy.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagt Lebap welaýatynda diňe kärendeçiler däl, edara-kärhanalaryň işgärleri, mugallymlar, lukmanlar hem häzir pagta meýdanynda pagta ýygyp ýörler:

—Meýdanlarda hasyl ýok, diňe ýekeçigit çöplenýär, bir işgär uzyn gün sermenende 7-8 kilogram pagta ýygyp bilýär. Ine, mysal üçin, Kerki (häzirki ady Atamyrat) etrabynyň işgärleri häzir pagtany Garabekewül etrabynda ýygyp ýörler, ýatymlyk gelip.

Ahal we Mary

Emma Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynda ýagdaý başgaça diýlip, habar berilýär. Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Balkan welaýatynda pagta ýygym kampaniýasynyň tamamlanmagyň bäri ýanyndadygyny aýdyp, onuň sebäbini şeýle düşündirdi:

—Balkan welaýatynda ak pagta ekilýär, olam ir ýetişýär, ir ýygylýar. Balkan welaýatam özüniň pagta planynyň dolanlygy barasynda eýýäm hasabat berdi. Ahal we Mary welaýatlarynyň inçe süýümli gowaça eken etraplarynda ýygym dowam edýär. Gowaçanyň bu sorty gijiräk ýetişýär, edara-kärhanalaryň işgärleri kampaniýa diňe öz islegi bilen gatnaşýar. Welaýat, etrap merkezlerinde ýerleşýän edara-kärhanalaryň işgärlerine pagta ýygmaga git diýýän ýok.

Ýazyjynyň Marynyň hem-de Ahalyň welaýat bilim bölümlerinde işleýän ýoldaşlaryna salgylanyp aýtmagyna görä, mekdep okuwçylary diňe okuwdan boş wagtlary atyzlara meýletin çykýar. Ýöne Bugaýew hakyky ýagdaýyň resmileriň berýän maglumatyndan başgaça bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýar.

Pagta salgydy

Habarçy Hallyýew Lebap welaýatynda birinji klasdan 10-njy klasa çenli mekdep okuwçylarynyň ählisine pagta salgydynyň salnandygyny, olary mejbury atyza çykarman, olardan berlen norma pagtany mekdebe getirmegi talap edýändiklerini, bu işiň ýaramaz netijeleriniň bardygyny aýdýar:

—Häzir gürleşdim, köp etraplarda mekdep okuwçylaryna pagta tapyp, mekdebe getirmeli diýen norma berlen. Norma etrabyň ýagdaýyna görä kesgitlenýär. Ýöne [okuwçylary] mejbur edip äkidenoklar, meýdanlarda bolsa pagta ýok.

Ýerli synçylar häzirki ýygnalýan ýekeçigitdir übtükleriň kärendeçi üçinem, döwlet üçinem diňe zyýan getirýändigini nygtaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, ýagşyň we garyň aşagynda galan pagtanyň hili pese gaçýar we önümçilige kän ýaramaýar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG