Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Metbugatda peýda bolan maglumatlara görä, Türkmenistanyň ilkinji emeli hemrasynyň Fransiýanyň “Thales International” kompaniýasy tarapyndan guruljakdygy habar berildi. Türkmen telewideniýesi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen bagly Aşgabada baran bu kompaniýanyň wise-prezidenti Blez Jeýgeriň geljekde guruljak emeli hemranyň maketini Türkmenistanyň prezidentine gowşurandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat gullugy Fransiýanyň “Thales International” kompaniýasynyň wise-prezidenti Blez Jeýger bilen prezident Berdimuhamedowyň arasyndaky duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň perspektiwalary, şol sanda aerokosmos tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi diýip, habar berdi.

Maglumatlaryň çäklendirilmek mümkinçiligi

Häzir Türkmenistanyň teleýaýlymlary Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyna degişli “Ýamal” emeli hemrasy arkaly tomaşaçylara ýetirilýär. Türkmen gepleşikleri bilen birlikde ilat arasynda meşhur bolan Orsýetiň dürli programmalary hem “Ýamal” arkaly ýerli ýaşaýjylara elýeterli edildi. Mundan başga-da, türk satellitleri arkaly Türkiýäniň hem dürli telegepleşikleri türkmen halkyna ýetirilýär.

“Eurasianet.org” neşirinde çap edilen maglumatda Türkmenistanyň kosmosa öz hemrasyny Orsýetiň kanallarynyň ilata ýetirýän täsirinden dynmak üçin uçurýandygy aýdyldy. Makalanyň awtory Katrin Fizpatrik Orsýetiň telewideniýesinde Abadan wakalary ýaly häkimiýetleriň göwnüne ýaramaýan maglumatlaryň berilýändigini belleýär.

Türkmenistanyň öz emeli hemrasyny kosmosa uçurmak meýline esasan arap ýurtlarynda bolan wakalar itergi berdi diýlip, makalada nygtalýar.

Gazagystanyň “Kazsat” programmasy boýunça bilermen, käri boýunça matematika hem informatika mugallymy, Gazagystanyň mejlisiniň deputaty Myrat Abenow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda öz hemrasyny kosmosa uçurmaklygyň her ýurt üçin bähbitlidigini aýtdy.

Emma Abenow, halkara kanunlaryna görä, bir hemradan çykýan tolkuna beýleki hemranyň tolkunynyň päsgelçilik döretmeli däldigini aýtdy: “Islendik ýurduň öz hemrasyny kosmosa uçurmagy beýleki hemralaryň maglumat ýaýratmak mümkinçiligini çäklendirmeýär. Belli bir ýurduň öz hemrasy bolan halatynda, şol ýurt özüniň ýaýradýan maglumatynyň hilini ýokarlandyryp bilýär. Bu ýerde bäsleşik döräp biler, ýöne maglumaty ýaýratmak meselesini çäklendirip bilmez”.

Perspektiwa

Şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentliginiň dörediljekdigi habar berlipdi. Türkmen tarapy kosmos agentliginiň döredilmeginiň maksadynyň ylymda gazanylan soňky öňegidişlikleri ýurduň ykdysadyýetine ornaşdyrmakdan, şeýle-de ýurduň kosmos giňişligindäki işjeňligini ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdygyny aýdýar.

2009-njy ýylda emeli hemra bilen bagly işlere başlamaga görkezme beren prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz hemrasynyň kosmosda bolmagynyň ýurtda internet, telewideniýe hem aragatnaşyk sistemalarynyň ösmegine badalga berjekdigini aýtdy.

Gazagystanyň mejlisiniň deputaty Myrat Abenow öň Gazagystanyň beýleki ýurtlaryň hemralaryny kireýine alanlygy üçin ýylyna 33 million dollara golaý serişde tölemeli bolandygyny, netijede raýatlar üçin telefon, internet aragatnaşygynyň has gymmat bolandygyny aýtdy. Häzir bolsa, deputatyň tassyklamagyna görä, Gazagystanyň öz hemrasy kosmosa uçurlandan soň, mobil telefon, internet aragatnaşygynda bäsleşik döräp, bu hyzmatlaryň bahalary gitdigiçe pese gaçýar.

Abenow: “Maglumatlaryň köp hem elýeterli bolmagy bolsa, adamlaryň sowadyny artdyryp, olaryň aktiwligini ýokarlandyrýar. Bu zatlar netijede jemgyýetiň demokratiýalaşmagyna gowy täsir edýär” diýip, sözüne goşdy.
2008-nji ýylda Berdimuhamedowyň türkmen atlaryna bagyşlanan kitaby hem çap edildi.
31-nji oktbýarda türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” atly täze kitabynyň dabaraly tanyşdyrylyşy boldy. Gowy bezelen bu kitap türkmen, ors we iňlis dillerinde neşir edildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Türkmenistanda ilkinji nusgalary Marynyň welaýat muzeýine sowgat berlen “Janly rowaýat” atly kitabyň propagandasynyň başlanandygy habar berilýär. “Kitaphanada geçen “Täzeden galkynyşyň täze eýýamy - döwürleriň sazlaşygynyň parasatly dowamydyr” atly ylmy konferensiýada bu owadan kitap görkezildi” diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu barada şeýle diýýär: “Häzir dowam edýän däp diňe bir prezidentiň ady goýlan kitaplary çap etmek däl-de, eýsem prezidentiň şahsy mertebesini götergilemek, onuň şanyna dabaraly sözler aýtmak däbem dowam edýär. Öň “Halk, Watan, Türkmenbaşy” diýlen bolsa, soňky Ýaşulular maslahatyndan soň “Mähriban prezident, Gahryman prezident” diýilýär”.

Ýakynda Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” atly kitaby hem çap edildi. Berdimuhamedow, ilki başda, 2007-nji ýylda “Türkmenistanda saglygy saklaýyşyň ösüşiniň ylmy esaslary”, “Türkmenistan - sagdyn we ruhybelent adamlaryň watany” ýaly kitaplaryny neşir etdiripdi. 2008-nji ýylda bolsa türkmen atlaryna bagyşlanan kitaby, “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” diýen at berlen eseri okyjylara ýetirildi. 2009-njy ýylyň maýynda bolsa ýene bir kitap, Türkmenistanyň derman ösümliklerine bagyşlanan ensiklopediýa mazmunly eser prezidentiň ady bilen çap edildi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Brýus Panniýer türkmen hem merkezi aziýa prezidentleriniň kitap ýazma däbine, ylaýta-da haly barada Berdimuhamedowyň kitap çykardyşyna haýran galýandygyny aýdýar.

Türkmen prezidentiniň “Janly rowaýat” atly täze kitabynyň okyja ýüzlenmesinde: “Bu kitap halyny ajaýyp bir hadysa hökmünde görkezmäge, oňa sindirilen sungatyň köklerine düşünmäge synanyşyk” diýlip bellenipdir.

Bugaýewiň aýtmagyna görä, irki döwürlerde, Gündogar ýurtlarynda öň döredijilik bilen meşgullanyp, soň patyşalyga ýeten adamlar wezipedekä eserlerini diňe edebi lakam, tahallus bilen ýazypdyrlar. Olarda döwlet derejesinde şeýle edep bolupdyr. Emma öňki prezident Nyýazowyň “Ruhnamasy” we “Şa diwanlary”, häzirki prezidentiň ady goýlup çap edilen kitaplar olar wezipede wagty çap edildi.

Häzirki zaman amerikan prezidentleriniň kitap ýazma düzgüni nähili? - diýlen soraga analitik Brýus Panier şeýle jogap berdi: “Elbetde, amerikan prezidentleri prezidentlik möhleti tamamlanandan soň Ýatlamalar kitabyny ýazýar. Amerikan halky prezidentleriniň ähli ünsüni kitap ýazmaga däl-de, öz etmeli işine bermegini isleýär”.

Şeýle hem Panniýer Birleşen Ştatlarda memuarlary - ýatlama kitaplaryny çap etmek bilen hususy kärhanalaryň meşgullanýandygyny belleýär we administratiw işe gatnaşygy bolmadyk zada döwlet tarapyndan asla pul tölenmeýändigini nygtaýar.

Türkmenistanda “Ruhanama”, “Şa diwanlary”, “Türkmenistanyň derman otlary”, ahal teke bedewleri hem türkmen halylary baradaky hem öňki we soňky prezidentleriň ady bilen çykarydan kitaplary neşir etmek nähili malieleşdirilýär? TDH gullugynyň teswirlemesinde bu soraga jogap ýok, emma “şol günüň ikinji ýarymynda Dokma senagaty ministrliginde Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” atly täze kitabyna bagyşlanan ylmy konferensiýanyň geçirilendigi” habar berilýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG