Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Mahmut Kaşgary Barskany türk dünýäsiniň 11-nji asyrdaky iň ajaýyp alymlarynyň biri hasaplanýar.

11-nji asyrda ýaşap geçen, Gündogaryň beýik alymy Mahmut Kaşgary türki dilli halklaryň edebiýaty we taryhy meseleleri boýunça arap dilinde düzülen “Diwany lugat at-türk” – “Türki gepleşikleriň sözlügi” atly üç tomdan ybarat sözlügiň-de awtory. Yazyjy Hudaýberdi Hally Mahmut Kaşgarynyň sözlügindäki taryhy maglumatlar barada alymlyk işini goran taryh ylymlarynyň doktory Tynçtykbek Çorotegin bilen bu sözlükdäki türkmen halkynyň taryhyna degişli meseleler boýunça gürrüňdeş boldy.


Gyrgyz alymy Tynçtykbek Çorotegin
Gyrgyz alymy Tynçtykbek Çorotegin
T. Çorotegin: Mahmut Kaşgary Barskany türk dünýäsiniň 11-nji asyrdaky iň ajaýyp alymydyr. Ol 1072- 74-nji ýyllarda türk dünýäsi üçin “Diwany lugat at-türk”, ýagny “Türki gepleşikleriň sözlügi” diýen işini ýazypdyr. Onda biri-birinden üzňelikde ýaşan türki halklaryň dili barada örän baý maglumat bar.

Ol halklar Merkezi Aziýada, Içki Aziýada, Sibirde, Wolga boýlarynda, şonuň bilen birlikde türkleriň bir bölegi oguzlaryň baştutanlygynda 11-nji asyrda asyrda Kawakazda hem Ýakyn Gündogarda ýerleşipdirler.

Mahmut Kaşgarynyň döwründe oguz seljuklary Bagdat halyfatlygynda häkimlik edipdir. Bagdat halyfy hökmany suratda oguz-seljuk soltanyna gulak asmaly bolupdyr. Şol döwürde Mahmut Kaşgary köp ýerlerde bolup, türki halklaryň dillerini, şiwelerini, däp-dessurlaryny öwrenipdir. Şonuň bilen birlikde olaryň ýaşaýan ýerlerini hem kartografiýasyny öwrenipdir. Olaryň arasynda-da onuň has ýakyndan öwrenen halklaryndan biri türkmenler bolupdyr.

H. Hally: Mahmut Kaşgarynyň işi alymlaryň arasynda esasan dilçilik nukdaý nazaryndan gymmatly saýylýar. Ýöne siz taryhçy bolanyňyz üçin, meniň sowalym şol işiň taryhy gymmatlygy barada. Ol ýerde türkmen halkynyň taryhyna degişli maglumatlar barmy?

T. Çorotegin: Hawa, ol köp. Ol oguz türkmenleriniň taýpalary barada gürrüň gozganda, olaryň atlaryny sanamak bilen çäklenmän, olaryň tagmalaryny-da aýdyp berýär. Ol ýa-da beýleki taýpanyň tagma alamatlarynyň nähili bolandygyny düşündirýär.Geň tarapy-da, türkmenler şol bellikleriň-tagmalaryň köpüsini biziň günlerimize çenli saklap gelipdirler. Munuň özi milletiň etnografiki gymmatlyklaryny öwrenmäge peýdaly çeşme bolup durýar.

Mahmut Kaşgarynyň getirýän maglumatlary ondan soňky alymlar tarapyndan gaýtadan öwrenildi. Şol çeşmelere 13-nji asyrdan Günbatarda hem salgylandylar. Muny soňrakylardan Reşit ed-Diniň, Abulgazynyň işlerinde görmek bolýar. Mahmut Kaşgarynyň oguz-türkmenleri baradaky maglumatlaryny soňky asyrlaryň çeşmelerine salgylanyp, olar hem tassykladylar.

H. Hally: Mahmut Kaşgary ol maglumatlary nireden aldyka, sizde şu barada maglumat barmy?

T. Çorotegin: Gyzykly ýeri, oňa eýeriji soňky alymlar Mahmut Kaşgarynyň materiallaryna ýa-da has irki alymlara esaslanan bolsalar, Mahmut Kaşgarynyň özi oguz-türkmenlerine ýakyndan belet eken. Ol şolaryň arasynda bolupdyr. Şonuň üçinem onuň toplan materiallary örän ähmiýetli.

Ol bu materillary gönüden-göni oguzlaryň-türkmenleriň özünden öwrenipdir. Köp sözleriň hem adalgalaryň oguzlara degişlidigini aýdýar. Munuň üsti bilen ol ýene bir gezek özüniň türkmenleriň durmuşyna, ýaşaýyş şertlerine hem däp-dessurlaryna hakykat ýüzünde esasy şaýatlaryň biridigini subut edýär.

H. Hally: Ol alym Gyrgyzystanda dünýä inipdir. Özüne “Kaşgary” diýen lakamy alypdyr. Kaşgar Günorta Altaýdaky, ýagny Şinjandaky derýa hem şol ýerdäki şäheriň ady. Şo döwürde o ýerlerde oguz seljuklary bolmandyr ahyryn. Muňa näme diýersiňiz?

T. Çorotegin: Esasy geň zat, men ilkinji gezek arap geografy Mukaddasiniň işlerinden türkmenleriň bir böleginiň Gyrgyzystanda Çu jülgesinde ýaşandyklaryny tapdym. Türkmenler bir wagtlar häzirki Gyrgyzystanyň çäklerinde ýaşapdyrlar.

Elbetde, Mahmut Kaşgarynyň döwründe türkmenler häzirki Türkmenistanyň çäklerinde hem sebitdäki beýleki oturymly ýerlerde, şeýle hem Merkezi Aziýanyň günbatarynda, Kiçi Aziýada ýaşapdyrlar.

Mahmut Kaşgary Yssyk kölüň ýakasyndaky Barskon obasynda dünýä inse-de, Kaşgarda okuwyny dowam etdiripdir. Şondanam bu lakamy alypdyr. Şondan soň ol tutuş Günbatar türki topragy aýlanyp çykypdyr.

Şonuň bilen birlikde türkmen soltanlarynyň häkimlik edýän topraklarynda bolupdyr. Ol Bagdada baranda, ol ýerde hem syýasy häkimiýet oguazlaryň-seljuklaryň elinde bolupdyr. Şol oguz seljuklary-da ol ýere göçüp baran türkmenlerdi. Şeýlelikde, ol nirede bolsa-da: Ýakyn Gündogarda-da, Kiçi Aziýada-da, Türkmenistanda-da türkmenleriň arasynda bolupdyr.

H. Hally: Onuň ýazan “Diwany lugat at-türk” kitabynyň asyl nusgasy Bagdatda galypdyrmy ýa-da Türkiýede?

T. Çorotegin: Bu örän möhüm pursat. Bagdadam, häzirki Türkiýe-de şol döwürler ägirt uly Osman imperiýasynyň bir bölegidi. Bir wagtlar Kairde-de, Damaskda-da Mahmut Kaşgarynyň işlerini okap bilipdirler. Ýöne biziň döwrümize gelip ýeten çeşme – asyl nusganyň ýüzünden göçürilen golýazmalar. Ol Eýranda göçirilipdir. Soňra bu golýazmany göçüren Damaska getirip, şol ýerde ölüpdir.

Bu golýazmanyň üsti Türkiýeden bolan belli Gündogary öwreniji alym hem dilçi Aly Emiri tarapyndan tötänleýin ýagdaýda açylyp, 20-nji asyryň başlarynda ylmy dolanyşyga girizilipdir.

Ýöne mundan öň, 17-nji asyrda Türkiýede Osman imperiýasy bar wagtynda-da Mahmut Kaşgarynyň işlerini öwrenipdirler, ondan mysal getiripdirler. Şonuň üçin biz köp döwürde, köp nesilleriň alymlaryna ol iş elýeterli bolupdyr diýip bileris.

Ýöne geçen asyryň 15-16-njy ýyllarynda bu golýazma ilkinji gezek Türkiýede çap edilipdir. 90-njy ýylda bolsa Türkiýäniň Medeniýet ministrligi reňkli faksimilede ony çap etdi. Indi ol hemmeler üçin elýeterli.

H. Hally: Siz alym-bilesigeliji hökmünde şol golýazmany gördüňizmi?

T. Çorotegin: Hawa, maňa bu golýazmany elime almak miýesser etdi. Men Stambulda bolup, bu golýazmany öwrendim. Merkezi Aziýanyň bir taryhçysy hökmünde bu çeşmäni öwrenmegiň özüme miýesser edeni üçin, öz ykbalymdan minnetdar.

H. Hally: Elbetde, “Diwany lugat at-türk” örän düýpli iş. Her kimiň ony okap öwrenmäge mümkinçiligi ýok. Muňa ýörite taýýarlyk gerek. Ýöne ony öwrenýän alymlar bar. Olardan birisi hökmünde siziň işleriňizi ýatlap bolar. Siziň bu eserleriňiz hazirki wagt okyjylara elýeterlimi?

T. Çorotegin: Sag boluň. Men 80-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda Mahmut Kaşgary barada makalalar toplumuny ýazdym. 90-njy ýylda meniň ol alym baradaky kitabym çykdy. 97-nji ýylda ol has giň görnüşde gyrgyz dilinde çap boldy. Indi bolsa men başgalar hem okap öwrener ýaly, şol kitapdan ençeme materialy rus diline terjime etmegi göz öňünde tutýaryn. Meniň monografiýamyň birnäçe bölekleri türkmen okyjylary üçin-de elýeterli bolar diýip umyt edýärin.
Türkmen resmileri tarapyndan “Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk” diýlip atlandyrylan waka gatnaşygy bolanlykda aýyplanyp, tussag edilenler häzir türmede.
Türkmenistanda 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalarynyň bolup geçenine dokuz ýyl doldy. Türkmen resmileri tarapyndan “Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk” diýlip atlandyrylan waka gatnaşygy bolanlykda aýyplanyp, tussag edilenler häzir türmede. Emma tussaglaryň köpüsiniň ýagdaýlary barada olaryň dogan-garyndaşlaryna maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow
Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow
Uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen Batyr Berdiýew, Boris Şyhmyradow, Serdar Rahymow, Döwlet Gaýybow, Rejepgeldi Nurgeldiýew, Myrat Garataýew, Guwanç Jumaýew dagylar bilen birlikde tussag edilen beýleki adamlaryň köpüsi barada olaryň dogan-garyndaşlaryna düýpden habar berilmeýänligi adam hukuklary boýunça halkara guramalaryň, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatlarynda bellenilýär. Şol hasabatlarda tussaglaryň hatda diriligi ýa-da ölendigi hakda-da maglumat berilmeýändigi aýdylýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy bu mesele bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri, “Sanjar -25 wakasynda” esasy günä bildirilen Boris Şyhmyradowyň aýaly Tatýana Şyhmyradowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Tatýana, mälim bolan maglumatlara görä, 2002-nji ýylda “Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy” diýlip atlandyrylan wakadan soň tussag edilen Boris Şyhmyradow we şol waka bilen baglanyşykly tussag edilen beýleki adamlar barada türkmen häkimiýetleri düýpden maglumat bermeýärler? Bu hakykatdan hem şeýlemi?

T. Şyhmyradowa: Hawa, şol wakadan soň 9 ýylyň geçendigine garamazdan, bu meselede hiç hili özgerişlik ýok. 2006-njy ýylda Nyýazow ölenden soň, bizde ýagşylyga umyt döräpdi. Ýöne, Türkmenistandaky häzirki ýagdaýy görüp, şol umytlarymyz puja çykdy diýsem, ýalňyşmaryn. Sebäbi Türkmenistanyň häzirki prezidentiniň-de Nyýazowyň ýoly bilen gidýändigi mese-mälim. Berdimuhamedowa hem ýurtda oppozisiýanyň, garaşsyz metbugatyň, başgaça pikir edýänleriň bolmagy gerek däl ýaly bolup görünýär. Şonuň üçinem tussaglykda saklanýan syýasy, graždan aktiwistleri, öňki režimiň pidalary bilen bagly ýagdaýyň asla özgermeýändigine geň galybam oturmaly däl. Gaýta, şol ýagdaýyň gitdigiçe ýaramazlaşýandygyny belläsim gelýär.

Azatlyk Radiosy: Boris Şyhmyradowyň Orsýetiň raýatydygy belli. Adamyňyz barada maglumat almak üçin ors häkimiýetlerine ýüz tutup gördüňizmi? Olar türkmen häkimiýetleri bilen bu barada gepleşik geçirdilermi?

T. Şyhmyradowa: Hawa, men Orsýetiň Baş prokuraturasyna, ýurduň prezident edarasyna Borisiň meselesi bilen bagly ýüz tutdum. Olar meniň arzalarymy türkmen häkimiýetlerine iberýärler, ol ýerden bolsa maňa jogap gelmeýär.

Azatlyk Radiosy: Tatýana, ýakynda Täjigistanda orsýetli pilotlar tussag edilende Orsýet öz raýatlaryny gorap cykyş etdi, soňra olar azatlyga çykaryldy. Emma, siziň aýdyşyňyz ýaly, Orsýet Türkmenistanda 9 ýyl türme tussaglygynda oturan raýaty barada maglumat alyp bilmän gelýär. Muňa näme sebäp bolýär?

T. Şyhmyradowa: Hawa, orsýetli pilot baradaky reportažlara tomaşa edenimde, mende-de şeýle pikir peýda boldy. Ýagny, haýsydyr bir ýurtda öz raýatlarynyň arkasynda durmagy üçin, Orsýete syýasy erk-isleg gerek. Ýöne Borisiň ýagdaýynda 2002-nji ýyldaky wakalardan soň bu meseläniň Orsýetiň Döwlet Dumasynda birki gezek gozgalandygyna garamazdan, men olaryň azat edilmegi orsýetli käbir çinowniklere amatly däl diýen pikire geldim. Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy özüni gaty passiw alyp barýar, ýagny öz raýatlarynyň goragy üçin asla çäre görmeýär. Elbetde, olaryň Moswanyň Smolensk meýdançasynda ýerleşen binada ýolbaşçylary bar, diplomatlar şolaryň görkezmesi boýunça hereket edýärler.

Häzir Orsýet bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň onçakly däldigini özüniz bilýärsiňiz. Ýagny, rus tarapynda gatnaşyklarymyza zeper ýetäýmesin diýen alada ýok. Şeýle-de bolsa, Orsýet hökümetiniň ýokary derejeli syýasatçylarynyň käbirine 2002-nji ýyldaky aýyplamalar boýunça oturanlaryň azat edilmeginiň geregi ýok.

Ýöne, dogan-garyndaşlarymyzyň azat edilmeg-ä aňyrda dursun, biz tussaglykda saklanýanlar barada asla maglumat alyp bilmän kösenýaris. Ýagny, rus häkimiýetleriniň bendileriň nirededigi, olar dirimi ýa ölümi – ine, şu baradaky maglumatlary dogan-garyndaşlaryna ýetirmek borjy ahyry.

Azatlyk Radiosy: Bu meselede rus metbugaty näme sebäpli dymýarka?

T. Şyhmyradowa: Hawa, bu meň üçin hem tapmaça. Rus tarapy Borisiň meselesi bilen bagly türkmen tarapyna ýüz tutandygyny aýdýar. Türkmen häkimiýetleri bolsa dymmagyny dowam etdirýärler. Meniň pikirmçe, olar tussaglaryň käbiriniň diri däldigini ýaşyrmaga synanyşýarlar. Olaryň diri däldigi bolsa, bolaýjak zat.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanda 9 ýyl mundan ozal tussag edilen dogan-garyndaşlaryňyz barada maglumat almak üçin Halkara guramalara ýüz tutup gördüňizmi?

T. Şyhmyradowa: Men öz tejribämden bilýärin, BMG ýaly guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleriniň mümkinçilikleri gaty çäkli. Ýöne men zorluk bilen ýitirim edilen adamlar bilen meşgullanýan işçi topara ýüz tutdum. Olaryň Borisi zorluk bilen ýitirim edilmegiň pidasy hökmünde resmi taýdan ykrar etmegi meni azda-kände ruhlandyrdy. Bu işçi topar Borisiň meselesi boýunça Türkmenistana ýüz tutdy, emma türkmen tarapy bu gezek hem jogap bermedi.

Azatlyk Radiosy: Boris Şyhmyradow barada maglumat almak üçin indi näme etmegi göz öňünde tutýarsyňyz?

T. Şyhmyradowa: Maňa adamym Boris Şyhmyradowyň hak-hukuklarynyň bozulmagy baradaky mesele bilen bagly ýene-de BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşine ýüz tutmagy maslahat berdiler. Men Borisiň ýagdaýynda graždan hukuklarynyň pakty boýunça kanun bozulmalary barada hemme dokumentleri toplap, ýörite doklad ýazdym. Şol ägirt uly doklady BMG-ä iberdim. Şu ýylyň iýul aýynda meniň hatyma garalandygy barada maglumat aldym.

BMG-niň wekilleri meniň meseläm boýunça özleriniň Türkmenistana ýüzlenendiklerini, indi alty aýyň dowamynda jogaba garaşýandyklaryny aýtdylar. Ýagny, iýul aýynda ýüz tutulan bolsa, ýanwar aýynda maňa jogap gelmeli. Ýöne, meniň pikirimçe, türkmen tarapy bu gezegem jogap bermez.

Beýleki dereksiz ýiten adamlar barada bir zat eşitsek, ýüregimiz awaýar. Emma biz, ynha, indi uzak 9 ýylyň dowamynda öz dogan-garyndaşlarymyz barada habar alyp bilmän, ejir çekýäris. Men başda olaryň azat edilmegini talap etmeli diýip, pikir edýärdim, soňra olaryň işine gaýtadan garalmagyny talap etmeli diýýärdim, indi bolsa men diňe olar ölümi ýa diri – şony bilesim gelýär. Gündelik şu pikir bilen ýatyp-turýaryn…

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG