Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Farid Tuhbatullin: “Biz internet we beýleki media serişdeleri, olaryň biziň ýurtlarymyzda ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada gürrüň etdik”.

Golaýda hökümete degişli bolmadyk halkara we regional guramalaryň bäşisi Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda internetiň hem beýleki täze media serişdeleriniň ýagdaýy barada bilelikde hasabat ýaýratdy. Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere şol dokumenti taýýarlanlaryň biri, Wenada iş alyp barýan “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen şu hasabatda gozgalan meseleler we bu barada Brýusselde geçirilen gepleşikler barada gürrüňdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Farid, Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda internetiň we beýleki täze medianyň ýagdaýy barada Ýewropa parlamentindäki duşuşyklar nahili geçdi?

Farid Tuhbatullin: Sişenbe güni biz gazagystanly, özbegistanly kärdeşlerimiz bilen birlikde Ýewropa Parlamentinde duşuşyk geçirdik we ol iki sagada golaý dowam etdi. Oňa Ýewropa Parlamentiniň deputatlaryndan, olaryň kömekçilerinden ybarat 30 çemesi adam gatnaşdy.

Bu duşuşygyň temasy Merkezi Aziýanyň üç ýurdunda söz azatlygynyň, köpçülikleýin habar serişdeleriniň ýagdaýy barada boldy. Biz internet we beýleki media serişdeleri, olaryň biziň ýurtlarymyzda ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada hem gürrüň etdik.

Azatlyk Radiosy: Siziň bu baradaky çykyşlaryňyza Ýewropa Parlamentinde nähili reaksiýalar boldy?

Farid Tuhbatullin: Elbetde, oňa uly gyzyklanma boldy we bizi dykgat bilen
“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin
“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin
diňlediler. Olar bize köp sowallar berdiler. Meniň pikirimçe, biziň eden çykyşlarymyz we Ýewropa Parlamentinde ýaýradan materiallarymyz Ýewropa Parlamentiniň dokumentlerine goşular ýa-da onda kabul ediljek kararlarda göz öňünde tutular.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan barada näme gürrüň etdiňiz?

Farid Tuhbatullin: Biz soňky mysallardan biri hökmünde žurnalist Annamämmet Mätiýewiň öýüniň daşlanandygyny getirdik. Şeýle-de, Abadan şäherindäki wakalardan soňra “Hronika Türkmenistan” atly öz internet saýtymyza hüjüm edilendigini, Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Soltan Açylowanyň öýüniň daşlanandygyny aýtdyk. Köpsanly anyk mysallar getirdik.

Elbetde, biz Türkmenistanda internetiň agyr ýagdaýy, garaşsyz habar serişdeleriniň asla ýokdugy, hatda türkmen häkimiýetleriniň çanak antennalaryna garşy göreşip, olary, esasan, Aşgabatda jaýlardan aýyrýandyklary barada-da gürrüň etdik.

Azatlyk Radiosy: Siz Azatlyk Radiosyna ozalky beren interwýuňyzda Brýusseldäki käbir beýleki edaralarda-da çykyş etjekdigiňizi aýdypdyňyz. Şolar barada-da gürrüň beräýseňiz?

Farid Tuhbatullin: Duşenbe güni Ýewropa Geňeşinde birnäçe duşuşyklar boldy. Bu guramanyň birnäçe resmisi, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Pýer Morel bilen hem duşuşdyk.

Bu duşuşyklarda Merkezi Aziýanyň üç ýurdundaky syýasy ýagdaýlar, adam hukuklary meseleleri barada maslahat etdik. Şonuň ýaly-da, biziň internet we beýleki täze media serişdeleri barada golaýda ýaýradan dokumentimiz hakda-da gürrüň etdik.

Azatlyk Radiosy: Ýewropa Geňeşiniň, Ýewropa Parlamentiniň resmileri siziň gozgan meseleleriňiz boýunça haýsydyr bir wadalary berdilermi?

Farid Tuhbatullin: Duşenbe güni Ýewropa Geňeşinde bolan duşuşyklarda resmiler türkmen çinownikleri bilen gepleşik geçirýändiklerini, olary käbir oňyn ädimleri ätmäge we türkmen häkimiýetleriniň boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çagyrýandyklaryny, bu ugurda oňyn netijeleri gazanmaga çalyşýandyklaryny aýtdylar.

Elbetde, bular diplomatik metodlar we bu metodlar häkimiýetlere zerur basyşlary etmegi göz öňünde tutmaýar.

Azatlyk Radiosy: Umuman, Brýusselde geçiren we geçirýän duşuşyklaryňyzdan nähili netijelere garaşýarsyňyz?

Farid Tuhbatullin: Ýewropa Parlamenti Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlar we taraplar bilen baglaşan ylalaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmaly we tassyklamaly. Muňa bu guramanyň Türkmenistan bilen baglaşmagy göz öňünde tutýan wagtlaýyn söwda ylalaşygy-da girýär. Bu ylalaşygy entek Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklananok.

Biziň pikirimizçe, türkmen häkimiýetleri adam hukuklary boýunça wadalaryny, borçnamalaryny berjaý eden halatynda, bu ylalaşygyň makullanmagy mümkin. Biz özümiziň yzygiderli geçirýän şeýle duşuşyklarymyz bu ugurdaky işimize ýardam eder we ýewropa guramalary türkmen häkimiýetleriniň ynsan ölçegleri boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekleri üçin basyş görkezerler diýen umytda.
Bredli MkWaýr: “Amekalylarda türkmenleriň medeniýeti barada maglumat köp däl. Bu çäräniň dowamynda, esasan, türkmenleriň gadymy taryhy hem-de olaryň el hünärleri, türkmen halylarynyň dokalyşy barada gürrüň ediler”.

28-nji noýabrda ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynda türkmenleriň medeniýetine bagyşlanan simpozium bilen başlanan Türkmenistanyň medeni günleriniň paýtagtyň dürli edaralarynda tutuş hepde dowam etjekdigi aýdylýar.


Amerikan Kongresiniň kitaphanasynda geçirilen çärede eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Sýuzan Elliott: “Medeniýet bizi ynsan hökmünde kesgitleýär hem umumy maksatlar, idealar we bähbitler bilen birikdirýar” diýdi.

Dünýäniň beýleki ýurtlarynyň medeniýetine bagyşlanan şeýle medeni çäreler Waşingtonda ýygy-ýygydan geçirilýär. Emma Türkmenistan bilen baglanyşykly şeýle çäre ABŞ-nyň paýtagtynda ilkinji gezek gurnalýar.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän bu medeni günleriň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalandygy habar berilýär. Waşingtonda geçirilýän bu çärelere düýbi ABŞ-da ýerleşýän we nebit ugrunda iş alyp barýan “Şewron” kompaniýasynyň maliýe taýdan goldaw berýänligi aýdylýar.

“Uly ähmiýete eýe”

Maglumata görä, Waşingtonda dowam edýän şol dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistandan aýdymçylardan, sazandalardan we sungat ussatlaryndan ybarat uly topar Waşingtona barypdyr.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar boýunça wekili Bredli MkWaýr 22-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna beren interwýusynda bu çäreleriň amerikalylary Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedigini aýtdy.

“Amekalylarda türkmenleriň medeniýeti barada maglumat köp däl. Şonuň üçin bu çäräniň dowamynda, esasan, türkmenleriň gadymy taryhy hem-de olaryň el hünärleri, türkmen halylarynyň dokalyşy barada gürrüň ediler. Mundan başga-da, zergärçilik işleri görkeziler. Şeýle hem, Türkmenistanda tapylan arheologik ýadygärlikler barada gürrüň ediler” diýip, Bredli MkWaýr belledi.

Türkmen ýazyjylary-da Waşingtonda

Waşingtonda dowam edýän Türkmenistanyň medeni günleri baradaky resmi maglumatlarda 28-nji noýabrda Kongresiň kitaphanasynda geçirilen simpoziumda türkmenistanly ýazyjylaryňdyr alymlaryň çykyş edendikleri habar berilýär.

Çykyş edenleriň hatarynda "Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk" atly we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasyna bagyşlanan kitabyň awtory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowyň ady agzalýar.

Kongresiň kitaphanasynda geçirilen bu dabaralaryň çäginde 28-nji noýabrda giçlik türkmen aýdym-saz toparynyň gatnaşmagynda konsert hem gurnalypdyr.

“Türkmenistanyň medeni günleri” atly bu çäreler 29-njy noýabrda Waşingtondaky Smitsonian institutynda Türkmenistanyň taryhy eserlerine bagyşlanan ýörite sergi bilen dowam edýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG