Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Gorkide, 23-nji dekabr.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýete eden saparynyň dowamynda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin we prezident Dmitriý Medwedew bilen duşuşdy. Gepleşikleriň gün tertibinde ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli esasy meseleler barada pikir alşyldy. Bu barada Orsýetiň döwlet mediasy habar berdi.


23-nji dekabrda Moskwanyň aeroportuna baran prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Krasin garşylady. Berdimuhamedow günüň dowamynda Nowo-Ogarýowoda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin we Moskwanyň etegindäki Gorkiý şäherinde prezident Dmitriý Medwedew bilen duşuşyk geçirdi.

Söwda we energiýa

Resmi maglumatlara görä, gepleşikleriň gün tertibinde söwda-ykdysady, ýangyç-energiýa we medeni-gumanitar meslelere garaldy. Gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň soňky ýylda 30% ýokarlananlygy habar berildi.

Söwda gatnaşyklary we ilkinji nobatda gaz söwdasy Berdimuhamedowyň Wladimir Putin bilen gepleşikleriniň esasy temasy boldy. Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin iki ýurduň gaz öndürijiler hökmünde özara umumy bähbitleriniň bardygyny belledi.

Orsýet Türkmenistanyň iri söwda ýaranlarynyň biridir, emma degişli görkezijiler boýunça iň ýokary orunda duranok. Turkmenistan.RU neşiriniň habar bermegine görä, duşuşykda “Türkmenistanyň daşary ykdysady hyzmatdaşlarynyň arasynda Orsýetiň öz liderlik ornuny Hytaýa aldyrandygy” bellenilipdir we bu ugur boýunça perspektiwanyň uludygy agzalypdyr.

Türkmen-ors söwda gatnaşyklarynyň uly bölegini Türkmenistanyň Orsýetiň regionlary bilen alyp barýan göni hyzmatdaşlygy emele getirýär. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda Orsýetiň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 188 kärhana hasaba alnan we 180-e golaý inwestision proýekt amala aşyrylýar.

Içerki syýasat

Geçirilen gepleşiklerde ýurtlaryň içerki syýasy yagdaýlaryna hem üns berildi. Medwedew Berdimuhamedowyň bu saparynyň hem Orsýetiň, hem Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk görýän pursatyna gabat gelendigini belledi we muny “jogapkärçilikli syýasy döwür” diýip atlandyrdy.

Türkmenistanyň we Orsýetiň ýolbaşçylarynyň arasynda Moskwada geçirilen resmi gepleşikler çäkli düzümde geçirildi. Gepleşiklerde ýurtlaryň arasynda bar bolan özara gapma-garşylykly meseleleriň näderejede maslahat edilenligi habar berilmedi.

Gepleşikleriň dowamynda mashalat edilen ýene bir temalaryň biri hem Merkezi Aziýada howpsuzlyk we bu ugurda hyzmatdaşlyk meselesi boldy diýlip, habar berilýär. Emma haýsydyr bir ugur boýunça şertnama gol çekilendigi barada häzirlikçe maglumat ýok.

Gapma-garşylykly temalar

Soňky aýlarda bu iki ýurduň arasynda birek-biregiň adyna birnäçe resmi çykyşlar edildi we ol hem köpçülikleýin diskussiýalaryň döremegine sebäp boldy. Özara jedelleriň temasy ilkinji nobatda Hazar regionynyň gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygyna, Hazar deňziniň statusyna we regional döwletleriň harbylaşmagyna degişli boldy. Orsýet Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen geljekki energiýa proýektlerine degişli gepleşiklerini aktiwleşdirmegine garşy çykyş edýär.

Ýene bir tema – goşa raýatlyk meselesi. Berdimuhamedowyň Moskwa saparynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi resmi beýannama ýaýradyp, Orsýetiň habar serişdelerini Türkmenistandaky goşa raýatlyk düzgünleri barada galp maglumat bermekde aýyplady.

Iki ýurduň arasynda goşa raýatlyk ylalaşygy 1993-nji ýylda baglaşylyp, 2003-nji ýylda ýatyryldy. Türkmenistanyň iki pasportly raýatlary bolsa hazire çenli dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Türkmenistanyň prezidentiniň 23-nji dekabrda Orsýete eden sapary ors tarapynyň çakylygy bilen geçirildi. Mundan öň Berdimuhamedow Orsýete 2009-njy ýylda sapar edipdi. Türkmenistanyň prezidenti şol ýylyň dowamynda Moskwada iki gezek bolupdy.
Türkmenistanda ýurduň durmuşyna we syýasatyna degişli meseleler barada ýerli metbugatda türkmen dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerinde hem maglumatlar berilýär. Bular esasan ýurduň içindäki daşary ýurt raýatlaryna we ýurduň daşyna Türkmenistan barada maglumat ýaýratmaga gönükdirilen.

Ýakynda Türkmenistanda rus dilinde çykýan “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine 2012-nji ýylyň ýanwaryndan başlap iňlis dilinde goşundynyň çap edilip başlanjakdygy baradaky habar hem Aşgabadyň bu ugurdaky tagallalaryny has-da artdyranlygynyň bir alamaty bolup göründi.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu çäräniň sebäbini “giň ilat köpçüliginiň ýokary hilli döwürleýin neşirlere bolan islegini kanagatlandyrmak hem-de dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrmak” maksady bilen baglanyşdyrdy.

“Serhetisiz reportýorlar” guramasynyň ýewropa bölüminiň başlygy Ýohan Bihr, bu çärä baha bermezden ozal, çap ediljek neşiriň nähli mazmunda boljakdygyna seretmelidigini aýdýar. Bihriň Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde nygtamagyna görä, gazetiň iňlisçe ýa ýene-de başga bir dilde çykyp-çykmazlygynyň özi hiç bir zady aňlatmaýar:

—Biz türkmen hökümetiniň neşiri iňlis dilinde çykarmak kararyna gelmegini gowy garşylaýarys. Ýöne bu türkmen resmileriniň propagandany giňeltmek, şeýle-de Türkmenistan barada daşary ýurtlara maglumat ýaýratmak usulynyň bir görnüşini döretmek ugrunda ýene-de nobatdaky synanyşygy bolsa, onda munuň hiç bir möhümligi ýokdur. Muny öňegidişlik diýip atlandyryp bolmaz.

Türkmenistanda häzir ençeme dillerde, şol sanda iňlis, rus, fransuz, pars, hytaý ýaly dillerde efire gidýän “Türkmenistan” telekanaly bar. Şonuň üçin Türkmenistanyň daşary ýurt dillerinde neşirleri döretmek işi täze bir çäre däl. Sebäbi dünýäniň köp sanly döwletlerinde daşary ýurt dillerindäki telekanallar we neşirler bar. Muňa mysal hökmünde Eýranyň “PressTW” ýa-da Orsýetiň “RussiaToday” telekanallaryny görkezmek bolar.

Ýohan Bihr soňky döwürde awtoritar režimli döwletleriň dünýäniň gözünde özleriniň abraýyny artdyrmak üçin, daşary ýurt dillerinde metbugat çykarmak meýlini güýçlendirendigini aýdýar:

—Häzir Hytaý hem iňlis dilinde işleýän global media kanallaryny döretdi. Bu ýerde bir täsin fakt bar. Bular ýaly awtoritar režimli döwletler dünýäniň ünsüni özüne çekip, özlerine bolan garaýyşlary gowulandyrmak ugrunda tagalla edýärler. Ýöne men bu propaganda hiç kim aldanmazmyka diýýärin.

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti 1924-nji ýylyň noýabrynda esaslandyrylypdy. Neşir 1995-nji ýylyň 13-nji dekabryna çenli “Turkmenskaýa iskra” ady bilen çykyp, şondan bäri ol “Neýtralnyý Turkmenistan” diýlip atlandyrylýar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG