Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Berdimuhamedow diktatorlaryň sanawynyň 6-njy setirinde ýerleşdirilipdir.

“Parade” žurnaly dünýäniň iň zalym diktatorlarynyň sanawyny çap etdi. Bu sanawdaky aýatda diri gezip ýören 10 diktatoryň biri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Žurnal Berdimuhamedowy diktatorlaryň arasynda 6-njy orunda goýupdyr.


Redaksiýasy Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Parade” žurnalynyň dünýäniň iň zalym diktatorlary boýunça düzen sanawy Demirgazyk Koreýanyň ýaňy-ýakynda ýogalan ýolbaşçysy Kim Çen Irden başlanýar, Zimbabweniň ýolbaşçysy Robert Mugabe bilen hem tamamlanýar. Sanaw şeýle-de Eritreýanyň, Sudanyň, Özbegistanyň, Siriýanyň, Mýanmanyň, Türkmenistanyň, Kubanyň, Ekwatorial Gwineýanyň, Wenesuelanyň ýolbaşçylaryny öz içine alýar.

Berdimuhamedow diktatorlaryň sanawynyň 6-njy setirinde ýerleşdirilipdir. 1997-nji ýylda saglygy saklaýyş ministri, 2001-nji ýylda bolsa hökümet baştutanynyň orunbasary wezipelerine bellenen Berdimuhamedowyň bu wezipelerde bolan döwri ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň keselhanalary ýapmak ýaly aýylganç kararlaryny durmuşa geçiren adamdygy bellenýär.

Ýurduň tebigy baýlyklaryna garamazdan, 58%-e golaý ilatynyň garyplyk derejesinden pes şertlerde ýaşaýanlygy hem aýdylýar.

Nyýazow ýogalansoň, wagtlaýyn prezidentiň wezipesini ýerine ýetiren Berdimuhamedowyň bu wezipäni eýelän adamynyň prezidentlige ymtylmagyny gadagan edýän milli kanuny üýtgedip, saýlawlarda sesleriň 89%-den gowragyny alandygy hem agzalýar.

Žurnal Berdimuhamedowyň daşary syýasaty bilen baglylykda Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň gurlandygyna we ýurduň Pekindir Moskwa bilen syýasy gatnaşyklaryna ünsi çekýär.

600-den gowrak Ýekşenbe gazetleri tarapyndan ýaýradylýan “Parade” žurnalynyň çap eden “diktatorlaryň sanawynyň” 3-nji setirini Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow eýeleýär.

Awtoritarlygyň dürlüligi

“Parade” žurnalynyň çap eden “diktatorlaryň sanawynyň” 3-nji setirini Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow eýeleýär
“Parade” žurnalynyň çap eden “diktatorlaryň sanawynyň” 3-nji setirini Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow eýeleýär
Halkara sanawlarynda we hasabatlarynda, adatça, Özbegistan we Türkmenistan dünýä derejesindäki iň awtoritar döwletleriň biri diýlip atlandyrylýar. Muňa garamazdan, regional bilermenler iki ýurduň syýasy sistemalarynyň we döwlet baştutanlarynyň ýurdy dolandyryş usullarynyň birek-biregiňkiden tapawutlanýanlygyna ünsi çekýärler.

Fransiýada ýaşaýan özbegistanly syýasaty öwreniji Kamolitdin Rabbimow 30 million ilatly Özbegistanda, 5-6 million ilatly Türkmenistana garanda awtoritar režimi ýöretmek has kyn diýip, pikir edýär:

—Türkmenistanyň ýolbaşçylary öz režimini saklamak üçin ýurduň ýapyklygyndan we üzňeliginden peýdalanýan bolsalar, Karimow öz häkimiýetini rehimsizligi bilen saklap gelýär. Özbegistanda awtoritarlyk has berk diýip, hasap edýärin. Syýasy tussaglaryň sany režimiň berkligini görkezýän alamatlaryň biridir. Özbegistanda 15 müňe golaý syýasy tussag bar.

Türkmenistana demokratiki we graždan azatyklary boýunça-da dünýä derejesinde ýyllar boýy erbet baha berlip gelinýär.

Britaniýanyň “Economist Intelligence Unit” guramasynyň 2011-nji ýylda dünýäde demokratiýanyň ýagdaýy boýunça çap eden hasabatynda hem Türkmenistan awtoritar režimli we demokratiýa taýdan iň pes derejeli ýurtlaryň biri diýlip atlandyryldy.

Hasabata görä, demokratiýanyň derejesi boýunça Türkmenistandaky ýagdaý halkara derejesinde diňe Çad we Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlardan azajyk ganymat.
GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Minskde, 20-nji dekabr.
Ýakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna öz synçylaryny ibermek kararyna geldi. Bu barada GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi. Bu mesele Arkalaşygyň penşenbe güni Minsk şäherinde geçirilen maslahatynyň gün tertibine goýuldy we GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew synçylar missiýasynyň başlygy edip bellenildi.

Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlaryna diňe Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institut ýaly ýerli jemgyýetçilik gurama tarapyndan gözegçilik edilmez, oňa halkara ekspertleri we gözegçileri hem syn ederler diýip, TDH gullugy ýazdy.

GDA-ly synçylaryň obýektiwlik derejesi

Emma Astanadaky Ýewroaziýa milli uniwersitetiniň professory Saparbaý Jubaýew bu komissiýanyň saýlawlaryň adalatly geçmegine peýdaly boljakdygyna ynanmaýar. Ol bu hakda şeýle diýdi:

—Sebäbi GDA döwletleriniň özi entek doly demokratik ýola düşmedik ýurtlar. Şonuň üçin olar haýsy ýurda barsalar hem hemmesi gowy diýen netijä gelýärler. Eger-de saýlawlar geçirilýän döwletiň özünde demokratiýalaşmak niýeti bolmasa, GDA-nyň synçylaryndan peýdaly hiç zada garaşyp bolmaz.

Özbegistanly garaşsyz žurnalist Abdurahman Taşanow bolsa GDA-dan baran synçylaryň obýektiwlik derejesiniň pes bolýandygyny aýtdy:

—Sebäbi olaryň özleri Türkmenistan ýaly awtoritar režimli döwletlerden. Olar öz ýaşaýan ýurdunyň ýagdaýyna görä, saýlawlara syn edýärler. Emma bu saýlawlara demokratiýanyň ösen döwletlerinden Günbatardan, Ýewropadan ýa-da Amerikadan synçylar gatnaşsalar, saýlawlaryň adalatly geçmegi üçin peýdaly bolardy.

2012-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Gyrgyzystanda prezident saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlarda GDA-nyň synçylarynyň aktiw rol oýnamandyklaryny, diňe hökümetiň pozisiýasy bilen ylalaşandyklaryny gyrgyzystanly garaşsyz ekspert, ýurist Kubat Hojanalyýew ýatlaýar. Ol Türkmenistana barjak komissiýanyň düzüminde kimleriň boljagynyň möhüm rol oýnajakdygyny belleýär.

“Içerki işlere goşulmazlyk”

Emma 20-nji dekabrda Moskwada geçirilen GDA döwletleriniň liderleriniň resmi bolmadyk sammitinde GDA-nyň ýerine ýetiriji başlygy Segeý Lebedew GDA agza ýurtlardaky saýlawlarda Günbataryň synçylarynyň diňe kemçilikleri tapmagy maksat edinýändiklerini belledi. Ol Günbataryň synçylaryndan tapawutlylykda GDA agza ýurtlardan saýlawlara baran synçylaryň obýektiwligi we ýurduň içerki işlerine goşulmazlyk ýaly prinsipleri goldamalydygyny aýtdy.

Emma garşsyz ekspert Kubat Hojanalyýewiň pikirine görä, islendik gapma-garşylyk ösüşiň esasy hasaplanýar.Ol bu barada öz pikirini şeýle beýan edýär:

—Saýlawlarda dürli pikirler aýdylmaly. Olara reaksiýalar bolmaly. Şonda ösüş bolýar. Diňe bir şahsyýeti öwmek bilen ýurtda nähilidir bir özgerişlik gazanyp bolmaz. Ýurtda nähilem bolsa hereket bolmaly. Hereket bolmasa, ýurdy durgunlylyga getirer. Şonuň üçin hökman gapma-garşylyk bolmaly. Gapma-garşylygyň sebäplerini öwrenmek we ol ýagdaýdan çykmagyň ýollaryny yzarlamak bilen ýurdy geljekki kynçylyklardan halas edip, özgertse bolar.

Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek saýlawlara hödürlenen dalaşgäriň sany häzir 15-den geçdi. Türkmen häkimiýetleri bu saýlawlaryň aç-açan we adalatly geçjekdigini nygtaýarlar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG