Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanda bu ýyl adam hukuklary meselesinde nähili üýtgeşme boldy?
2011-nji ýyl taryha gidýär. Türkmenistanda bu ýyl adam hukuklary meselesinde nähili üýtgeşme boldy? Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu barada Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Tutuş bir ýyllap çap eden materiallaryňyzdan görnüşine görä, siz ýene bir ýyl Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etdiňiz. Siziňçe, şu ýyl bu meselede nähili oňyn özgerişlikler boldy?

Farid Tuhbatullin
Farid Tuhbatullin
Farid Tuhbatullin: Hawa, biz öz güýjümiziň ýetdiginden Türkmenistandaky ýagdaýlary yzarlamaga çalyşdyk, ol ýerdäki kärdeşlermiz bize örän uly kömek edýärler. Elbetde, adatça bolşy ýaly, bu ýyl hem Türkmenistanda demokratiki özgerişleriň geçirilýändigi, täze kanunlaryň, düzgünnamalaryň kabul edilýändigi barada ýeterlik beýanat edildi. Ýöne durmuş ýüzünde, biz synlap otyrys, gynansak-da, gowulyga tarap özgerişlik gözümize ilmedi. Hususan-da türkmen-rus goşa raýatlygy bolanlara basyş güýçlendi, ýene studenleriň ýurtdan çykmagyna päsgelçilik döredildi, bu gezek Täjigistanda okaýan studentleri ýurtdan goýbermediler. Eger şunuň faktlary sanasak, olar adam hukuklaryny goramagyň gowulanýanlygy barada aýydalan sözlerden, beýanatlardan has kän.

Azatlyk Radiosy: Käbir pikirlere görä, şu ýyl Türkmenistanyň ilatynda, hususan-da ýaş, internetden baş çykarýan adamlarda, informasiýa, maglumat ýaýratmak meselesinde öňki ýyllarda bolmadyk kän göze ilmedik janlanma boldy. Siz özüňize ýurt içinden gelýän habarlaryň sany bilen baglylykda ýaşlaryň adam hukuklaryna, öz hukuklaryna düşünmek we hereket etmek pozisiýasynda üýtgeşme görmeýärsiňizmi?

Farid Tuhbatullin: Bu dogrudanam şeýle boldy, hawa, häzir, mysal üçin, biziň guramamyza Türkmenistandan we daşary ýurtlarda okaýan ýa işleýän türkmenistanlylardan gelýän hatlaryň sany köpeldi. Bu bir tarapdan begendirýär. Sebäbi adamlar informasiýanyň uly ähmiýetiniň bardygyna, eger problemalar barada gürrüň edilse, olaryň haýsam bolsa bir ýagdaýda çözülip başlanjagyna ýa häkimiýetleriň olara üns berjegine nähilem bolsa düşündiler. Bu ýagdaý esasanam Abadan betbagtçylygy mahalynda aýratyn göze ildi. Şonda adamlar bize wideo ýazgylary, faktlary iberdiler, ýagdaýy düşündirmäge çalyşdylar. Biz ol materiallaryň hemmesini diýen ýaly öz internet saýtymyzda goýduk we diňe Türkmenistanyň ilatynyň işjeňligi netijesinde Abadan baradaky hakykat ýurt daşyna çykdy hem daşary ýurt habar serişdelerine ýetip bildi. Onsoň türkmen häkimiýetleri bu betbagtçylygy boýun almaga mejbur boldular.

Golaýda bolsa, Orsýetde okaýan türkmen studentleriniň bir bölegi bize Moskwa aeroportundan wideo ýazgy iberip, özleriniň kanikulda öýlerine gitmekde uçran bökdençlikleri barada habar berdiler. Olar şol wideo arkaly häkimiýetlere ýüzlenip, bu problemanyň çözülmegine umyt baglan bolarly. Ýöne şeýle işjeňligiň peýda bolandygyna garamazdan, häkimiýetler ýurtdan öz islemeýän habarlarynyň çykmak we halkara jemgyýetçiliginiň olar barada bilmek mümkinçilikleriniň öňüni almak barada has köp alada edýärler. Mysal üçin, biziň maglumatlarymyza görä, Abadan betbagtçylygyndan soň olar bu maglumatyň nireden syzyp çykandygyny, olary kimiň daşary ýurtda iberendigini anyklajak bolupdyrlar, howpsuzlyk gullugy bu ugurda belli bir iş geçiripdir. Ýöne ilat, ilkinji nobatda hem ýaşlar, häzirki zaman tehnologiýasy arkaly, şeýle ýollaryň we mümkinçilikleriň bardygyna göz ýetirdi. Onsoň men gelýän ýylda hem adamlaryň adam hukuklarynyň bozulyşy baradaky faktlary daşary ýurtlara ibermekde bu mümkinçiliklerden barha we barha köp peýdalanjagyna umyt baglaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Farid, siz türkmen häkimiýetleriniň ýurtda adam hukuklary bilen bagly hakyky ýagdaýyň halkara jemgyýetçiligine belli bolmazlygy barada alada edýändigini aýtdyňyz. Eýsem bu ýylda halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanda bolýan zatalara çemeleşmesinde nähili üýtgeşme boldy? Olar bu ýyl Türkmenistanyň adam hukuklary barada alan halkara borçlaryny ýerine ýetirmegini ýeterlik talap etdilermi?

Farid Tuhbatullin: Hawa, elbetde, biz halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistnada bolýan zatlara bildirýän reaksiýasyna hem syn edýäris. Olaryň belli bir dokumentleri kabul edýändigini aýtmak gerek. Men ÝB, ÝHHG, BMG-niň adam hukuklary komiteti ýaly guramalary nazarda tutýaryn, olar Türkmenistanyň öňünde ol ýa-da beýleki ýiti durýan problemalar boýunça belli bir talap hem goýýarlar.

Ýöne şol bir wagtda Ýewropanyň türkmen gazyny almak, şeýle-de NATO-nyň we beýleki güýçleriň Türkmenistany haýsydyr bir strategiki operasiýalar üçin ulanmak ähtimallygy bilen bagly umydy Türkmenistandan edilýän talabyň gowşamagyna getirýär. Onsoň men, ozalam bolşy ýaly, hemme zat halkyň özüniň häkimiýetlere talapkärçilikli çemeleşmesine bagly bolar diýen pikirimi gaýtalamak isleýärin. Şonda, elbetde, ýurt içinde ilatyň protest meýliniň ösüşine barabarlykda halkara jemgyýetçiliginiň hem türkmen häkimiýetlerine edýän basyşy güýçlener.

Azatlyk Radiosy: Farid, saýlawlarda galplyga ýol berilmegi käte halk protestleriniň birden güýçlenmegine sebäp bolýar. Şeýle ýagdaý golaýda Orsýetde hem boldy. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan prezident saýlawlaryna barýar. Siziňçe, Türkmenistan bu saýlawlarda ilatyň saýlamak we saýlanmak hukuklary meselesinde ilerleme görünýärmi?

Farid Tuhbatullin: Ýok, gynansak-da bu bolmady, ýogsa biz garaşdyk. Ýadyňyzda bolsa, prezident Berdimuhamedow oppozisiýany hem saýlawa goýberjegini aýdypdy. Emma şu wagt prezidentlige jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hödürlenen 13 çemesi kandidat barada gürrüň edilýän hem bolsa, olaryň arasynda azajygam bolsa oppozision garaýyşly kandidatyň bolmagy barada bolsa sözem ýok. Prezidentiň syýasy partiýalar barada wada beren kanuny hem kabul edilmedi. Şeýle kanun bolsa, ýene bir partiýa hasaba alnyp, öz kandidatyny hödürläp biljekdi. Onsoň bu ýagdaý türkmenistanlylaryň saýlawdan, seçgiden mahrumdygyny görkezýär.
Ýerli synçylaryň käbiri prezident saýlawlary babatda geçirilýän häzirki çäreleriň 2007-nji ýyldaky çäreler bilen deňeşdirilende biraz tapawutlanýandygyny aýdýar.
Türkmenistanda geljek ýylyň fewralynda boljak prezident saýlawlaryna taýýarlyk görülýär. Bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka bagyşlanyp guralýan dürli-dürli çäreleriň arasynda prezidentlige dalaşgärlige hödürlenen syýasatçylaryň goldawyna geçirilýän ýygnaklar hem bar. Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty bu ýygnaklary türkmen jemgyýetçiligine mahsus bolan demokratiki ugur hökmünde häsiýetlendirýär.

Türkmenistanda hökümetiň goldawynda geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäreleri, adatça, köp adamly bolýar. Şol bir wagtda bu hili çärelere asla gatnaşmaýan adamlaryň hem bardygy aýdylýar. Eýsem, Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlaryna bagyşlanan ýygnaklara esasan kimler we näme üçin gatnaşýar? Ýa-da bolmasa, bu çärelere gatnaşmaýan adamlar näme üçin şeýle möhüm wakadan çetde durýar?

Saýlaw çärelerine kim gatnaşyp, kim gatnaşmaýar?

Aşgabatda ýaşaýan publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň ynanjyna görä, bu ýygnaklara gatnaşýanlar hakykatda öz ýürekden goldaýan kandidatlaryna goldaw bermek üçin ýygnanan adamlar däl-de, eýsem, döwlet edaralarynda işleýän, ýa-da bolmasa “jemgyýetçilik guramasy” diýlip atlandyrylýan gurama agza bolup durýan adamlar:

—Ýokardan berlen görkezme esasynda ýygnanýarlar, SSSR döwründäki partiýa ýygnagyna gatnaşyşlary ýaly gatnaşýarlar, SSSR döwründe ilkinji partiýa guramasynyň ýokardan hödürlenen adamy şol ilkinji gurama partorg ýa-da komsorg saýlaýyşlary ýalagam saýlaýarlar.

Bugaýew özüniň we özi ýaly pikirlenýän intellegensiýa agzalarynyň köplenç bu hili ýygnaklara gatnaşmaýandygyny aýdýar. Ýurduň has töwerekleýin pikirlenmäge ukyply hasaplanýan döredijilik adamlarynyň arasynda şeýle pozisiýanyň, ýagny ýurduň durmuşyndaky wajyp wakadan çetde durmak endiginiň erjellik bilen saklanyp galmagynyň sebäbi näme? Publisist Bugaýew bu soraga “şeýle syýasy oýna şärik bolasym gelenok, şonuň üçinem gatnaşamok” diýip jogap berdi. Ol özi ýaly pikirlenýän, ýa özünden has çuň, aýdyň pikirlenýän adamlaryň hem bu hili ýygnaklara özüniňki ýaly niýet bilen gatnaşmaýan bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar.

Saýlaw çärelerinde tapawut, üýtgeşme barmy?

Ýerli synçylaryň käbiri prezident saýlawlary babatda geçirilýän häzirki çäreleriň 2007-nji ýyldaky çäreler bilen deňeşdirilende biraz tapawutlanýandygyny aýdýar. Mysal üçin, öňki gezek mejlisler zalyna ýygnanan Halk maslahaty 13 çemesi adamy kandidatlyga görkezip, şolardan 6-synyň prezidentlige dalaşgär bolmak üçin ýeterlik ses alandygyny yglan edipdi. Bu gezek, her hilem bolsa, prezidentlige kandidat hödürlemek ýa olara goldaw bildirmek ýurduň dürli ýerlerinde, dürli kärdäki adamlaryň gatnaşmagynda, halka öňki gezekkä garanda has golaý esaslarda geçirilýär diýip, synçylar belleýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary baradaky kanun 2006-njy ýylyň 26-njy dekabrynda, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow ýogalandan birnäçe gün soň çap edilip, onda prezidentlige kandidatlaryň Halk maslahaty tarapyndan hödürlenýändigi aýdylypdy. Soň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk maslahatyny ýatyrdy. Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary baradaky kanunyň 2011-nji ýylyň iýunynda çap edilen nusgasynda prezidentlige kandidatlaryň syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, inisiatiwa toparlary tarapyndan hödürlenýändigi aýdyldy.

Ýazyjy Bugaýew Türkmenistanda “saýlawlar”, “prezidentlige alternatiw kandidat hödürlemek”, “dalaşgärlere goldaw bildirmek” diýen ýaly sözleriň radio-telewideniýede aýdylmagynyň, gazetlerde ýazylmagynyň hem, kiçijigem bolsa, öňegidişlikdigini aýdýar. Onuň pikiriçe, geçen gezekki saýlawlarda alternatiw kandidatlar 10 prosente golaý ses alan bolsa, bu gezekki görkezijileriň biraz köp bolmagy hem mümkin. Sebäbi ol bu gezek olar barada öňki gezekkä garanda giňräk gerimde gürrüň edilýändigini aýdýar.

Saýlawlarda kimiň ýeňmegine garaşylýar?

Bu tapawutalaryň saýlawlaryň garaşylýan netijelerine ýetirjek täsiri nähili bolar? Ýerli synçylaryň köpüsi bu meselede uly tapawuda asla garaşmaýar. Amanmyrat Bugaýew häzir dalaşgärlige hödürlenýän adamlar hakynda gowy, öwgüli gürrüňler edilýän hem bolsa, saýlawlarda sesleriň 90 prosente golaýyny häzirki prezidentiň aljagyny çaklaýar. Bu pikir bilen tejenli agronom Akmyrat Ataýew hem ylalaşýar:

—Men geljekki prezident saýlawlarynda häzirki prezidentimiz ýeňer diýen pikirde, sebäbi onuň propagandasy ýokary bolar we şol ýeňdi ederler, halkyň parhsyzlygy şoňa elter.

Türkmenistanda prezident saýlawlary her bäş ýyldan geçirilýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG